Şeýle-de, okyjymyz bu uruş barada rus dilinde has kän maglumat berilýändigini belläp, Azatlygyň bu meselä köpräk üns bermegini sorapdyr.
Indiki 9-njy maýa çenli garaşman, Ýeňiş gününden gaty uzaga gitmänkäk, Esgeriň haýyşyny bitirmäge çalyşýarys.
II jahan urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygynyň öňüsyrasynda Birleşen Ştatlarda we Angliýada Şon MakMikiniň "Staliniň urşy: Ikinji jahan urşunyň täze taryhy" atly kitaby çapdan çykdy.
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Rus gullugynyň çap eden söhbetdeşliginde bellenmegine görä, bu monografiýa Wiktor Suworowyň Sowet Soýuzynyň 1941-nji ýylyň tomsunda Germaniýa çozmaga taýýarlanandygy baradaky tassyklamalarynyň günbatar senenamasynda soňky ýigrimi ýylda ilkinji gezek jikme-jik derňelmegi boldy.
Sowet ýyllarynyň okuw kitaplarynda ynandyrylmagyna görä, II jahan urşy şol wagtky german ýolbaşçylarynyň SSSR-e ähdiýalanlyk bilen çozmagy netijesinde başlandy we sowet adamlarynyň 7- milliondan gowragynyň başyna ýetdi. Soň bu aýdylýanlaryň ikisi hem uly ýalanyň bir bölegi bolup çykdy.
Degişli maglumat Türkmenistan weteranlardan 'pul ýygnap', Ýeňşiň 76 ýyllygyny belleýärGeçen asyryň 80-nji ýyllarynda, Mihail Gorbaçewing aç-açanlyk we üýtgedip gurmak döwründe SSSR-iň iň uly üstünlik hökmünde görkezen uly urşunyň daşyndaky uly ýalanlar bir ujundan açylyp başlanda köp adam gulagynyň eşidýänine ynanyp bilmedi.
Ýöne umyt edilen açan-açanlygyň kem-kemden bogulmagy, sowetler döwründe işçi-daýhanlaryň we intelligentsiýanyň agyr zähmeti esasynda döredilen baýlyklaryň häkimiýet başyndakylaryň eline geçmegi, ilat arasynda işsizligiň we aljyraňňylygyň ösmegi ýene adamlaryň hakykata eli ýetmez ýaly bolmagyna alyp geldi.
Şol bir wagtda, soňky ýyllaryň rus metbugatyndaky ýaly açyk ýazylmasa-da, uruş ýyllarynyň ajy hakykatlary Türkmenistanda hem urşa gatnaşan, tylda zähmet çeken adamlaryň gürrüňlerinden, umuman, bilinýärdi. Megerem şu ýagdaý bilen baglylykda, 2013-nji ýyldan başlap bu sene türkmen metbugatynda diňe “1941-45-nji ýyllarda bolan uruş” diýlip atlandyrylyp başlandy.
Emma Türkmenistanyň döwlet metbugaty II jahan urşuny bäş ýyl arakesmeden soň, 2018-nji ýylda ýene, sowet döwründäki ýaly, "Beýik Watançylyk urşy" hökmünde şöhratlandyryp başlady.
Hökümet tankytçylary bu ýagdaýy Kremliň we Putin dolandyryşynyň Aşgabada ýetirýän täsiriniň güýçlenmegi bilen baglanyşdyrýar. Bu täsir geçen ýyl, Aşgabatda II urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy harby parad bilen bellenende hem göze ildi diýip, synçylar belleýär.
TDH-nyň maglumatyna görä, türkmen prezidenti şol gün Orsýetiň goranmak ministriniň Aşgabada sapara gelen orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomin bilen duşuşyp, onuň elinden 2-nji Ukrain frontunyň 206-njy goşun bölüminiň 748-nji polkunyň söweş baýdagyny kabul etdi. Habarda aýdylmagyna görä, prezidentiň atasy Berdimuhammet Annaýew şu polkuň hatarlarynda söweşipdir.
Ýöne bu ýyldaky Ýeňiş baýramy Orsýetdäki syýasy-ykdysady ýagdaýlaryň has çylşyrymlaşmagynyň yz ýanyna gabat geldi; döşi orden-medaldan doly weteranyň zibil dörüp ýören ýagdaýda telewizion kamera düşmegi bilen birlikde, sosial mediada Stalin bolmadyk bolsa, Beýik Ýeňiş-de bolmazdy, uruş hem bolmazdy diýen kinaýaly sözler peýda boldy.
Degişli maglumat Aşgabatda Leningradyň goragçylaryna we ýaşaýjylaryna ýadygärlik gurmak planlaşdyrylýarEmma muňa garamazdan, 20 ýyl häkimiýet başynda bolup, dostlaryny dollarda milliarder etmekde, rus halkyny we döwletini batyrmakda aýyplanýan Wladimir Putin, publisist Dmitriý Miliniň hem belleýşi ýaly, Ýeňiş baýramynda sözlän sözünde gitlerçilere garşy söweşde ýaran bolanlaryň goşan goşandygyny agzaman, "Biziň halkymyz bir bitewidi" diýip, sowet ideologiýasynyň ýalançylygyna dolandy. Faşizme garşy söweşde ýaranlaryň beren kömegi, urşuň ilkinji ýyllaryndaky agyr ýagdaý baradaky gürrüňi dowam etdirmezden öň biraz yza çekilip, Azatlygyň diňleýjileriniň pikirleri bilen tanyşalyň.
Azatlyk radiosy şu gepleşigi taýýarlaýan wagtynda Türkmenistanda gaýtadan, täze göz bilen seredilmedik uruş hakynda çykan soňky maglumatlar barada pikir-garaýyşlaryny sorap, daşary ýurtlarda okaýan, ýaşaýan türkmenleriň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy.
Olaryň birinjisi Stalin bilen Gitleriň bu urşa deň derejede günäkärdigi barada ilkinji gezek 1980-nji ýyllaryň ahyrynda, şol wagtlar uly meşhurlyk gazanan "Ogonek" žurnalyny ýazylyp alan kakasyndan eşidendigini gürrüň berdi.
Azatlygyň ikinji söhbetdeşi hakykatda bu urşuň 1941-nji ýylda däl-de, 1939-njy ýylda başlanandygyny, Molotow-Ribbentrop pakty bilen bagly oýunlary, SSSR-iň baltika ýurtlarynyň, Polşanyň başyna gelen gowgalardaky roluny diňe soňky döwürde bilip galandygyny gürrüň berdi.
Şeýle-de, radionyň 25-35 ýaş aragyndaky söhbetdeşleri uruşdan öň, 1937-38 ýyllarda amala aşyrylan döwlet terrorynyň ýurduň harby güýçlerine uran agyr zarbasy, başarnykly harby kadrlaryň köpçülikleýin ýok edilişi, uruşda ol ýa-da beýleki ýagdaýda ýesir düşen harby gullukçylaryň soň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilişi barada eşidendiklerini, ýöne hiç zat okamandyklaryny aýtdylar.
Şeýle-de, Azatlygyň ýaş söhbetdeşleriniň köpüsi Türkmenistanda urşa kömek üçin ilatdan ýygnalan altyn-kümüş şaý-sepleri, tylda adamlaryň, şol sanda aýallaryň, garrylaryň we ýetginjekleriň çeken agyr zähmetleri hakynda juda az zat bilýär.
Şol bir wagtda, 45 ýaşyndaky türkmen raýaty soňky ýyllarda daşary ýurtda iňlis dilinde okamagy öwrenip, II jahan urşy hakynda Günbatarda aýdylýan zatlary eşidip, mekdep partasynda eşiden zatlaryny sorag astyna almagyň özüne juda kyn düşendigini, bu meselede köp adam bilen jedelleşendigini we ahyrynda uruş barada çyna garanda ýalanyň kändigi bilen ylalaşandygyny gürrüň berdi.
Degişli maglumat Orsýet pandemiýa wagtynda dabaraly "Ýeňiş" paradyny geçirýärEmma Türkmenistanda bu netijä heniz, synçylaryň sözlerine görä, taryhdan mekdepde sapak berýän adamlaryň arasynda hem gelip bilmeýän kän.
Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly mugallym bu ýagdaýy ýurtda II Jahan urşy, onuň mümkin bolan sebäpleri, agyr düşen ýeňşiň nädip gazanylandygy hakynda dürli çeşmelerden ýygnalan we bir-biriniň üstüni ýetirýän maglumatlaryň berilmezligi bilen düşündirýär.
Ilata zerur maglumatlaryň berilmezliginiň sebäbi bolsa, bir tarapdan häkimiýet başynadakylaryň aň-düşünjesi, syýasy-ykdysady we medeni garaýyşlary, Kreml gorkusynyň saklanyp galmagy bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan döwür bilen aýakdaş pikirlenmäge çalyşýan taryhçylaryň, ýazyjylaryň, žurnalistleriň ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrylýar.
Türkmenistan urşa we geçilen taryhy döwre baha bermekde öňki sowet respubliklarynyň tas hemmesinden yza galdy we muňa göz ýetirmek üçin beýleki halklaryň dillerinde degişli temalardan çap edilen kitaplaryň, makalalaryň, beýleki işleriň ýüzleý sanawyna seretmek hem ýeterlik diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan taryhçy mugallym aýtdy.
Onuň pikiriçe, adamlaryň uruş hakyndaky pikirlerini üýtgetmek, olary ozalky eşiden gürrüňlerinden, kän ýyllap ynanan zatlaryndan aýyrmak kyn, sebäbi köp adam muny ozaly günbatar propagandasy hökmünde, halamazlyk bilen kabul edýär.
"Sowet döwründe adamlara islendik başgaça pikire günbatar ýa duşman propagandasy hökmünde garamagy öwretdiler. Bu endik henizem saklanyp galýar. Sebäbi ondan çykmak üçin okamaly, bilmeli, oýlanmaly, köp adamyň oýlanasy, kelle agyrdasy gelmeýär" diýip, radionyň söhbetdeşi aň, akyl ýaltalygynyň uly nesilden kiçi nesle aňsatlyk bilen geçirilýändigini hem sözüne goşdy.
Degişli maglumat Baltik döwletleri Molotow-Ribbentrop Pakty boýunça Russiýanyň taryhy rewizionizmine protest bildirdi"Bu diňe geçmişe däl, şu güne we geljege düşünmäge hem päsgel berýär" diýip, anonimlik şertinde gürleşen mugallym aýtdy.
Şol bir wagtda-da ol ýaşuly adamlaryň köpüsiniň uruşda ölenleriň sany barada aýdylýan zatlara hiç wagt doly ynanmandygyny, ýöne resmi sanlary sorag astyna almakdan hemişe çeke durandyklaryny belledi.
Şeýlelikde, Türkmenistanda şu günki günde hem uruşda ölenleriň sanynyň 7-8 million adam bolandygyna ynanýan ýa-da bu meseledäki gozboýagçylyklara barada pikir edesi gelmeýän, beýle zatlary 'öz işi' hasaplamaýan adam gäty kän diýip, taryhçy aýtdy.
Sowet Soýuzynyň II jahan urşundaky ýitgileri, soňky agzalýan sanlardan çen tutulsa, 42 million adama golaý ýa-da ondan hem kän. Başda aýdylan 7-8 million bilen deňeşdirilende, bu örän aýylganç görkeziji! Ýöne syýasatçylar, taryhçylar, şol sanda žurnalistler we publisistler bu aýylganç gökezijä kem-kemden geldi, ilki ýitginiň 7 däl-de, 15 million adam bolandygy, soň 22 million, 27 million, 30 million... adam bolandygy aýdyldy.
Uly uruş hakyndaky uly ýalan diňe ölenleriň sany bilen hem çäklenmeýär. Frontçy ýazyjy Daniil Graniniň 2017-nji ýylda "Nowaýa gazeta" bilen eden söhbetdeşliginde aýdyşy ýaly, uruşda ýitirilen adamlaryň umumy sany maýyp bolan adamlary, dul galan aýallary, ýetimleri, atasyz ösen çagalary öz içine almaýar, onlarça ýyllap ýeňlip geçilmeli bolan açlyk-horlugy hem öz içine almaýar.
Onuň pikiriçe, Germaniýa çozmaga taýýarlanan SSSR hakyky urşa taýýarlyksyz bolup çykdy, nemesler Stalini barmaklarynyň ujunda oýnadylar. "Olarda ähli zat taýynlanypdyr, bizde bolsa hiç zat ýok. Biz gaçdyk" diýip, Leningrady goran esger nemesleriň kä günler günde 80 kilometr tizlik bilen hüjüm edendiklerini ýatlaýar.
Uruş ýaranlarynyň kömegi meselesinde Graninden düýpden başgaça pikirlenýän Dmitriý Milin SSSR-iň hakyky urşa taýýarlayksyz çykmagynyň sebäbini Staliniň öz režimini saklamagyň hatyrasyna ýurduň ykdysadyýetini gowşatmagy, men diýen harby kadrlary ýok etmegi bilen düşündirýär. Elbetde, Staliniň diňe harby kadrlary ýok etmändigini, harbylardan başga-da kän "halk duşmanynyň" atylandygyny ýa türmelerde çüýrändigini bilýänler bilýär, bilmeýän bilmeýär.
Onuň pikiriçe, diňe onuň hem däl, eger-de Staliniň tutda-baslyklarynyň goşun ýobaşçylygynda döreden bulam-bujalyklary, urşuň öň ýanyndaky 3-nji bäşýyllygyň önümçilik planlaryny puja çykarmak bilen eden kömegi bolmasa, nemesler uşuň başynda beýle kän zyýan ýetirip bilmeli däldi.
Degişli maglumat Aşgabatda 'gahrymanlar' meselesinde garşylyk döredi, Türkmen TW-si bitarap bolmady"Hakykat şundan ybarat, SSSR Ikinji jahan urşunyň ilkinji aýlarynda eýýäm goşun kadrlarynyň ählisini ýitirdi. Soňra parahat ilatdan mobilizlenen, ýaramaz ýaraglandyrylan toparlar söweşdi. Brody şähriniň etegindäki bir tank söweşinde, 1941-nji ýylyň 25-nji iýunyndan 30-njy iýunyna çenli aralykda, uruş başlanyndan bir hepde soň, Gyzyl goşun söweşe gatnaşan 3500 tankyndan 2647-sini ýitirdi" diýip, Milin ýazýar. Onuň pikiriçe, urşuň başynda nemesleriňkä garanda has köp tanky, topy bolan goşunyň beýle çalt ýeňilmeginiň düýp sebäbi 1937-38-nji ýyllaryň stalinçilik repressiýalary, harby ýolbaşçylygyň bulam-bujar edilmegi bilen bagly.
Mundan başga, SSSR-iň tanklarynyň üsti eýýäm 1941-nji ýylyň awgustynda Angliýadan iberilen 400-e golaý "Derwüş" tanklary bilen ýetirilýär.
Emma muňa garamazdan, Milinden tapawutlylykda, D. Granin başga bir ýagdaýa gaty gynanýar. Ol şu günki gün siz üçin uruş hakynda oýlanaňyzda iň agyryly zat näme diýen soraga "Biziň ýeňşimizi ogurladylar" diýip jogap berýär.
Ýazyjynyň pikiriçe, SSSR-iň uruşdaky ýeňşiniň ABŞ-nyň urşa girmegi bilen baglanyşdyrylmagy adalatsyzlyk bolup durýar. Ol bu ýeňiş üçin, faşizmi derbi-dagyn edendigimiz üçin adamzat bize minnetdar bolmaly diýýär.
Leningrady goran frontçy ýazyjydan tapawutlylykda, Sankt-Peterburgda ýaşaýan analitik we publisit Dmitriý Milin bolsa, "Biz Staliniň we kommunistleriň jenaýatlary üçin bahasyna ýetip bolmajak töleg töledik" diýip ýazýar.
Onuň pikiriçe, kommunist ýolbaşçylar Beýik watançylyk urşunyň öňüsyrasynda edilen jenaýatlar we ýalňyşlar öz boýunlaryna düşýän jogapkärçilige doly düşünipdir we uruş weteranlaryndan öler ýaly gorkupdyr. Şu sebäpden SSSR-de Ýeňiş güni 1947-nji ýyldan 1964-nji ýyla çenli hatda baýramçylyk güni hem bolmandyr.
Degişli maglumat Germaniýa Polşadan II Jahan urşundan 80 ýyl soň german zulumy üçin ötünç soraýarSSSR-iň dowam eden ýyllarynda 4 sany Ýeňiş parady boldy, olar 1945, 1965, 1985 we 1990-njy ýyllarda geçirildi diýip, Milin indi häkimiýetleriň 9-njy maýy, ýas tutulmaly güni şadyýan baýramçylyga öwrendiklerini aýdýar.
Onuň pikiriçe, gitlerçilige garşy koalisiýa giren ýaran ýurtlaryň ägirt uly kömegi bolmadyk bolsa, söweşiň ykbaly juda çatak hem bolup bilerdi.
Angliýanyň "Matilda" we "Walentaýn" tanklary baryp 1941-nji ýylda, Moskwanyň eteginde guralan söweşlerde peýda boldy diýip, ol Gyzyl goşunyň esgerlerine iberilen 2 milliard banka et konserwasyny, 15 million jübüt esger botinkasyny, 431 müň ýük maşynyny, şol bir wagtda-da ýaranlaryň nasistlere garşy Afrikada, Atlantikada alyp baran söweşlerini, Britaniýa ugrundaky howa söweşleriniň nemes uçarlaryna ýetiren düýpli zyýanyny we "Ikinji frontuň" açylyşyny ýatladýar.
Taryhçy alym Aleksandr Gogunyň amerikan taryhçysy bilen geçiren söhbetdeşligine geçmezden öň, Şon MakMikiniň "Staliniň urşy: Ikinji jahan urşunyň täze taryhy" atly monografiýasynda gelinýän netijeleriň käbiriniň türkmen žurnalistlerine we taryhçylaryna, II jahan urşy bilen gyzyklanan adamlara baryp 1990-njy ýyllaryň başynda hem belli bolandygyny, sebäbi şol wagtlar Wiktor Suworowyň rus dilinde ozal gözden salnan ýa görmesiz bolan arhiw materiallary esasynda çap edilen kitabynyň elden-ele geçirilip, nobata durlup okalandygyny bellemek gerek.
SSSR-iň dowam eden ýyllarynda 4 sany Ýeňiş parady boldy, olar 1945, 1965, 1985 we 1990-njy ýyllarda geçirildiD.Milin
Gysgaça aýdylmaly bolsa, ol kitapda Staliniň Germaniýa bilen birek-birege çozmazlyk barada şertnama baglaşyp, hakykatda urşa Ýewropany azat ediji bolup girmek isländigi, serhetlerdäki tebigy päsgelçilikleri aýryp, tanklara ýol açyp goýandygy barada gürrüň edilýärdi; Staliniň pirimine wagtynda düşünen Gitleriň birbada iki frontda uruşmaga töwekgellik edip, Sowet Soýuzy arkasyndan urmanka öňürtmek kararyna gelendigi öňe sürülýärdi.
Şeýle-de, gündelik gazetleriň birinji sahypasynda, neşirleriň atlaryndan hem ýokarda ýerleşdirilen şygar – Ähli ýurtlaryň proletarlary, birleşiň - partiýa taryhyny bilýän adamlara gaty gowy düşnüklidi. Olaryň arasynda Wladimir Iliç Leniniň baryp 1920-nji ýylda, partýanyň IX gurultaýynda "Biz... Bütindünýä sowet sosialistik respublikalarynyň ýeňşine tarap çalt we dogumly gideris" diýenini bilýänler hem bardy.
Degişli maglumat "Diriler gezip ýör, gysyp dişlerin..."Indi, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Rus gullugynyň saýtynda çap edilen uly göwrümli söhbetdeşlige gaýdyp gelsek, ol ýerde hem Staliniň baş ideýasy, Gitler bilen beýleki döwletleriň arasynda turan urşy kommunuzmiň eksapansiýasy üçin ulanmak maksady barada gürrüň edilýär.
Öz sözleri bilen aýdylsa, MakMikiniň esasy arhiw tapyndysy Staliniň SSSR bilen Germaniýanyň arasyndaky araçäk ýerlerinde guran harby bazalary we urşa gören taýýarlyklary, şol bir wagtda-da oňa taýýar bolup bilmändigi bilen bagly.
"SSSR tarapyndan giň gerimli harby taýýarlyk görülýärdi... SSSR-iň 1941-nji ýylyň maýyndaky soňky mobilizasiýa plany "garşydaşlardan öňürtmek" sözüni hem öz içine alýardy" diýip, MakMikin sowetleriň nemesleri gapyllykda basmagy niýet edinendigini, emma muňa taýýar bolup bilmändigini belleýär.
Taryhçynyň pikiriçe, SSSR 1941-42-nji ýyllarda, nemesleriň eden iri hüjmlerinden soň köp tank we uçar ýitirip, kyn ýagdaýa düşdi. Ýurduň ewakuasiýa edilen kuwwatly zawodlary bardy, emma olar doly güýjünde işläp bilmeýärdi, diýmek, SSSR-e saklanmagy üçin günbatar kömegi zerurdy, netijede amerikanlar ýük maşynlaryny, jipleri, studebekkerleri, kän çig mal, hususan-da alýumin ibermäge başladylar. Iberilen transport serşdeleri 1943-45-nji ýyllaryň söweş kampaniýalaryna düýpli täsir ýetirdi diýip, taryhçy aýdýar.
Şol bir wagtda, amerikan taryhçysy Staliniň başda, 1939-njy ýylda Ýewropada uruş başlan wagtynda, Gitlere belli bir derejede täsir ýetirip bilendigini belleýär.
Degişli maglumat Aşgabatda Ýeňiş güni harby ýöriş bilen bellendi, prezidentiň atasy ýatlandyTaryh kitaplaryndan bilşimiz ýaly, nasistik Germaniýa ilki Polşa, Fransiýa we Britaniýa bilen çaknyşdy. Bitarap galmagy planlaşdyran SSSR bolsa, pursatdan peýdalanyp, Polşa nemeslerden iki hepde soň girdi.
"Bu Staliniň hut-hakykatdan islän urşudy, ol Germaniýa, Fransiýa we Angliýa biri-birini derbi-dagyn eder öýdüp umyt edýärdi" diýip, MakMikin aýdýar.
Ýöne Gitleriň Polşany, Daniýany, Norwegiýany we Fransiýany gaty çalt wagtda basyp almagy Staliniň planlaryny weýran etdi, sondan soňam Gitler SSSR-e çozdy, özem ol heniz taýýar dälkä çozdy diýip, MakMikin taryhçy Aleksandr Gogun bilen söhbetdeşlikde sowet halklarynyň 1941-45-nji ýyllarda uçran agyr heläkçiliginiň, erkekleriň we aýallaryň, garrylaryň we çagalaryň depesinden inen betbagtçylygyň hakyky sebäplerine ýene bir gezek ünsi çekýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.