Boş azaba we süteme öwrülen ýüpekçilik üçin ýene adamlardan pul ýygnalýar

Türkmenistanda mejbury zähmetiň ulanylmagyna protest bildirýän aktiwistler. Arhiw suraty

Ýüpek gurçugyny idetmek, pile öndürmek mejburlygy, pagta ýygymy bilen bir hatarda, mugallymlaryň hem "boýnundan düşmän" gelýär. Olardan bu ýyl ýüpekçilik üçin, 1 gram gurçuk tohumynyň bahasyny talap edip, 70 manatdan pul ýygnaýarlar.

Türkmenistanda býujet edaralarynyň işgärlerine döwlet tabşyry esasynda öndürilýän oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin salynýan bikanun salgytlar bu ýylam saklanyp galýar. Hünärmenler ýurtda alnyp barylýan netijesiz oba hojalyk syýasatynyň, mejbury zähmetiň diňe kärendeçileri tozdurmak bilen çäklenmän, býujet edaralarynyň hem ýagdaýyny kynlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň ýerli habarçysy bu ýyl Mary sebitinde býujet edaralarynyň işgärlerinden ýüpek gurçugy üçin 20 manatdan 70 manat aralygynda pul ýygnalýandygyny, bu serişdäni adamlaryň diňe gorkusyna berýändigini aýtdy.

"Jemagat hojalygy işgärleri, aýlyklary beýlekileriňkiden az bolansoň, ýüpek gurçugy üçin 20 manat bermeli edildi. Bu ýyl hatda hukuk goraýjy işgärler hem ýüpek gurçugy üçin pul bermeli, olardan 50 manatdan ýygnalýar" diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Degişli maglumat Kärendeçilere edilýän 'pile sütemi' dowam etdirilýär, lebaply daýhanlar nägile

Ýüpek gurçugyny idetmek, pile öndürmek mejburlygy, pagta ýygymy bilen bir hatarda, mekdep mugallymlarynyň hem "boýnundan düşmän" gelýär. Olardan bu ýyl ýüpekçilik üçin, 1 gram gurçuk tohumynyň bahasyny talap edip, 70 manatdan pul ýygnaýarlar.

Türkmenistanda ýüpek gurçugyny idetmek we döwlete pile tabşyryp, çeken zähmetiňe görä gazanç etmek hemişe-de kyndy. Sebäbi, birinjiden, gurçuk tutmak üçin jaý mümkinçiligi, el güýji ýeterlik däldi, ikinjiden, gurçuklary wagtly-wagtynda naharlamak üçin tut ýapraklary ýeterlik tapylmaýardy. Ýöne bu ýyl gurçukçylaryň şertleriniň öňki ýyllardaka garanda hem agyrlaşandygy habar berilýär.

Öňki ýyllarda hojalyklar gurçuk tohumyny 40-50 gramdan alyp sereden bolsa, indi olaryň 10-15 gram gurçuk tohumyna seretmäge hem pul ýagdaýlary ýok diýip, Azatlyk bilen gürleşen kärendeçileriň biri aýtdy. Şeýle-de ol häzir hojalyklardan azyndan 15-20 gram gurçuk tohumyny almagy talap edýändiklerini aýtdy.

"Biz häzir gowaça ekişiniň harajatlaryny hem eýgerip bilmeýäris, sebäbi ekiş traktorlary üçin hem öz hasabymyzdan pul töleýäris" diýip, maryly kärendeçi daýhanlaryň ýagdaýynyň geçen ýyldakydan hem kynlaşýandygyny gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, eger-de kärendeçi talap edilýän gurçuk tohumyny almakdan we pile öndürmekden boýun gaçyrsa, ol döwlete 300 manat pul tölemeli edilýär. Eger-de ol puly töläp bilmeseň, kärende ýeriň alynjakdygyny aýdýarlar.

"Biraz öňünden aýdan bolsadylar, kärende ýerlerimize çykdajy etmänkäk bilen bolsadyk, onda potrat ýerimizi yzyna tabşyryrdyk" diýip, habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen daýhanlaryň biri aýtdy. Daýhanlaryň ýerlerine çykaran çykdajylaryna gynanýandygyny aýry-aýrylykda gürleşen ýene iki kärendeçi tassyk etdi.

Degişli maglumat Kärdeşler arkalaşyklary nädip 'eziji, işgärlerden pul ýygnaýan' toparlara öwrüldi?

"Ekişden öň gowaça ekjek ýerleriňe ýuwuş suwuny tutmak üçin, nasos üçin çykdajy edýärsiň. Otagyň aladasyny edip, ekini haşal otlaryň basmagynyň öňüni almak üçin ýeri öňünden dermanlamaly bolýar, hatda soň pagta ýygdyrmak üçin ýygymçylara hem öz jübimizden pul tölemeli bolýarys. Biziň edýän we etmeli boljak çykdajylarymyz hökümet emeldarlarynyň gözüne ilmeýär" diýip, daýhanlar zeýrenýär.

"Iki ýyl öň beren tohumlaryny alyp, jaýymyzyň iň uly otagyny boşadyp, guşlardan, arylardan gorap, şol ýerde gurçuk idetdik, emma peýda görüp bilmedik. Ýogsa, tutuş maşgala bolup, irden agşama çenli obalara aýlanyp, kimiň işiginde tut agajy bolsa baryp, az-owlak pul töläp, ýaprak getirip, aç etmedik" diýip, kärendeçi gurçuk tutanlaryň soň, ysyny aýryp bilmän, jaýlaryny remont etmeli bolýandygyny hem gürrüň berdi.

Başga bir kärendeçi bolsa, adamlaryň gowaça bilen gurçuk arasynda "gäbiniň azýandygyny", geçen ýyl maşgalasynyň gurçuklaryny aç etmejek bolup, gowaçanyň otagyna ýetişmän, ekin meýdanyny gamyş basdyryp, oba arçynyndan gep eşidendigini gürrüň berdi.

"Başlyk 'Potratyňyzy eýgermejek bolsaňyz, tabşyryň' diýip käýindi, eger özleri bir günjük gurçuk tutup görsedi, şol bir günem biziň ýagdaýymyza düşünmek üçin ýeterlik bolardy" diýip, maryly daýhan aýtdy.

Degişli maglumat Häkimiýetler mejbury pileçiligi agzaman, ýüpekçileriň 2262 tonna çig pile öndürendigini yglan etdi

Maryda häzir 1 gram gurçuk tohumy kärendeçilere 70 manatdan satylýar, şeýle agyr zähmet netijesinde öndürilen pile bolsa, 25 manatdan alynýar.

Türkmenistanda pileçiligiň esasy kynçylygy tut agaçlarynyň ýetmezçiligi bilen bagly. Emma ýurtda her ýyl millionlap ekilýän nahallaryň aglaba köplügini her dürli we gymmat bahaly arçalar düzýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.