Türkmen polisiýasy dilegçiler we zibil dörýänler bilen 'göreşýär', olaryň köpüsi çagalar we aýallar
Maryda we Baýramalyda zibil taşlanýan gapyrjaklary dörýänleriň, köçelerde we bazarlarda dilegçilik edýänleriň sany görlüp-eşidilmedik derejede köpelýär. Olaryň köpüsi aýallar we çagalar. Bu aralykda, polisiýa olara garşy göreşi güýçlendirýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitdäki ýagdaýlar we ýerli polisiýanyň käbir göreş usullary barada habar berýärler.