Maryda we Baýramalyda zibil taşlanýan gapyrjaklary dörýänleriň, köçelerde we bazarlarda dilegçilik edýänleriň sany görlüp-eşidilmedik derejede köpelýär. Olaryň köpüsi aýallar we çagalar. Bu aralykda, polisiýa olara garşy göreşi güýçlendirýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitdäki ýagdaýlar we ýerli polisiýanyň käbir göreş usullary barada habar berýärler.
Soňky günlerde Maryda polisiýa işgärleri şäheriň zibilhanalaryna barýanlary saklaýarlar, olar bilen söhbetdeşlik geçirip, surata düşürýärler, şahsy maglumatlaryny, ýaşaýan ýerlerini hasaba alýarlar we olar bilen "düşündiriş işiniň" geçirilendigi hakynda dilhaty alýarlar.
Polisiýa bu meseläniň çözgüdi hökmünde zibil gaplarynyň golaýynda tutulanlara, indiki gezek galyndylaryň taşlanýan ýerlerine baranlarynda "jemagat gulluklarynyň işgärleriniň eşiklerini geýmegi" we zibil dörmek üçin jemagat işgärleriniň eşiklerini satyn almagy teklip edýärler. Bu barada 30-njy martda Marydaky habarçymyz habar berdi.
Degişli maglumat Dollar gymmatlýar, hor-homsy köpelýär, prezident öz adyna sahawat gaznasyny döredýärOnuň sözlerine görä, polisiýa öz talabyny zibil dörýänleriň köpdügi bilen düşündirýär we hemmeler jemagat hyzmatlarynyň formasyny geýse, munuň beýle bir göze ilmejegini aýdýar.
Baýramalydaky habarçymyzyň sözlerine görä, şu günler köpgatly jaýlaryň howlularyndaky zibil taşlanýan ýerlerde birnäçe adamyň nobatçylyk edýändigini görmek mümkin, köplenç olaryň biri polisiýa geýiminde we beýlekileri raýat geýiminde bolýar.
Zyňyndylaryň arasynda çüýşe, plastik gaplary we karton gözleýän ýerli ýaşaýjylar galyndylardan tapylan zatlary tabşyryp, gazanýan pulunyň jemagat gulluklarynyň işgärleriniň geýýän keltekçesini satyn almak üçin ýetmeýändigini aýdýarlar. Sary-ýaşyl reňkli keltekçäniň bahasy 24 manada durýar. Şeýlelikde, köpler bu ujypsyz girdeji çeşmesinden hem mahrum bolýarlar.
Zibil taşlanýan ýerler bilen birlikde regionyň polisiýasy dilegçilik edýänlere, şol sanda çagalara we zenanlara garşy gözegçilik çärelerini hem güýçlendirdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bazarlaryň, söwda merkezleriniň we dükanlaryň öňündäki duralgalarda awtoulag ýuwýan eli bedreli çagalaryň köpdügini habar berdi. Maşyn ýuwup 1 manat gazanmaga synanyşýan çagalary her köçede diýen ýaly görmek bolýar. Olaryň arasynda 4-5 ýaş aralygyndaky mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar köp, ýöne 11-12 ýaş aralygyndaky ýetginjekler hem bar.
Degişli maglumat Polisiýa dilegçilik etmekde tutulan okuwçy gyzy ‘ýazgardy, masgaraldy’Habarçymyzyň belleýşi ýaly, ol çagalardan bakja gatnaýaňmy diýip soranynda, çagalar hiç haçan gitmändiklerini we onuň nähilidigini bilmeýändiklerini aýdypdyr. Olaryň ýanyndaky uly doganlary bolsa, munuň gymmatdygyny, maşgalalarda muňa asla puluň ýokdugyny düşündiripdir. Ulularyň köpüsi özleriniň hem hatda mekdebe-de gatnamaýandygyny aýdypdyr.
"Her gün mekdebiň ýerine, pul dilemek üçin Gök bazara gidýärdik. Geçen hepde polisiýa bizi kowdy we ejemize gygyrdy. Oňa ýene-de görseler, bizi kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin tussaghana saljakdygyny duýdurdylar. Ejem bolsa 'hemmämizi bile salyň, menem türmä salyň, türmede iň bolmanda iýmit berilýär diýdi"- diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen 12 ýaşly ýetginjek gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, polisiýa işgäri ejesine ýagdaýy düşündirmäge synanyşypdyr we ýurtda dilegçilik etmegiň gadagandygyny aýdyp, gadagan edilmeýän hem girdeji getirýän usul hökmünde awtoulag ýuwup başlamagy maslahat beripdir.
"Ol her gün biziňki ýaly birnäçe maşgala duş gelýändigini, bize garşy hiç hili şahsy garşylygynyň ýokdugyny, onuň özüniň hem maşgala ekleýändigini aýtdy" - diýip ýetginjek gürrüň berýär.
Degişli maglumat Polisiýa dilegçileri we köne eşikli adamlary ýygnaýar, MHM 'köpbilmişleri' gözleýärBu çaganyň maşgalasy awtoulag ýuwmak üçin bedre we ýuwýan serişde satyn almak üçin birnäçe gün ýene dilegçilik edip, 22 manat pul ýygnamaly bolupdyr. Ýetginjek gün uzyn irden öýlän sagat 16-a çenli awtoulag ýuwup 7.60 manat gazanandygyny, kimdir biri 20 teňňe berýän bolsa, käbirleriň 1 manat töleýändigini, ýöne käbirleri asla hiç zat bermän gidýändigini aýdýar.
Azatlygyň habarçylary, häzirki wagtda ýas we toý ýerleriniň hem adamlar üçin belli bir derejede iýmit çeşmesi bolýandygyny, sol ýerlere öz gaplary bilen barmagyň adata öwrülendigini gürrüň berýärler. Gaplaryna öz tabaklarynda we beýlekilerde galan nahar galyndylaryny ýygnaýanlary görüp bolýar. Şeýle hem süýji we çörek ýygnaýarlar. Käbirler iýmitlendirmek üçin çagalaryny ýany bilen getirýärler diýip, habarçylar gürrüň berýär.
"Çagalaryň açlygy aýratyn täsir galdyrýar. Çagalar stoluň üstündäki zatlaryň hemmesini derrew iýýärler. Käte çagalar jedelleşýärler we süýji kökeleriň üstünde uruşýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.
Türkmenistanyň ilaty agyr ykdysady krizis, işsizlik we azyk ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Hökümet sosial-ykdysady krizisiň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän wagtynda, ilatyň arasynda garry we maýyp maşga agzalaryny döwlet penahanalaryna tabşyrylýan ýagdaýlar barha köpelýär, pula gan tabşyrmak isleýänleriň nobatlary artýar, gitdigiçe has köp maşgala garry maşgala agzalarynyň pensiýalaryna we çagalara berilýän kömek pullarynda gün görmäge mejbur bolýar. Bu şertlerde dilegçilik edýänler we zibil dörýänler köpelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.