Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara din azatlygy komissiýasy Türkmenistany ýene bir gezek 'aýratyn alada bildirilýän' ýurtlaryň hatarynda galdyrmagy teklip etdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy soňky hasabatynda başga-da dokuz ýurt bilen bir hatarda Türkmenistany din azatlygy boýunça ýene-de “aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” hatarynda galdyrmagy maslahat berdi.

Nobatdaky hasabatynda ABŞ-nyň halkara din azatlygy komiteti Türkmenistanda din azatlygynyň ýagdaýyna pes baha berdi we Birma, Hytaý, Demirgazyk Koreýa, Pakistan, Saud Arabystany we Täjigistan bilen bir hatarda Türkmenistanyň ýene bir gezek “aýratyn alada bildirilýän” ýurtlaryň hatarynda saklanyp galynmagyny teklip etdi.

“2020-nji ýylda Türkmenistanda din azatlygynyň ýagdaýy dünýäde iň erbetleriň hatarynda galdy we hiç hili ösüş alamatlaryny görkezmedi” diýip, hasabat aýdýar.

Hasabat Türkmenistanda raýatlaryň din azatlygynyň gödek basgylanmagyna, şol sanda ýurtda resmi hasaba alynmadyk dini toparlaryň yzarlanylmagyna, jezalandyrylmagyna, ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrýan raýatlaryň jezalandyrylmagyna hem-de dini ynanjy sebäpli tussag edilen beýleki raýatlaryň berk düzgünli türme şertlerinde saklanylmagyna salgylanýar.

Hasabata görä, türkmen häkimiýetleri Owadandepe türmesinde hem dini ynanjy sebäpli tussag edilen adamlary saklaýan bolmagy mümkin.

“Owadandepe türmesi syýasy dissidentleri we döwlet duşmanlaryny saklamak üçin guruldy we ol ýerde saklanýan tussaglar köplenç agyr şertlerden, şol sanda gynamalardan we açlykdan ölýär” diýip, hasabat ýazýar.

Döwlet departamenti soňky sapar Türkmenistany 2019-njy ýylyň dekabrynda din azatlygy boýunça aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň sanawyna girizdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda ynanjy sebäpli ýanamalara sezewar bolýan raýatlar barada yzygiderli habar berýärler.

ABŞ-nyň garaşsyz, iki partiýaly Din azatlygy komissiýasy Kongres tarapyndan dünýä boýunça din azatlygynyň ýagdaýy barada maslahat bermek üçin döredildi.

XS
SM
MD
LG