Aşgabatda sanawlar boýunça azyk önümleri satylýar, "paýoklar" öýlere gowşurylýar

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary ýapyk dükanyň daşynda. Aşgabat, noýabr, 2020

Aşgabatda subsidirlenen önümleriň satuwy janlandy. Şäheriň käbir ýerlerinde, köçelerde birnäçe azyk önüminden ybarat paýok satylýar. Bu aralykda, ýaşaýjylaryň öýlerine azyk eltmek üçin sanawlar düzülýär. Dükanlarda subsidirlenen önümleriň satuwy bolsa bes edildi. Bu ýagdaý Aşgabadyň 140 ýyllygynyň bellenilmegine gabat geldi.

Aşgabatda azyk önümlerini ýaşaýjylaryň öýlerine eltip bermek işi guraldy. Habarçylar azyk paýlarynyň 12-nji maýda irden 11-nji etrapçadaky ýaşaýyş jaýlaryna gowşurylandygyny habar berdiler. Azyk bir gün öň düzülen sanawlara görä eltip berildi. Bir maşgala berilen paýok 2,2 kilogram towuk budlaryndan, bir çüýşe ösümlik ýagyndan, 1 kilogram şekerden düzülýär, olaryň gapdalyndan 2 kile tüwi ýüklenýär. Bahasy 100-110 manatlyk paýogyň 27 ýa-da 37 manady ýüklenýän harydyň nyrhyndan düzülýär.

Habarçylaryň belleýşi ýaly, indiki paýogyň haçan getiriljegi barada soralanda, munuň bir hepdeden bolup biljekdigi ýöne anyk mälim däldigi aýdylypdyr.

Bu aralykda şäheriň käbir ýerlerinde subsidirlenen önümler köçede satylýar. Hususan-da, 12-nji maýda Howdanda, 11-nji maýda agşam "Şeker" dükanynyň golaýynda "Akýol" bazarynyň gapdalynda öňünden düzülen sanawlara laýyklykda we pasport görkezilenden soň awtoulagdan subsidirlenen önümler satylypdyr. Iki towuk budundan, bir çüýşe ösümlik ýagyndan we 1 kilogram şekerden ybarat paý üstüne başga haryt ýüklenmezden satylypdyr.

Degişli maglumat Mary şäherinde ýanwaryň 'un paýogy' satylýar. Obada ýaşaýanlar garaşmaly

Şol bir wagtyň özünde, döwlet dükanlarynda subsidirlenen önümleriň satuwy bes edildi.

Habarçylaryň sözlerine görä, 12-nji maýda irden 11-nji etrapçadaky "Gündogar" bazarynda subsidirlenen önümleriň şu günden satylmajakdygy habar berlipdir. Satyjylar önümleriň ýaşaýjylara zerur resminamalara, hususan-da pasportlara we bellenen dükanlarda hasaba alynmagyna esaslanyp, öýlerine eltiljekdigini aýtdylar.

30, 9 we 11-nji etrapçalardaky satyjylar sanaw düzmek üçin eýýäm öýme-öý aýlanyp başladylar.

Habarçylar esasan jaý eýesini ýazga alýandyklaryny anykladylar, eger bir adam bir ýerde hasaba alnan, ýöne başga bir ýerde ýaşaýan bolsa, onda ol "azyk paýyny" diňe resmi hasaba alnan ýerinde alyp biler.

Emma dükanlaryň köpüsi alyjylary hasaba almaýar we jaý administrasiýalarynyň sanawlaryna garaşýar. Käbir ýagdaýlarda ýaşaýjylar dükanlara telefon arkaly jaň edýärler, maşgalada näçe adamyň bardygyny habar berýärler, käbir ýagdaýlarda olardan jaý dolandyryş edarasyndan maşgalanyň düzümi hakynda resminama talap edilýär.

Häzirki düzgünleriň näçe wagt dowam etjegini, mundan beýläk azyk önümlerini satmak üçin nähili düzgünleriň ulanyljagyny we subsidirlenen önümleriniň gapdalyndan nähili harytlaryň ýüklenjegini anyklap bolmady.

Adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen ygtybarly çeşmeler subsidirlenen önümleri satmagyň häzirki düzgünleriniň Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli wagtlaýyn çäre bolandygyny öňe sürýärler. Olar Söwda ministrliginiň dükan işgärlerine nobatlaryň döremezligi üçin azyk önümlerini öýlerine eltip bermegi buýurandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Azyk gytçylygy dogumlanýar, çäklendirilen importuň ornuny tutmaly önümler nirede?

"Şu gün irden alyjylar jemgyýetinde ýygnak geçirildi, onda ähli dükan ýolbaşçylaryna işlerini dowam etdirmek isleseler dükanlaryň töweregine adamlaryň ýygnamaly däldigi barada duýduryş berildi" -diýip çeşmelerimiziň biri aýtdy.

Azatlyk Türkmenistanyň Söwda ministrliginden resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Şol aralykda, habarçylar dükanlaryň daş-töwereginde polisiýanyň gözegçiliginiň ýokarlanandygyny habar berdiler. Polisiýa adamlaryň dükanlaryň ýanyna barmagyna we nobata durmazlygyna gözegçilik edýär.

Azyk dükanlarynyň daşyndaky uly nobatlar ýurduň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Iýmit satylmaýan bolsa-da her gün ýüzlerçe adam ýapyk dükanlaryň daşynda nobata durýarlar we esasy azyk önümleriniň satylmagyny tama edip, uzak wagtlap garaşýarlar. Soňky aýlarda çörek, un, ýumurtga we ösümlik ýagy ýaly azyk önmleriniň ýetmezçiligi esli güýçlendi. Ýurduň häkimiýetleri krizisiň bardygyny resmi taýdan boýun almaýarlar, emma nobatlaryň öňüni almak üçin ilata basyş görkezýärler.

Azyk nobatlaryna soňky basyşlar prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň "nobatlar prezidentiň abraýyny bozýar" diýip eden çykyşyndan soň başlandy.

Aşgabadyň häkimiýetleri paýtagtyň düýbüniň tutulmagynyň ýyl dönümini bellemek üçin taýýarlyk gördüler. Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli, 10-njy we 25-nji maý aralygynda awtoulag gatnawyna çäklendirmeler girizildi, hususy ulaglaryň hereket etmegi gadagan edildi, polisiýanyň gözegçiligi güýçlendirildi, ýollarda täze bellikler çekildi, jemagat işgärleri paýtagty yzygiderli syryp-süpürýärler, timarlaýarlar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmen hökümeti azyk nobatlaryny gizläp, abraýyny goramak isleýär

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.