Daýhanlar hasyl 'howp astynda' diýýär, prezident 'bal-bal' wadasyny gaýtalaýar

Mary sebitindäki gowaça meýdany

Zeýd suw howdany düýpden idegsiz, taşlanan hala düşdi, ulanyşyň iň ýönekeý kadalary hem saklanmaýar diýip, suw hojalyk edarasynyň ozalky işgärleri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Olaryň sözlerine görä, bu pudak doly kadr heläkçiligine uçrady, "hünärmenler" iň ýönekeýje zatlary hem bilmeýär.

Mary sebitiniň Garagum etrabynyň potratçylary ýerli häkimlige baryp, öz ekin ýerlerindäki gowaçalaryň mundan öň görlüp-eşidilmedik derejede guraýandygyny aýtdylar.

"Biziň ekin ýerlerimiz ilkibada suwsuz, dökünsiz galdy, häzir bolsa yssy howa çydaman, gögeren gowaçalarymyz hem guraýar" diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy bilen anonimlik şertinde we aýry-aýrylykda gürleşen daýhanlar ýyllar boýy dowam edýän kynçylyklardan zeýrendi.

Olaryň sözlerine görä, edil häzir suw berseň-de, gowaçany halas etmek mümkin bolmasa gerek.

Bu habar Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2-nji iýunda geçiren iş maslahatynyň yz ýanyndan geldi. Adatça bolşy ýaly, prezident ýene bir gezek döwletiň daýhanlary ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary we suwaryş suwy bilen doly üpjün edýändigini ynandyrmaga çalyşdy.

Degişli maglumat Häkim prezidenti aldaýarmy ýa-da olar bileleşip, özlerini aldaýarlar?

"Biz gowaçanyň munuň ýaly köpçülikleýin guraýşyny ilkinji gezek görýäris" diýip, öz hasabyna otagçy tutan kärendeçi eken gowaçasynyň ýagdaýyny gysgaça şeýle düşündirdi:

"Otag edýän adamlar keşiň ol başyna çalt çykdylar we täze keşe geçip, yzlaryna ýene çalt geldiler. Men haşal ot az bolansoň, çalt otajaklar diýip, içimden pikir etdim. Emma otagçylar gelip, 'gowaçaňyz saralyp, gurap ýatyr, süllerip oturanlary hem kän' diýdiler. Bu söze ynanman, potradymyň aňry başyna çenli aýlanyp çykdym. Dogrudanam, gowaçalar ölüpdir" diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran daýhan aýtdy.

Etrap häkimligine baryp, gowaçanyň ýagdaýyny aýdan kärendeçileriň köpüsiniň ynanjyna görä, gowaçanyň beýle köpçülikleýin ýagdaýda guramagynyň iki sany esasy sebäbiniň bolmagy mümkin: birinji sebäp – hökümetiň ekişde ulanan tohumlarynyň has gowşak bolmagy, ikinji sebäp – gowaça wagtynda suw berilmezligi.

Azatlygyň habarçylary kärendeçileriň suw kösençlikleri, sorujy ýa nasos problemalary, suw desgalarynyň idegsizligi barada ýylyň-ýylyna habar berýärler, emma häkimiýetler bu zeýrençleri umumy sözde ret edýärler.

"Biz häkimlige baryp, 'birdenkä galanja gowaçamyz hem gurap, potrat ýerlerimiz takyrap galsa, bizden däldir' diýip, öňünden arza ýzamaga gelendigimizi aýtdyk" diýip, Azatlygyň 50 ýaşlaryndaky söhbetdeşi nygtady.

Degişli maglumat Oba adamlary ýene goragsyz galdy: çekirtgeler hüjüm edýär, hökümet dymýar

"Soň günäni üstüne oklamaga adam tapman, her ýylda potratçynyň boýnuna ýükleýişiňiz ýaly bolmasyn, biz öňünden aýdýarys" diýip, häkimlige baran adamlar aýtdylar.

Emma häkimlik arza baran adamlaryň ýazan arzalaryny kabul etmedi. Muňa derek, "suw kän, näçe içirseňiz içiriberiň, gowaçaňyzy ýalyndan goramak üçin üstüni ot-çöp bilen ýapyň, şonda gün urmaz" diýip, häkimligiň bir işgäri daýhanlara akyl-maslahat berdi.

Nämä garaşsalar-da, daýhanlar häkimlikden beýle akyl-maslahata garaşmandylar.

"Munuň diýýän zady hiç akyla sygar ýaly däl, şu epgegiň içinde o giden meýdanyň gowaçasyny ot-çöp bilen basyryp çykjak bolsaň, başga dert däl; howanyň yssysyny göreňokmy, şu wagt baryp, potrat ýerimiň gyrasyndaky bagyň aşagynda 4 sagat oturyp bilseň hem meniň zat bilmedigim, sen ol meýdanlary öz salkynjak iş jaýyňdyr öýtdüňmi?" diýip, bir kärendeçi häkimligiň işgärine berk jogap berdi.

Ikinji kärendeçi bolsa, "onda biziň ekini ot-çöpden arassalap, otag etmegimiz gerek däl-dä? Sen öz bilmeýän zadyňy bilýänden bolup gepleme! Belki, potraryňyzyň üstüne, gün düşmez ýaly, nawes tut hem diýersiň? Biz bu ýere gowaçamyzyň guraýandygyny aýdyp, arza bermäge geldik. Bize şu wagtdan gowaçany nädip halas edip boljakdygyny aýdyň, hünärmen getiriň" diýdi.

Gysgaça aýdylanda, kärendeçiler häkimlikden guraýan gowaça meselesinde çäre tapmaklaryny talap etdiler.

"Eger-de çäre tapmasaňyz, elimizdäki potrat ýerimizi taşlamakçy, kime berseňiz, şoňa beriň" diýip, etrap häkimligine ýygnanan adamlar aýtdy. Halka häkimiýetden hiç hili kömek ýok, ähli problema adamlaryň özleri çözgüt tapmaly, hökümet diňe halkdan para, pul çöplemeli bolanda batyrlanýar" diýip, Garagum etrabynyň häkimligine arza baran daýhanlaryň biri Azatlyga gürrüň berdi.

Degişli maglumat Prezident täze suw desgalaryny synlap, Azatlygyň suw habaryna reaksiýa bildirdi

Türkmenistanda ekin ekýän daýhanlar bilen hökümet resmileriniň aýdýan zatlary köplenç düýpden çapraz gelýär. Döwlet baştutanynyň düýn geçiren iş maslahatynda tassyklamagyna görä, öňki ýyllarda aýdylyşy ýaly, bu ýylam "edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde", ýurduň welaýatlarynda "bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi".

Emma Azatlygyň oba hojalygyndaky ýagdaýy gowy bilýän, bu ugurda işlän habarçysy bu ýyl hasylyň derejesiniň örän pesdigini, hususan-da pagta we şaly hasylynyň ýaramaz boljakdygyny, sebäbi suw howdanlarynyň tasdan boş ýatandygyny habar berýär.

Zeýd suw howdany düýpden idegsiz, taşlanan hala düşdi, ulanyşyň iň ýönekeý kadalary hem saklanmaýar diýip, suw hojalyk edarasynyň ozalky işgärleri habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Olaryň sözlerine görä, bu pudak doly kadr heläkçiligine uçrady, "hünärmenler" iň ýönekeý zatlary hem bilmeýärler.

Azatlygyň dürli ýyllarda söhbetdeş bolan hünärmenleriniň tassyklamagyna görä, ýurduň oba hojalygynda dörän agyr ýagdaý ozaly hünärmenleriň bilim-taýýarlygy, ýerleriň kärendeçilere oýlanyşyksyz paýlanmagy, ekerançylyk ýerleriniň sandan çykarylmagy we bu ýagdaýa ýeterlik gözegçilik edilmezligi, hökümetiň netijesiz oba hojalyk syýasatyny üýtgetmän saklamagy bilen bagly.

Ýene bir mesele bolsa, Murgap suw howdanyny arassalamak üçin hem Amerikan ilçihanasy zemsnarýad sowgat berdi, emma hökümet milliardlarça dollar serişdäni netijesiz taslamalara harçlap, oba hojalyk işlerini durşuna mejbury zähmete öwürdi diýip, ýerli hünärmenler aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.