Türkmenistandan halkara howa gatnawynyň batyrylmagyndan soň ençeme adam ýurtdan çykyp bilmän çykgynsyz ýagdaýa düşdi, şol sanda ýurtdan müdimilik göçüp gidýän maşgalalar. Koronawirus pandemiýasy döwründäki çäklendirmeler köp kynçylyklara we şahsy dramalara sebäp boldy.
Azatlykyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda müňlerçe adam ýurtdan çykmak mümkinçiligine garaşýar, köpüsi gaty kyn ýagdaýda galýar. Bularyň arasynda goşa raýatlyga eýe bolan adamlar we Türkmenistanyň raýatlygyny almak üçin köp wagt garaşan we raýatlygy almazdan ýurtdan çykmak kararyna gelenler, şeýle-de raýatlygy bolmadyk adamlar bar. Şeýle-de garyndaşlaryny görmek üçin Türkmenistana baryp, koronawirus sebäpli ýurtdan çykyp bilmän galanlar hem bar.
Türkmenistan 2020-nji ýylyň mart aýynda uçuşlary togtatdy, ýylyň dowamynda halkara gatnawlaryň täzeden başlamagyny birnäçe gezek yza süýşürdi, iň soňky gezek 2021-nji ýylyň 1-nji martyna çenli yza tesdirildi.
Häzirki wagtda yzygiderli uçuşlaryň bolmazlygy we diňe çäkli orunlyk ýörite uçarlaryň gatnamagyndan başga-da, köp sanly býurokratik talaplar adamlaryň Türkmenistany terk etmegine päsgel berýär.
Degişli maglumat Raýatlygy bolmadyklar türkmen pasportyndan ýüz öwürýär, göçüp gitmäge taýýarlanýarHususan-da, Orsýete göçmekçi bolýan adamlar degişli resminamalary almak üçin Orsýetiň ilçihanasyna ýüz tutýarlar, olara oňyn karar berlen halatynda dokumentleri Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugyna geçirilýär. Migrasiýa gullugynyň işgärleri dürli döwlet edaralaryndan şol adam baradaky maglumatlary ýygnaýar, onuň jenaýat işine çekilmändigi, maliýe borçnamalary, aliment tölemek we ş.m. borçnamalarynyň bolup-bolmazlygyny anyklaýar we çykyş rugsadyny berýär.
Kimdir çalt jogap alýar, beýlekileri köp aý garaşýar, olaryň arasynda geçen ýylyň bahar aýlaryndan bäri garaşýanlar bar.
Azatlygyň habarçylary kynçylyklara duçar bolan maşgalalaryň ençemesi barada habar berýärler.
Ýagdaýlaryň birinde üç çagaly ene ahyrsoňy gitmäge rugsat alypdyr, ýöne özi we iki çagasy üçin resminamalar gelen hem bolsa, üçünjisi çagasynyň resminamalarynyň ýitirilendigi mälim bolupdyr. Haýsy tapgyrda ýitendigini anyklap bolmandyr. Maşga indi bar işlerini gaýtadan başlamaly bolar.
Başga bir ýagdaýda maşgala birnäçe aý bäri rugsada garaşýar. Bu döwürde ýene bir çaga garaşýar. Indi rugsady almak uzaga çekse, olar çaga dünýä inenden soň ähli resminamalary ýene täzeden ýygnamaly bolarlar.
Türkmenistany terk etmek üçin garaşylýan wagtyň uzaga çekmegi ençeme maşgalany agyr ýagdaýa saldy. Kimdir kwartiralaryny eýýäm satyp, köçede diýen ýaly galdy, kimdir biri dostlarynyň ýa-da tanyşlarynyň öýlerinde ýaşamaga mejbur boldy. Köp maşgalalar bölündi.
Bu aralykda ýurduň daşyna guralýan ýörite uçuşlara islegler artýar. Orsýetiň "S7" awiakompaniýasynyň seýrek uçarlaryna uly nobatlar döredi.
Degişli maglumat Aşgabatda rus wizasyna zerur bolan Çakylyk hatlaryny pula oňaryp berýän toparlar dörediAzatlygyň Aşgabatdaky çeşmelerine görä, ýakyn wagtda Orsýete gitmek üçin sanlyja göni reýs, şeýle-de Türkiýäniň üsti bilen uçmak mümkinçiligi bar. 20-nji fewrala planlaşdyrylan uçuş 28-nji fewrala çenli yza süýşürildi, iki uçar martyň 25-ne we 31-ne planlaşdyrylýar. Anonimlik şertlerde gürleşen çeşmeleriň biri biletiň bahasynyň 371 dollara, başga bir çeşme 480 dollar barabardygyny aýtdylar. Töleg dollarda kabul edilýär, türkmen manady kabul edilmeýär.
Azatlyk Radiosy "S7" awiakompaniýasynyň wekillerinden teswir alyp bilmedi.
Bu aralykda, Azatlygyň habarçylary ýurtdan gitmäge islegleriň uly bolmagy we fewral hem mart aýlarynda Orsýete göni uçuşlarda orunlaryň sanynyň çäkliligi sebäpli köpleriň Türkiýäniň üsti bilen uçmak mümkinçiliklere razy bolýandygyny habar berýärler.
"22-nji fewralda sagat 18: 00-da Türkmen Howaýollarynyň uçary Türkmenabatdan Ankara uçdy. Uçuşdan üç gün öň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň işgärleri Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna gidýän adamlara, göçüp gitmek statusyna eýe bolanlara we maşgalalary bilen birleşmek isleýänlere jaň edip çykdylar. Olaryň arasynda gitmäge rugsady bolan we Russiýanyň S7 howa ýollary bilen Moskwa gitmek mümkinçiligine garaşýan, emma planlaşdyrylan reýsleriň sanawlaryna goşulmadyk adamlar bardy"-diýip ýagdaýdan ygtybarly çeşme, bu adamlara 3600 manada Ankara uçmagyň, soňra bolsa özbaşdak Moskwa aşmagyň teklip edilendigini gürrüň berdi.
Degişli maglumat COVID-19: Lukmanlar ‘köpçülikleýin’ keselleýär, häkimiýetler çäklendirmeleriň möhletini uzaldýarÝurtdyň daşyna gitmekçi bolýan adamlardan häzir ençeme resminama talap edilýär, olaryň arasynda sud edilmedigi hakyndaky resminama, inçekeseliň, WIÇ/SPID-iň ýoklugy baradaky sprawka, ruhy hassalyk keselhanasynda we narkodispanserde hasaba alynmandygy baradaky sprawkalar, saglygyň umumy ýagdaýy baradaky sprawka göz öňünde tutýar. Bu şahadatnamalar ugramazdan ozal alynmalydyr. Resminamalary almak işi maddy çykdajylary hem talap edýär.
Mundan başga, adamlar ýurduň daşyna uçmak üçin Türkmenabada barmaly.
Koronawirus pandemiýasy başlaly bäri ähli ýük we ýolagçy gatnawlary paýtagtdan 620 km uzaklykda, ýurduň gündogarynda ýerleşýän Türkmenabadyň halkara aeroportundan dolandyrylýar. Ýurduň içindäki transport gatnawy çäkli bolmagynda galýar, sebitleriň arasynda ulaglaryň hereketi çäklendirilýär, ýolagçy otlylary geçen tomusdan bäri gatnamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.