Polisiýa dilegçileri we köne eşikli adamlary ýygnaýar, MHM 'köpbilmişleri' gözleýär

Döwlet baştutanynyň görkezmelerini ýazyp alýan ýolbaşçylar.

Maksat welaýaty bomžlardan arassalamak, bize hatda köne geýimli adamlary hem ýygnamak tabşyryldy, olary Baýramalyda içgili adamlaryň saklanýan ýerine tabşyrýarys diýip, anonimlik şertinde gürleşen ofiser aýtdy.

Mary sebitinde polisiýa şu hepdäniň başynda bazarlarda, dükanlaryň öňünde we beýleki ýerlerde dilegçilik adamlary ýygnamagyny güýçlendirdi, hasam şu gün awtobusly aýlanyp, dilegçilik edýän adamlary köp tutdular diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.

Onuň sözlerine görä, sebitiň şäherlerinde köneräk eşikli adamlary hem tutup, zor bilen maşyna basýarlar.

Bir adam tutanlarynda "men bomuž däl, diňe eşigim köne, zawoddan alan aýlygymy çagalaryma siňdirýärin, täze eşik almaga pulum ýok" diýip, gaty ses bilen gygyrdy. Geçip barýan adamlar ylgap gelip, polisiýa ol adamyň öýsüz däldigini aýdyp, kepil geçip, zordan elinden aldylar.

Degişli maglumat Mary: Bazarlarda dilegçi köpelýär, polisiýanyň yzgytsyzlygy artýar

Tutda-baslyk netijesinde Marynyň Oguzhan köçesinde ýerleşýän şäher polisiýasyna gelýän aýallar we erkek adamlar köpeldi, olar öz ýanýoldaşlaryny, kakalaryny ýa doganlaryny soraýarlar diýip, ýerli habarçy aýdýar.

Ýiten adamlaryň öýlerine köneräk geýim-eşikde işe barýarka saklanandyklary barada habar gelipdir.

Bir aýal öz ýanýoldaşynyň "öýsüzem, dilegçi hem däldigini" aýdyp, polisiýa gep düşündirmekçi boldy, onuň adamsy köne ýarmarka bazarynda ýükçi bolup işlänsoň, işe ýörite köneräk eşikli gidýän eken diýip, habarçy aýtdy.

Emma polisiýa işgäri ol aýalyň ýanýoldaşynyň boşadylmagy baradaky talabyny diňlemän, onuň özüniň nirede işleýändigini sorapdyr we ol agyz suwy edarasynda işleýändigini aýtsa, "sen sesiňe kes-de, git şu taýdan, ýogsa başlygyňa ýamanlap, işiňden kowdurarys" diýipdir.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen aýal şondan soň bolan zatlary jikme-jik gürrüň berdi.

Degişli maglumat Zibil dörýän adam köpelýär, hökümet ýene 'ak öý', sadaka jaýyny gurup, uly baýrama taýýarlanýar

Ol aýlyklarynyň wagtynda berilmeýändigini, geçen aý bolsa başlyklarynyň her işgäriň aýlygyndan 100 manat tutup, indi her aýda şeýle boljagyny aýdandygyny, bu täze düzgüniň "ipoteka jaýlaryny gurmak barada ýokardan berlen görkezme" bilen düşündirilendigini gürrüň berip, işden kowulmakdan gorkmýandygyny duýdurýar.

"Hökümet meniň aýlygymdan 100 manat tutup, ipoteka jaýlaryny gurjak bolsa, gowusy, meni işden çykarsyn, meniň çagam aç, öýüm ýumrulyp ýatyr, men näme üçin pul bereýin? Indem adamymy elimden aljak bolýarlar" diýip, ol aýal adamsynyň derrew boşadylmagyny talap edýär.

"Gohuňy bes etmeseň, ýaňy 4 aýaly wagtlaýyn saklanýan ýere saldyk, olara ertire çenli akyl geler, gerek bolsa, seni hem şolaryň ýanyna goşarys" diýdiler. Emma ýoldaşymy boşadyň diýip gygyryp duramsoň, iş ýerime jaň edip, başlygymy çagyrdylar. Ol gelip, meniň agyz suwy edarasynda işleýändigimi tassyk etdi, şondan soň meniň bilen mylakatlyrak gürleşdiler, adamyň ertire çenli öýüňe geler diýdiler" diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri hossarsyz hasaplan adamlaryny tutup-basyp, kemsitmegi, gödek gürleşmegi hiç zatça görmeýär.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ofiserleriň biri welaýat polisiýa başlygynyň şäher içindäki göze ilýän ýerleri 'öýsüzlerden arassalamak" barada buýruk berendigini aýtdy.

Maksat welaýaty bomžlardan arassalamak, bize hatda köne geýimli adamlary hem ýygnamak tabşyryldy, olary Baýramalyda içgili adamlaryň saklanýan ýerine tabşyrýarys diýip, anonimlik şertinde gürleşen ofiser aýtdy.

Degişli maglumat MHM daşary ýurtlylara gözegçilik etjek şugullary taýýarlaýar

Onuň tassyklamagyna görä, tutulan adamlar üç topara bölünýär: işe ýaraýanlar naharyny berip, potrat ýerlerinde mugt işgär hökmünde işledilýär; 2-nji topar girýänler Tejendäki Trud diýilýän ýere iberilýär, 3-nji topar adamlary bolsa şol ýerde saklap, diňe nahar-suwyny berýärler.

Eger-de tutulanlaryň arasynda biri-ikisi öz konstitusion hukuklaryny ýatladyp, adamlara beýle ala göz bilen seretmegiň kanuna ters gelýändigini aýtjak bolsa, aýdylmagyna görä, polisiýa işgärleri ol adamlaryň üstünden gülýär we " biziňki aýtmak, dil bela, diş gala, sen öz Türkmenistanyňda ýaşaýandygyňy unutma, milli howpsuzlyk işgärleri häzir seň ýaly köpbilmişsireýän adamlary gözläp ýör" diýýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.