Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pastoryň jenaýat işiniň galplaşdyrylandygy aýdylýar


Maryly pastor Ilmyrat Nurlyýewiň 21-nji oktýabrda kezzaplykda günäli tapylyp, dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegi Türkmenistanda dini azatlygyň ýagdaýyna ýene bir gezek ünsi çekdi.

Mary şäher sudunyň sudýasy Agajan Akjaew dört ýyl azatlykdan mahrum edilen Nurlyýewi türmede neşekeşlikden hem bejermeli etdi. Pastoryň aýaly Maýa Nurlyýewa adamsynyň mejbury haýyr-sadaka görnüşinde aldy diýilýän pullaryny ejir çekenler diýilýänlere derhal tölemeli boldy. Ýogsa Nurlyýewlere emläkleriniň konfiskasiýa edilmegi garaşýardy.

Pastoryň tarapdarlary bu jenaýat işiniň galplaşdyrylandygyny we Ilmyrat Nurlyýewiň hasaba alynmadyk dini gurama ýolbaşçylyk edýänligi üçin ýanalýandygyny aýdýarlar. “Forum 18” habar gullugynyň 18-nji noýabrda çap eden synynda Türkmenistanda din azatlygynyň we ynanjyň, şonuň ýaly-da beýleki adam hukuklarynyň örän çäklendirilýändigi aýdylýar.

Habar gullugynyň synynda getirilýän yzygider hukuk bozulmalarynyň arasynda döwlet tarapyndan dini liderlere we jemgyýetlere kontrollyk edilmegi, bir ugurly medeniýeti wagyz etmek esasynda jynsy kemsitme, dini bilime we ynanç şärikligine çäklendirme girizmek, şol sanda aýallaryň din ugrundan ýokary bilim almagyna gadaganlyk, hasaba alynmadyk dini işjeňlige gadaganlyk ýaly zatlar bar.

“Forum 18” Türkmenistanda döwlet tarapyndan hasaba alnan dini jemgyýetleriň hem hudaýa çokunar ýaly ýer edinmekde uly kynçylyk çekýändigini, adam hukuklary barada gürrüň edýänleriň ýanalýandygyny we olaryň gara sanawa girizilmek arkaly hereket azatlygynyň çäklendirilýändigini, dini edebiýata we beýleki materiallara senzura edilýändigini aýdýar.

Geçen aý “War Resisters’ International” guramasynyň ýaýradan habaryna görä, Türkmenistanda dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrany üçin türmä basylanlaryň sany 10-a ýetdi.

Şu ýagdaýdan çen tutulsa, 27-nji awgustda tussag edilen 45 ýaşly pastor Ilmyrat Nurlyýew öz ynanjy üçin ýanalýanlaryň birinjisi-de, soňkusy-da däl. Ol Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 228-nji maddasynyň 2-nji bölüminde, kezzaplyk arkaly uly möçberde pul almakda günäli tapyldy.

Faktlar tassyklaýar

Nurlyýewiň aýaly Maýa we dindeş ýoldaşlary bu aýyplamalaryň esassyzdygyny aýdýarlar. Emma olar, hökümiň nusgasy berilmänsoň, suduň höküminden soňky 10 günüň içinde şikaýat etmek mümkinçiligini hem ulanyp bilmediler. Faktlar I. Nurlyýewiň öz dini jemgyýetini hasaba aldyrmak üçin arza bereli bäri ýanalýandygyny tassyklaýar.

2006-njy ýylyň dekabrynda öňki prezident S.Nyýazowyň ölmegi we häkimiýet başyna ýokary bilimli diş doktorynyň gelmegi, onuň Nyýazowyň ýatyran ýa kesen pensiýa, kömek pullaryny dikeltmegi, bilim reformasyna başlamagy hem-de adam hukuklaryny goramak wadalaryny bermegi ýurtda demokratik özgerişleriň boljagyna umyt döretdi. Ýöne soňky wagtlar ýurtda ýene şahsyýet kultunyň döredilýändigi barada aladalar eşidilýär.

Aşgabatly graždan aktiwsti Natalýa Şabunts Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde Türkmenistanda bolar öýdülen liberallaşma umydynyň boş çykandygyny we ýurduň ýene adam şahsyýetiniň hukuklaryny doly ýok etmäge ugur alandygyny aýdýar: “Özem bu allanäme kanunlaryň barlygynda we Türkmenistanyň köp sanly halkara hukuk dokumentlerine gol çeken ýagdaýynda bolýar” diýip, Şabunts aýdýar.

N. Şabuntsyň “Türkmenistanyň hronikasy” atly internet saýtynda çap edilen makalasynda aýdylmagyna görä, Ilmyrat Nurlyýewiň aýyplanmagynda esasy şaýat bolup geçýän adamlaryň ikisi hiç ýerde işlemeýär. Hroniki arakhorluk zeraraly ugruny ýitiren bu iki adamy Nurlyýew öz 8 sotuk ýerinde, wagonjykda saklap, kömek-goldaw berýän eken.

“Aýyplama netijesinde ejir çeken hökmünde dört adamyň ady geçýän hem bolsa,

Aýyplama netijesinde ejir çeken hökmünde dört adamyň ady geçýän hem bolsa, suda diňe Aýbölek Gurbanowa bilen Şemşat Ataşowa gatnaşdy.

suda diňe Aýbölek Gurbanowa bilen Şemşat Ataşowa gatnaşdy – diýip, Natalýa Şabunts Aşgabatdan ýazýar. – Alladurdy Hümmedow bilen Kerwenbaşy Akyýew suda gatnaşmady. Sülçi Gazakowyň tassyklamagyna görä, Akyýew pastora öz gazanjynyň 10 prosenti hökmünde, mejbury ýagdaýda 346 manat 40 teňňe, Hümmedow bolsa 320 manat beripdir”.

A.Gurbanowa sudda özüniň pastora 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda nobatdaky haýyr-sadaka puluny berendigini aýdypdyr. Ýöne faktlar onuň 2009-njy ýylyň 17-nji dekabryndan 2010-njy ýylyň 9-njy maýyna çenli türmede bolandygyny görkezýär. Geň ýeri, şaýat Gurbanowany bozgaklykda günäli tapan we türme tussaglygyna höküm eden hem Mary şäher sudunyň sudýasy Agajan Akjaýewdir.

Şemşat Ataşowa bolsa, N.Şabuntsyň ýazmagyna görä, dini jemgyýete birinji gezek A.Gurbanowa tarapyndan 2010-njy ýylyň 23-nji maýynda getirilipdir. Emma ol sudda pastora 2010-njy ýylyň ýanwaryndan bäri pul tölemäge mejbur edilendigini aýdýar.

N.Şabuntsyň ýazmagyna görä, sülçi Gazakow I. Nurlyýewiň “jenaýatçylykly hereketlerini” aklamak üçin hiç bir ýeňilleşdiriji ýagdaý görmeýär. Mundanam başga ol Nurlyýewi işlemeýän, neşekeş adam hökmünde häsiýetlendirýär. Emma pastoryň aýalynyň “Forum 18” habar gullugyna iberen resmi dokumentleri I. Nurlyýewiň dellek bolup işländigini, gan tabşyrýan donor bolandygyny we neşe garaşlylygynyň asla bolmandygyny tassyklaýar.

Düşündiriş ýok

Postsowet respublikalarynda din azatlygy bilen bagly habarlary ýakyndan synlaýan “Forum 18” habar gullugynyň redaktory Feliks Körliý I. Nurlyýewiň dini işjeňlikleri üçin jezalandyrylýandygyny aýdýar. Ýöne ol türkmen häkimiýetleriniň muny umumylykda inkär edendiklerini we öz soraglaryna jogap bermekden boýun gaçyrandyklaryny hem sözüniň üstüne goşýar.

“Türkmenistan kanunyň hökmürowanlygynyň ýol alýan ýurdy däl – diýip, Körliý aýdýar. – Eger siz hökümi okap görseňiz, Ilmyrat Nurlyýewiň hasaba alynmadyk jemgyýetiň pastory hökmündäki dini işjeňligi hakynda köp gürrüň edilýär” .

“Pastor Nurlyýewiň garşysyna getirilýän delilleriň biri hem bu jemgyýetiň agzalarynyň döwlet tarapyndan hasaba alynmazdan hudaýa çokunmak üçin duşuşmagydyr. Eger olar biriniň beren puluny kabul etseler, bu kezzaplyk hasaplanýar” diýip, Körliý aýdýar.

Din ekspertiniň pikirine görä, adamlaryň dini jemgyýete meýletin pul bermegi ýa döwlet tarapyndan hasaba alynmazdan hudaýa çokunmagy hiç bir jähtden jenaýat hasaplanyp bilinmez. Ýerli synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda yslam mollalaryna haýyr-sadaka bermek giň ýaýran, emma olaryň bu iş üçin kanun taýdan jogapkärçilige çekilýäni eşidilmeýär.

Owganystanda ýaşaýan ahun Habybylla Hakgany musulman mollalarynyň dürli

Dini akymlaryň wekilleriniň köpüsi basyş astynda ýaşaýar, käbirleri bolsa türmä düşýär we şol ýerde ölýär.

ýagdaýlarda adamlaryň meýletin beren puluny ýa başga zadyny arkaýyn kabul edýändigini, onsoň munuň şeýle meýletin sadakalary kabul eden hristianlar üçin hem jenaýat bolmajagyny aýdýar: “Eger hristianlara hem bir ýurtda ýaşamaga rugsat berlen bolsa we olar öz dini düşünjelerinden we dinleriniň buýurýan hökümlerinden çykman ýaşaýan bolsalar, ol jenaýat bolmaz”.

Emma synçylaryň käbiri Türkmenistanda öz dini ynanjyna döwlet kontrollygyndan daşarda uýmaga çalyşýan musulmanlaryň hem berk ýanalýandygyny aýdýar. Iýul aýynda aşgabatly dindar, 73 ýaşly Şiri Geldimyradowyň bir aý ozal türmede ýogalandygy barada habar ýaýrady.

Bäherdende ýaşaýan graždan aktiwsti Sazak Durdymyradow bu habary tassyklap, Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Aşgabatdan Geldimyradow Şiri molla diýlen bir bende bardy, örän bir halal adam diýip, hasap edilýärdi. Ony tussag edip, türmede ölmegini gazandylar”. Sazak Durdymyradow Şiri mollanyň ýedi oglunyň ýedisiniňem ýapyk sudda, gümürtik aýyplamalar esasynda tussag edilendigini aýdýar.

Düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” guramasy Türkmenistanda esasy adam hukuklarynyň, şol sanda din azatlygynyň hem berjaý edilişine ýakyndan syn edýär. Bu guramanyň başlygy Farid Tuhbatullin öz ynanjyna görä dine uýmak isleýän islendik adam üçin din azatlygynyň bolmagynyň örän möhümdigini, emma Türkmenistanda munuň mümkin däldigini aýdýar: “Türkmenistanda dini akymlaryň wekilleriniň köpüsi basyş astynda ýaşaýar, käbirleri bolsa türmä düşýär we şol ýerde ölýär”.

Türkmenistanda metbugat azatlygy ýok we ýerli žurnalistler bar diýilýän dini ýanamalar hakynda ýazmak we ýurt içinde çap etmek mümkinçiliginden mahrum. Ýöne Nurlyýewiň işi baradaky habarlar daşary ýurtlardaky internet saýtlarynda giňden beýan edildi. Türkmen häkimiýetleri ýurtda din azatlygynyň ýagdaýy barada internetde we daşary ýurt metbugatynda çykýan habarlara reaksiýa bildirmeýär.

XS
SM
MD
LG