Aşgabatda saglyk we kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine koronawirusa garşy waksina sanjymlary urulýar. Bu aralykda, Lebapda waksina kampaniýasy, häkimiýetleriň ozalky yglan eden meýillerine garamazdan, heniz hem başladylmady. Ýurduň esasy karantin zolaglary ýerleşýän Lebapda egin-eşik we gurluşyk harytlarynyň söwdasy gaýtadan ýola goýuldy. Mundan başga-da, gündogar welaýatda adamlaryň ölüm hadysalarynyň köpelmeginiň arasynda, gonamçylyklarynda täze çäklendiriji düzgünler ornaşdyryldy. Türkmen häkimiýetleri heniz hem koronawirusyň ýeke ýagdaýyny resmi taýdan hasaba almadylar.
Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly, şu aýyň başyndan bäri paýtagtda COVID-19-a garşy Russiýanyň “Sputnik-V” waksinasy bilen sanjymlar urulyp başlandy. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri munuň çäklerinde, Ýokanç keselleri bejeriş öňüni alyş merkeziniň, şeýle-de S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň tas ähli saglyk işgärlerine waksina sanjymynyň urulandygyny habar berýär.
Neşir öz çeşmelerine salgylanyp, galan raýatlara martda waksinasiýa edilmegine garaşylýandygyny, sanjymyň birinji tapgyrynyň mugt, ikinji tapgyrynyň hem, iň azyndan işleýän adamlar üçin, pully boljakdygyny belleýär.
Maglumata görä, Suw hojalygy ministrliginiň, şeýle-de, energetika, transport we atçylyk pudaklarynyň işgärlerinden waksinasiýa üçin eýýäm häzirden 200 manat möçberinde pul toplanýar.
Bu aralykda, ýurduň esasy karantin zolaglarynyň ýerleşýän Lebap welaýatynda häkimiýetleriň 15-nji fewraldan başlap, birinji derejeli töwekgelçilik toparyna girýän raýatlaryň, şol sanda saglyk işgärleriniň we mugallymlaryň waksinasiýa ediljekdigi baradaky yglan eden meýillerine garamazdan, bu işlere heniz girişilmedi.
“Russiýadan 17-nji fewralda Türkmenabadyň aeroportyna gelen waksinalaryň tas ählisi diýen ýaly, mundan ozalky gezekler-de hem bolşy ýaly, ýene-de dessine Aşgabada ugradyldy. Türkmenabatly saglyk resmisi az sanly waksinany aeroportdan gol çekip, alyp gitdi. Emma olaryň kime sanjym ediljegi belli däl. Bularyň ýerli ýokary derejeli resmiler üçin niýetlenen bolmagy mümkin. Saglyk işgärlerine ýa-da beýleki adaty raýatlara waksinasiýa ediljek bolsa, biziň mundan habarymyz bolardy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň efirde tutulmagyny islemedik türkmenabatly lukmanlaryň biri 22-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.
Habarçymyz Türkmenabatda maska režimine gözegçiligiň güýçlendirilmeginiň arasynda, sebitdäki ozalky çäklendirmeler sebäpli togtadylan egin-eşik we gurluşyk harytlarynyň söwdasynyň täzeden ýola goýlandygyny hem aýtdy.
Azatlygyň ýurduň gündogar welaýatyndaky ýene bir habarçysy, sebitiň gonamçylyklarynda adamlary jaýlamak üçin täze talaplaryň girizilendigini, şeýle-de mazarystana, şol sanda merhumlaryň hossarlary üçin girişiň çäklendirilendigini habar berdi.
“Türkmenabatda, şeýle-de Çärjew we Farap etraplarynda adamlaryň ölmegi ýaly ýagdaýlar köpelýär. Indi gonamçylykda kimdir-birini jaýlajak bolsalar, onda hossarlaryndan merhumyň ölüm şahadatnamasyny we lukmanlaryň ýörite kepilnamasyny soraýarlar. Bu günler hassahanalarda lukmanyň kepilnamasyny almak üçin uly nobatlar döredi” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan faraply ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Ol sözüni dowam etdirip: “Eger-de näsag keselhanada ýogalan bolsa, onda onuň jesedi hossarlaryna berilmeýär, olara diňe merhumynyň gonamçylykda jaýlanjak ýeriniň belgisi mälim edilýär. Gonamçylyklara barmak gadagan. Mazarystanyň girelgesinde adam jaýlaýan ýörite bir topar bar. Olara iş haky hökmünde, 1 müň 200 manat bermeli. Şeýdip, ýakynlary öz merhumlaryny soňky ýola ugradyp, onuň mazar daşynyň öňünde doga-dileg edip bilmeýärler. Gonamçylygyň müjewüri belki iki aýdan soňra, merhumlaryň mazarlaryna goýberilip başlanmagynyň mümkindigini aýtdy” diýip, belledi.
Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça, ýurtda COVID-19-yň ýeke hadysasynyň hem resmi taýdan hasaba alynmandygyny aýdýan türkmen häkimiýetlerinden kommentariýa almak başartmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.