Maryda adamlar ýene metjitden kowuldy. Sebäbi – bolanok

Marydaky baş metjit

Metjitleriň ýapylmagy dindarlaryň käbirinde 'Arkadag dine garşy bolmasyn?' diýen soragy döretdi. "Döwletiň öz çäreleri, Mälikguly Berdimuhamedowyň ýas çäreleri müňläp adamyň gatnaşmagynda geçirilýär, dine gezek gelende näme üçin beýle gadaganlyk girizilýär?" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi sorady.

Türkmenistanyň prezidentiniň 13-nji maýda çap edilen gutlagynda türkmenistanlylaryň Oraza baýramyny "many-mazmun, milli öwüşginler bilen has-da döwrebaplaşdyryp, giňden garşy alýandygy" aýdylýar. Emma Maryda baýram namazyny okamaga gelen adamlar metjiden kowuldy, metjidiň içine goýbermekden geçen, onuň daşynda namaz okajak bolanlara hem rugsat bermediler diýip, ýerli habarçy habar berdi.

Bu waka ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň dünýäde, şol sanda Türkmenistanda dini azatlygyň ýagdaýy barada taýýarlaýan ýyllyk hasabatynyň 2020-nji ýyla bagyşlanan sanynyň çap edilen gününden bir gün soň boldy.

Şeýle-de, bu Maryda adamlaryň soňky üç aýda ikinji gezek metjitden kowulyşy bolýar we bu gezekki ybadat çäklendirmeleri Gadyr gijesiniň hormatyna 16 sany ýehowa şaýadynyň tussagdan boşadylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Degişli maglumat 'Wahhabist üýşdümi?' diýip, adamlary metjitden kowdular

Azatlygyň habarçysy ozal 9-njy martda Marydaky baş metjitde gelip, Miraj gijesinde ýagşy dileg edýän ýaşaýjylaryň gödeklik bilen kowulandygyny habar beripdi. Şonda sebitiň ähli ýerinden diýen ýaly gelen adamlar hiç kime päsgel bermän, metjidiň daşky diwarlaryna ýaplanyp, töwerekdäki oturgyçlarda oturyp, doga-dileg etjek bolupdy.

Adatça bolşy ýaly, bu gezegem adamlara hiç zat düşündirilmedi, "Baryň, baryň, gidiň bu ýerden" diýip, hukuk goraýjylar sebitiň baş metjidine gelen adamlary kowup, özlerine berlen tabşyrygy ýerine ýetirdiler.

Mary sebitinde şu gün ähli metjit ýapyk boldy, köp adam ir sagat 6-dan başlap Marynyň baş metjidine Baýram namazyny okamaga geldi. Emma adamlary metjide goýbermediler. Munuň şeýle boljagyny öňünden bilýän ýa çak eden adamlar, metjide goýbermeseler, daşynda namaz okarys diýip, namazlyklaryny hem alyp gelipdir diýip, habarçy aýtdy.

Irden metjide gelip, ol ýerde namaz okap bilmän gaýdan adamlaryň biri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde "Bizi asla sylamadylar" diýdi. "Ýogsa biz, eger metjidiň içine goýbermeseler, onuň daşynda namazlyklarymyzy ýazyp, köpçülik bolup namaz okarys diýip, namazlyklarymyzy hem alyp gelipdik. Ýurdumyz gaty birhili boldy" diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Degişli maglumat Türkmen polisiýasy 'şübheli' dindarlary tutýar, gorkuzýar we kemsidýär

Baýram namazyny okamaga gelen adamlara metjide goýberilmezlikleriniň we onuň daşynda namaz okamaga rugsat berilmezliginiň hiç bir sebäbi görkezilmedi.

"Bizi diňe bir söz bilen, 'bolanok' diýip kowdular. Biz halal ýoly saýlan adamlar bilen jemagat bolup, iň azyndan metjidiň daşynda namaz okamaga rugsat berler öýtdük. Emma bu umydymyz hem çykmady" diýip, Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi öz lapykeçligini bildirdi.

Hökümete tarapdar "Türkmenportal" neşiriniň 13-nji maýda Türkmenistanyň müftüligine salgylanyp beren habaryna görä, ýurduň metjitlerinde Oraza baýramynyň dini ybadatlary ybadatçylaryň gatnaşmazlygynda geçiriler. Synçylar bu habaryň ilata kän elýeterli bolmadyk internet neşirinde berlip, hökümet mediasynda biraz öňünden berilmezliginiň sebäbine düşünip bilmeýärler.

Resmi metbugat prezidentiň 13-nji maýda Oraza baýramyny bellemek barada kabul eden kararyny 7-nji maýda habar berdi, emma onuň bellenişine girizilen çäklendirmeler ilat üçin öňünden anyklaşdyrylmady.

Azatlyk bilen gürleşen ýaşaýjylaryň biri "hökümet bu habary öňünden telewizorda aýdan bolsa, biz kösenip, ençeme kilometr ýol geçip, metjide gelip, bu ýerden kowulanymyz gynanmaly bolmazdyk" diýdi. "Adamlar gaty birhili boldy, biziň hökümetimiz dine degse, gowulyk görmez" diýip, anonimlik şertinde gürleşen maryly ýaşaýjy aýtdy.

Degişli maglumat Halkara din azatlygy komissiýasy Türkmenistany ýene bir gezek 'aýratyn alada bildirilýän' ýurtlaryň hatarynda galdyrmagy teklip etdi

Oraza baýramynyň dini ybadatlaryna girizilen we sebäbi düşündirilmedik çäklendirmeler adamlary paýtagt Aşgabatda hem alasarmyk ýagdaýa saldy.

Ýerli habarçy bilen gürleşen ýaşaýjy "parklar, kafeler, restoranlar açyk, emma metjitde baýram namazyny okamak bolmaýar, din hakynda gürleşmek bolmaýar, şol bir wagtda-da metjitlerde agzaçar ýa prezidentiň kakasynyň hatyrasyna sadaka bermek bolýar" diýip, bu gadaganlyga düşünip bilmändigini aýtdy.

Onuň pikiriçe, bu adamlary we musulmanlary sylamazlyk, olara hormat goýmazlyk bolýar. "Adamlarda diňe din galdy, ony hem ellerinden almak isleýärler" diýip, Azatlyk bilen gürleşen aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Aýdylmagyna görä, metjitleriň baýram gününde ýapylmagy dindarlaryň käbirinde 'Arkadag dine garşy bolmasyn?' diýen gümany hem güýçlendirdi. "Döwletiň öz çäreleri, Mälikguly Berdimuhamedowyň ýas çäreleri müňläp adamyň gatnaşmagynda geçirilýär, beýleki bir topar çäre maskasyz geçirildi, dine gezek gelende näme üçin beýle gadaganlyk girizilýär?" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi sorady.

Musulmanlaryň agyz bekleýän aýynyň aýagynda belleýän Oraza baýramy yslamyň iki esasy baýramçylygynyň biri hasaplanýar we baýram namazlaryny bilelikde okamak Türkmenistan garaşsyz ýurt bolup, metjitler köpelenden soň ýörgünli boldy.

Synçylaryň käbiri ýurtdaky durmuş-ýaşaýyş kynçylyklary, kanun öňünde deňsizligiň we gündelik durmuşda duşýan adalatsyzlyklaryň köp bolmagy, okuw-bilim mümkinçiliginiň peselmegi adamlary, şol sanda ýaş nesli dine ýykgyn etmäge mejbur edýär diýen pikiri öňe sürýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 12-nji maýda çap edilen din azatlygy hasabatynda Türkmenistanyň 2014-nji ýyldan bäri "aýratyn alada döredýän" ýurtlaryň sanawynda durýandygy aýdylyp, hökümetiň din azatlygy boýunça boýun alan halkara borçnamalaryny sylamalydygy ýene bir gezek ýatladyldy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken bu hasabata düşündiriş berende, Türkmenistanyň 16 ýehowa şaýadynyň günäsini geçendigini belledi we: "Biz indi häkimiýetleriň dini ynanjy esasynda gullukdan boýun gaçyrýanlara milli gulluk talaplaryny berjaý eder ýaly alternatiw ýollary hödürlär öýdýäris" diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.