Mary şäherinde ýanwaryň 'un paýogy' satylýar. Obada ýaşaýanlar garaşmaly

Dükandaky nobat. Arhiw suraty

Unuň gelenini bilip,  özlerine degişli bolan dükanlara baran ýaşaýjylaryň birnäçesiniň aýtmagyna görä, dükan işgärleri olara şäheriň belli-belli dükanlaryna un gelen hem bolsa, hemme dükana gelmändigini, eger gelse, satyjylaryň özlerine degişli alyjylara jaň etjekdigini düşündirdiler. 

Mary şäheriniň käbir dükanlarynda ýanwar aýynyň un paýoklary satylyp başlandy diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy habar berýär.

Azatlygyň habarçylary mundan öň un paýogynyň we beýleki harytlaryň aýlap berilmeýändigini habar beripdiler.

Azatlygyň fewral aýynda alan maglumatyna görä, Mary welaýatynyň adybir etrabynyň käbir döwlet dükanlarynda noýabr we dekabr aýlary üçin berilmeli un normalary hem berilmedi. Şonda etrap ýaşaýjylarynyň geçen ýyldan galan un paýyny almak üçin häkimlige arza ýazmalydygy, ýogsa-da, paýogyň köýjekdigi aýdylypdy.

Marydaky habarçynyň 12-nji martda beren maglumatyna görä, döwlet dükanlarynda berilýän azyk hatyrlarynyň paýlanyşy sebitiň ýaşaýjylarynda barha kän nägilelik döretdi we köp adamly hojalyklaryň 80 töweregi agzasynyň Garagum etrabynyň häkimligine arz edip barmagyna sebäp boldy.

Degişli maglumat Marynyň döwlet dükanlarynda üç hepdeden gowrak wagt bäri çörek satylmaýar

8-nji maý güni giçlik gowşan maglumata görä, adatça adam başyna bäş kilogram hasabyndan berilýän un paýogy bu gezek her maşgala 10 kilogram hasabyndan berildi.

“Un maşgaladaky adam sanyna seredilmän, adam sany köp bolsa-da, maşgalanyň bir aýdaky paýy 10 kg hasabyndan un berildi” diýip, habarçy aýtdy.

Döwlet dükanlarynyň işgärleriniň sözlerine görä, “gelýän unuň möçberi gaty az’.

“Biz, başardygymyzdan, uny köpräk maşgala ýeter ýaly etjek bolýarys” diýip, ýaşaýjylara ýagdaýy düşündiren satyjylaryň biri aýtdy.

Ýöne un hemme dükanda berilmeýär we bu özlerine degişli bolan dükanlara baran adamlary alasarmyk ýagdaýa salýar diýip, habarçy aýtdy.

Unuň gelenini bilip, özlerine degişli bolan dükanlara baran ýaşaýjylaryň birnäçesiniň aýtmagyna görä, dükan işgärleri olara şäheriň belli-belli dükanlaryna un gelen hem bolsa, hemme dükana gelmändigini, eger gelse, satyjylaryň özlerine degişli alyjylara jaň etjekdigini düşündirdiler.

Azatlygyň habarçysynyň anyklamagyna görä, ýanwar aýynyň un paýogy häzirlikçe 44, 16, 1, 19-njy dükanlarda berildi.

Degişli maglumat Köp adamly hojalyklar döwlet dükanlarynda subsidirlenen iýmit önümleriniň paýlanyşyndan nägile bolýar

Un paýogyny almaga gelen adamlaryň sany gaty kän, her dükanda ortaça 50 adamdan nobata durýar, nobatlary gizlemek synanyşygy bilen, un dükanlaryň ýeňse gapysyndan satylýar diýip, habarçy ýazýar.

Birbada köp adamyň gelmezligi, nobatlaryň uzyn bolmazlygy üçin, uny ýaşaýjylaryň atlarynyň elipbiý tertibinde nobata düzülmegi esasynda satýarlar. Häzir ‘A’ harpyndan başlanýan atly maşgalalara un berilýär.

Maşgalasynyň baş sany köplük bolan hojalyklar 10 kg un bilen oňup bilmejekdiklerini, munuň gaty azdygyny aýdyp, un paýlarynyň dolulygyna berilmegini özelenip haýyş edýärler.

Dükan işgärleriniň biri un paýogyny doly soran ýaşaýja “Berilýänini al, bolmasa bujagaz paýyňdan hem galarsyň, goh etseň, un paýogyňy düýpden bermän hem bilerin” diýdi. Bu sözler un paýogyny doly aljak bolýan beýleki adamlara hem ‘sapak’ boldy, şondan soň olar hiç zat diýmän, berlen uny alyp, sessiz çykyp gitmäge başlady diýip, habarçy gürrüň berdi.

Şeýle-de ol dükanlara diňe un paýogynyň gelendigini, her aýda berilmeli edilen beýleki zerur harytlaryň entäk hiç bir dükana gelmändigini aýtdy.

Şäher dükanlaryna gelen un paýogy barada eşiden oba adamlary hem öz dükanlaryna bardylar, emma dükan işgärleri olara unuň gelmändigini, haçan geljeginiň hem belli däldigini aýtdylar.

Ýylda bugdaý öndürmek boýunça döwlet tabşyryklarynyň ýerine ýetirilýändigini, azyk howpsuzlygynyň döredilendigini aýdýan Türkmenistanda soňky ýyllarda çuňlaşan azyk krizisi dowam edýär. Bu ýagdaý harytlaryň bahasynyň barha gymmatlamagyna, döwlet dükanlaryna gelýän harytlaryň bolsa barha azalmagyna alyp geldi.

Degişli maglumat Türkmen polisiýasy dilegçiler we zibil dörýänler bilen 'göreşýär', olaryň köpüsi çagalar we aýallar

Hususy dükanlarda 1-nji sort unuň bir haltasy 600-700 manat bahalanýar, eger döwlet dükanlarynda un paýogy berilmese, gymmat bahadan un almaga köp hojalygyň gurby çatmaýar diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.

Bu ýylky un gytçylygy Oraza aýynda öýünde “kokun” diýip çapady, pişme bişirip, goňşy-golamlara paýlaýan adamlary hem gaty azaltdy, sanaýmaly adam kokun paýlady, sebäbi köp adamyň indi günde öz iýjegi gaýgy boldy diýip, Marydaky habarçy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.