Aşgabatda 'ajaýyp konsert' boldy, diňleýjiler 'hakykata immunitetini ýokarlandyrdy'

Meşhur türkmen aýdymçysy Maýsa Nyýazowa ýaşlar orkestri we Nury Nuryýew bilen. Aşgabat, maý, 2021.

Maýsa Nyýazowanyň ýurduna dolanyp gelip, Aşgabatda jaz aýdymlaryny aýdyp başlan döwri ýurtda häkimiýet çalşyp, täze prezidentiň edebiýat we sungat işgärlerinden "täze, ilhalar" eserleri döretmegi talap edip başlan wagtyna gabat geldi.

Azatlygyň habarçysy 23-nji maýda Aşgabatda aýdym-saz muşdaklaryny örän begendiren medeni täzeligiň, ýaşlar orkestriniň we ilhalar aýdymçy Nury Nuryýewiň gatnaşmagynda, ýurtda barha tanymallygy artýan aýdymçy Maýsa Nyýazowanyň ajaýyp konsertiniň bolandygyny habar berýär.

Degişli maglumat "Türkmenistanda aýdym-saz senedi syýasylaşdyrylýar"

Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, Maýsa Nyýazowa ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynda işleýär we onuň konsertine Aşgabatdaky daşary ýurt ilçihanalarynyň işgärleri hem tomaşa etmäge geldi.

Konsertden soň habarçy bilen pikirini paýlaşan tomaşaçylaryň käbiri aýdymçylaryň işine bir sözde "ýokary dereje!" diýip baha berse, beýleki biri "Açyk howadan dem almak" hökmünde häsiýetnama berdi.

"Söýginiň taryhy" atly konsert geçen ýyl karantin sebäpli başa barmady, ygrarly tomaşaçylaryň uzak garaşan aýdymlary ahyrynda 23-nji maýda, "Türkmenistan" kino-konsert zalynda ýaňlandy diýip, habarçy sözüni dowam etdirýär.

"Bu şatlygyň nähilidir bir sazlaşygy boldy" diýip, konsertden çykan zenanlaryň biri aýtdy.

Türkmenistanda soňky otuz ýylda aýdym-saz hem aşa syýastlaşdyryldy we olarda köplenç şol bir adamlar wasp edilýär.

Ýöne bu gezek "saz lezzetini" reallyga bolan "immunitetin ýokarlandyrmak" üçin, ýene we ýene almaga taýyn adam kändi diýip, habarçy aýdymçynyň söýgi temasyndan ýazylan dünýä belli eserleriň ençemesine solistlik edendigini, olaryň dördüsini tomaşaçylaryň söýgüli aýdymçysy Nury Nuryýew bilen bilelikde ýerine ýetirendigini belleýär.

Degişli maglumat Mejlis prezidentiň 'şahsyýet we maşgala kultuny ýene bir gezek dabaralandyryp', onuň agtygy Kerimgulyny sylaglady

Radio bilen söhbetdeş bolan birnäçe synçynyň bir-birinden bihabar ýagdaýda tassyklamagyna görä, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynda bilim programmalary bilen meşgullanýan we wagtal-wagtal konsert programmalary bilen çykyş edýän, dürli dillerde aýdym aýdýan Maýsa Nyýazowa öz owadan tebigy sesi, ussatlygy bilen köp konsertiň gaýtalanmajak we köptaraply "bezegi" bolup durýar.

Şeýle-de synçylar ýaşlaryň kamera orkestrini döreden, ozal Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrine ýolbaşçylyk eden Rasul Gylyjowyň öz töweregine özboluşöly zehinleri ýygnamak we olary üstünlige ruhlandyrmak ukybyna ýokary baha berýärler.

Habarçy bu aýdym-saz toparynyň iň ýokary derejeli professional sazandalardan düzülendigini, ýöne beýle meşhur bolmandygyny, emma häzir olaryň aýdymlarynyň muşdaklarynyň örän kändigini belleýär.

"Orient" neşiriniň 2019-njy ýylyň oktýabrynda, Maýsa Nyýazowanyň gatnaşan sahawatçylyk konserti bilen bagly çap eden söhbetdeşliginde aýdylmagyna görä, Türkmenistanda barha meşhurlygy artýan aýdymçy türkmen sportunda ady rowaýata öwrülen mergen, köp gezek dünýä çempiony bolan Marat Nyýazowyň gyzy bolup, ömrüniň köp bölegini daşary ýurtda geçiripdir we watanyna 2008-nji ýylda, Aşgabatda häkimiýet çalşandan soň dolanyp gelipdir.

Marat Nyýazow

Hökümetçi neşir onuň ýurduna dolanyp geleninden soň jaz aýdymlaryny aýtmaga başlandygyny aýdyp, Maýsa Nyýazowany "özboluşly aýdymçy" hökmünde häsiýetlendirýär.

Bellemeli ýeri, Maýsa Nyýazowanyň Aşgabatda aýdym aýdyp başlan döwri ýurtda häkimiýet çalşyp, täze prezidentiň edebiýat we sungat işgärlerinden "täze, ilhalar" eserleri döretmegi talap edip başlan wagtyna gabat geldi. Emma soňra ýurtda öňki prezidenti wasp edýän aýdymlaryň ornuny täze prezidenti we onuň ejesini wasp edýän aýdym-sazlar eýeläp, üstesine prezidentiň özi we agtygy hem "meşhur" aýdymçy we sazanda boldy.

Degişli maglumat Aşgabatda Bethoweniň eserleriniň konserti geçirildi

Mundan başga, aýdym-sazda hem öňki ýyllardan gelýän senzuranyň we gara sanawyň saklanyp galýandygy, bagşylaryň käbiriniň gümürtik aýyplamalar esasynda türmä basylandygy belli boldy.

Şu aralykda, prezidentiň karary bilen onlarça adam, şol sanda döwlet baştutanyny şöhratlandyrmakda tanalýan Amangözel Şagulyýewa, Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew dagy ýene-de bir orden-medal bilen sylaglandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.