Türkmenistanyň gündogaryndaky Lebap welaýatynda merhumlaryň jaýlanmagy üçin täze talaplar girizilenden soň, ilat zerur resminamalary almakda kynçylyk çekýär. Şunuň bilen baglylykda jaýlanyş çäreleri yza süýşürilýär. Şol bir wagtyň özünde, pandemiýa sebäpli öňküsindenem has ýapyk bolan ýurduň daşyna gitmek üçin seýrek pursatdan peýdalanmaga synanyşýan ýaşaýjylar hem resminamalary almak zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz boldular.
Ölýänleriň köpdügi sebäpli merhumlaryň ýakynlarynyň wagtynda resminama almaga mümkinçiligi bolmaýar, edaralarda uly nobatlar emele geldi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylary we çeşmeleri 23-nji fewralda habar berdiler.
Çeşmeleriň gürrüň beren ýagdaýlarynyň birinde, 22-nji fewralda Farapda aradan çykan 55 ýaşly adamyň garyndaşlary ähli zerur kagyzlary ýygnamak üçin ir säherden agşam sagat 17:00 çenli döwlet edaralarynda geçirdiler.
Häzirki wagtda ýerli gonamçylyklarda jaýlanmak üçin ölüm şahadatnamasyndan başga-da ölümiň sebäpleri barada kagyzy öz içine alýan ýörite lukmançylyk resminamalar bolmaly.
Degişli maglumat COVID-19: Aşgabatda waksina sanjymlary dowam edýär, Lebapda gonamçylyklara giriş çäklendirilýär22-nji fewralda Azatlykyň Lebapdaky habarçylary ilatyň gonamçylyklara barmagynyň çäklendirilendigini, şol sanda jaýlanyş çäresine gatnaşmagyň we ýakyn garyndaşlarynyň mazarlaryna zyýarat etmegiň gadagan edendigini habar berdiler. Hususan-da, bu gadagançylyk keselhanada ýogalan adamlaryň ýakynlaryna degişli.
Habarçylaryň we Azatlygyň çeşmeleriniň sözlerine görä, ýurtda ilatyň arasynda ölüm derejesi ýokarlanýar. Her sebitde her gün diýen ýaly jaýlanyş çäreleri geçirilýär.
Paýtagtda ýygnanyşyklara girizilen çäklendirmelere garamazdan, şäheriň dürli ýerlerinde ýas çadyrlary yzygiderli gurulýar. Jaýlanyş çäreleri sanitariýa düzgünleriniň berjaý edilmeginde gyssagly amala aşyrylýar. Paýtagtyň gonamçylyklarynda işçiler ak kostýumlarda, elliklerde we ýörite maskalarda işleýärler. Mazarlar çalt gazylýar, derrew tabyty düşürýärler we gabyrlary dessine gömýärler.
Türkmenistanyň häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda koronawirus alamatlary bilen geçýän we ölüme sebäp bolýan keselçiligiň ýaýramagy barada aç-açan düşündiriş bermeýärler. Ýogsa, eýýäm geçen tomus aýlarynda Türkmenistanyň paýtagtynda we sebitlerinde her maşgalada diýen ýaly syrkaw ýa-da ölen adamlaryň bardygyny, gonamçylyklarda mazarlaryň yzygiderli we gyssagly gazylýandygyny we morglaryň ölenleriň jesetlerini plastik paketlere salyp gowşurylandygyny habarçylarymyz habar beripdi.
Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň sözlerine görä, ýurtda henizem koronawirus ýok. Dekabr aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň prezidenti ýurtda COVID-19 keseliniň hasaba alnan hadysasynyň ýokdugyny ýene aýdy we muny "üstünlik" diýip atlandyrdy.
Degişli maglumat Türkmenistan: keselhanada ölenler ýörite geýimli adamlar tarapyndan jaýlanýar, hoşlaşyga rugsat berilmeýärBu aralykda, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler ýurtdan çykmak mümkinçiligine garaşýan ýurduň raýatlary syýahatçylyk üçin zerur lukmançylyk resminamalaryny almaga howlukýarlar. Şolaryň arasynda hemişelik göçüp gidýänler, şeýle hem ýurtdan çykyp bilmän galan daşary ýurtlular bar. Käbirleri geçen ýylyň aprel aýyndan bäri gitmek mümkinçiligine garaşýarlar.
Azatlygyň Aşgabatdaky anonim çeşmelerine görä, ýakyn wagtda Orsýete gitmek üçin sanlyja mümkinçilik göz öňünde tutulýar, şolaryň biri Türkiýäniň üstünden geçýär.
"22-nji fewralda sagat 18: 00-da Türkmen Howaýollarynyň uçary Türkmenabatdan Ankara uçdy. Uçuşdan üç gün öň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň işgärleri Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna gidýän adamlara, göçüp gitmek statusyna eýe bolanlara we maşgalalary bilen birleşmek isleýänlere jaň edip çykdylar. Olaryň arasynda gitmäge rugsady bolan we Russiýanyň S7 howa ýollary bilen Moskwa gitmek mümkinçiligine garaşýan, emma planlaşdyrylan reýsleriň sanawlaryna goşulmadyk adamlar bardy"-diýip ýagdaýdan ygtybarly çeşme, bu adamlara 3600 manada Ankara uçmagyň, soňra bolsa özbaşdak Moskwa aşmagyň teklip edilendigini gürrüň berdi.
Degişli maglumat 'Mazarlar tekiz bolmaly'. Ölüm köpelen wagtynda Türkmenistanda jaýlamak boýunça täze talap girizilýärOnuň sözlerine görä, köpler gitmäge uly islegi bolup, fewral hem mart aýlarynda Orsýete göni uçuşlarda orunlaryň sanynyň çäkliligi sebäpli Türkiýäniň üsti bilen hödürlenen mümkinçilige razy bolupdyr. Mundan oň Orsýete 20-nji fewralda meýilleşdirilen uçuş 28-nji fewrala çenli yza süýşürildi, mart aýynyň 25-ne we 31-ne iki sany uçar planlaşdyrylýar, bilediň bahasy 371 amerikan dollara durýar.
Ýurtdan gidýänler zerur resminamalary almaly we Türkmenabat şäherine barmaly. Ýurduň gündogaryndaky halkara howa menzili koronawirus pandemiýasy başlaly bäri ýurduň ýeke-täk howa portuna öwrülip, ähli ýük we ýolagçy gatnawlary Türkmenabadyň üstünden amala aşyrylýar.
Türkmenistan 2020-nji ýylyň mart aýynda uçuşlary togtatdy, ýylyň dowamynda halkara gatnawlaryna girizilen gadaganlyk birnäçe gezek uzadyldy, soňky şu ýylyň 1-nji martyna çenli uzaldyldy. Şeýle hem ýurtda geçen ýylyň aprel aýynyň başynda girizilen welaýatlaryň arasyndaky hereket çäklendirmeleri saklaýar, ýolagçy otlylary 16-njy iýuldan bäri gatnamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Onuň sözlerine görä, köpler gitmäge uly islegi we fewral hem mart aýlarynda Orsýete göni uçuşlards orunlaryň sanynyň çäkliligi sebäpli Türkiýäniň üsti bilen hödürlenen mümkinçilige razy bolupdyr. Mundan oň Orsýete 20-nji fewralda meýilleşdirilen uçuş 28-nji fewrala çenli yza süýşürildi, mart aýynyň 25-ne we 31-ne iki sany uçar planlaşdyrylýar, bilediň bahasy 371 amerikan dollara durýar.