Polisiýa dilegçilik etmekde tutulan okuwçy gyzy ‘ýazgardy, masgaraldy’

Polisiýa işgärleri (arhiw suraty)

Aşgabadyň orta mekdepleriniň birinde okuwçylaryň 8-nji mart aýal-gyzlar baýramyny jemlenip belländikleri, şeýle-de başga bir okuwçynyň dilegçilik etmekde tutulandygy sebäpli, polisiýa tarapyndan düşündiriş işleri geçirildi.

“Geçen anna güni paýtagtyň 15-nji mekdebine maýor çinindäki polisiýanyň bir aýal işgäri gelip, ýokary klas okuwçylary bilen düşündiriş işlerini geçirdi. Ol özüniň beren gürrüňlerini, hasabat üçin, mobil telefonyna hem wideo düşürtdi” diýip, okuwçylaryň biriniň kakasy habarçymyza 15-nji martda gürrüň berdi.

Maglumata görä, muňa geçen hepde mekdebiň ýokary klas okuwçylarynyň jemlenip, paýtagtyň kafeleriniň birinde 8-nji mart aýal-gyzlar baýramyny bellemekleri sebäp bolupdyr.

Gepiň gerdişine ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri häzirki güne çenli hem koronawirus pandemiýasynyň ýeke ýagdaýyny hasaba almasalar-da, "ýokanç keselleriň öňüni almak" diýen düşündiriş bilen dürli çäklendirmeleri, şol sanda okuwçylaryň Täze Ýyl ýaly adatça köpçülikleýin ýagdaýda toplanyp belleýän çärelerine hem gadagançylyklary girizipdi.

Degişli maglumat Farapda geçirilen ýygnaklarda göwreli bolýan okuwçy gyzlaryň mekdepden çykaryljakdygy duýduryldy

“8-nji mart güni ýokary klas okuwçylary kafede jemlenen pursatlaryny surata alyp, olary Instagram hasaplarynda ýerleşdirdiler. Polisiýa munuň nädip belli bolandygy ýa kimiň aýdandygy belli däl, emma gelen ofiser hut şu Instagramdaky suratlara salgylandy” diýip, düşündiriş işlerine gatnaşdyrylan okuwçylaryň biriniň kakasy gürrüň berdi.

Mundan başga-da, polisiýa ofiseri mekdebiň 8-nji synp gyz okuwçylarynyň biriniň dilegçilik etmekde tutulandygyny aýdyp, muňa nägile bolupdyr.

Azatlyk Radiosy ýurtdaky dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň, gymmatçylygyň we gytçylygyň arasynda, dilegçilik edýän adamlaryň, zir-zibil çeleklerini dörýän aýallaryň we çagalaryň görnetin köpelendigini habar beripdi.

“Gelen maýor klasdaşymyzyň paýtagtyň “Ylham” seýilgähiniň golaýynda dilegçilik edýän pursady polisiýa tarapyndan saklanandygyny mälim etdi. Şeýle-de, munuň ‘kabul ederliksiz’ bir ýagdaý bolandygyny aýdyp, klasdaşymyzy ýazgardy, masgaralady” diýip, aşgabatly ene-atalaryň biri bu gürrüňlere şaýat bolan oglunyň sözlerini gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, polisiýanyň işgäri okuwçy gyzy el sermäge iteren mümkin sebäpler barada hiç dil ýarman, ony beýleki klasdaşlarynyň öňünde diňe ýazgarmak bilen çäklenipdir. Emma Azatlygyň habarçylary ykdysady çökgünligiň arasynda, pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň fonunda hem hökümetden hiç hili hemaýatyň berilmeýändigi sebäpli, adamlaryň alaçsyzlykdan, mätäçlikden köçelerde dilegçilik etmäge mejbur galýandyklaryny belleýärler.

Soňky ýyllarda bütin dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy, Türkmenistanyň iri energiýa müşderilerini wagtlaýyn ýitirmegi, ykdysady reformalaryň gijikdirilmegi, giň ýaýran korrupsiýa, koronawirus pandemiýasy, synçylara görä, hökümetiň emelsizligi bilen goşalanyp, ýurt ykdysadyýetine agyr zarba urdy. Ilat garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklarynyň biri bilen ýüzbe-ýüz galdy.

Degişli maglumat Türkmenistanyň mekdeplerinde gyzlaryň "ahlak terbiýesi" ýene-de gün tertibine geldi

Galyberse-de, polisiýa işgärleriniň mekdeplere aýlanyp, okuwçylaryň ahlak-terbiýesi, olaryň Internetde haýsy maglumatlary yzarlamagy däldigi barada düşündiriş işleri geçirmegi adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Ýatlatsak, mundan iki aý ozal ýokarda gürrüňi edilen 15-nji mekdebe polisiýa işgärleri gelip, garaşylmadyk ýagdaýda, 10-11-nji synp okuwçylarynyň akylly telefonlaryny jemläp, ellerinden alypdylar.

Akylly telefonlar birnäçe günden soň, okuwçylaryň ene-atalaryna gaýtarylyp berilse-de, olaryň ilki alynmagynyň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmandy.

Akylly telefonlar ulanyjylara, beýleki mümkinçilikler bilen bir hatarda, Internete baglanmaga, şeýle-de isleg bildirýän raýatlara ýurtda dowam edýän uçdantutma senzuranyň daşyna çykmaga rugsat berýär. Şeýle-de, smart telefonlar ulanyjynyň töwereginde bolup geçýän wakalary ýazgy etmegine, onuň maglumatlary birek-birek bilen paýlaşmagyna mümkinçilik berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.