Aşgabatda hassahanalarda ölen hassalar bilen hoşlaşyga rugsat berilmezden ýapyk tabytlarda jaýlanýar. Morgyň işgärleri ýörite geýimlerde, gonamçylyklarda mazar gazýanlar hem ak kostýumlarda, elliklerde we ýörite maskalarda işleýärler. Bu, COVID-19 resmi taýdan hasaba alynmadyk ýurtda bolup geçýär.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri koronawirus keseli bilen bagly her gün özleriniň şaýat bolan ýagdaýlary, şol sanda ölüm wakalary barada habar berýärler. Ýagdaýlaryň biri barada aşgabatly çeşmämiz 18-nji fewralda şeýle gürrüň berdi.
- Ýokanç keseller hassahanasynda ölen bir tanyşymyzy jaýladyk. Morgda ölüm şahadatnamasyny görenlerinde: "Siz üçin hoşlaşmak dabarasy ýok" diýdi. Ýörite gorag eşikli işgärler çykdy, diňe merhumyň aýalynyň we oglunyň girmegine rugsat berdiler. Basym tabydy açdylar, merhumyň hlorly ak mata örtülen jesedini görkezdiler, onuň kellesi we ýüzi hem örtülipdir. Merhumyň ýüzündäki örtgini çala açdylar we:" Siziňkimi? " diýip soradylar we derrew tabydy ýapdylar - diýip, efirde adynyň agzalmazlygyny soran söhbetdeşimiz gürrüň berdi.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, Çoganlydaky morgda iki bölüm bar. Biri musulmanlar we beýlekisi hristianlar üçin. Olaryň adaty jynaza çäreleri tapawutlanýan hem bolsa, häzirki wagtda jaýlanyş çäreleri sanitariýa çäreleriniň berk berjaý edilmeginde gyssagly we birmeňzeş geçirilýär.
Paýtagtyň gonamçylyklarynda işçiler ak kostýumlarda, elliklerde we ýörite maskalarda işleýärler. Mazarlar çalt gazylýar, derrew tabydy düşürýärler we gubury tiz ýapýarlar, merhum bilen hoşlaşmaga baran adamlara, däp-dessurlara görä mazara bir gysym toprak zyňmaga ýol bermeýärler.
Türkmenistanyň häkimiýetleri global pandemiýa döwründe ýurtda ýüze çykýan koronawirus hadysalary we ýokary ölüm derejesi barada aç-açan düşündiriş bermeýärler. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan lukmanlar bolsa, ölüm derejesiniň ýokarydygyny ilatyň aglaba köplügine kadaly lukmançylyk kömeginiň elýeterli däldigi bilen düşündirýärler.
Näsaglaryň köp bolmagy, hyryn-dykyn hassahanalaryň ýetişiksiz şertlerde işlemegi, karantin zolaklarynda hassalar we lukmanlar üçin agyr şertler ýaly ýagdaýlaryň fonunda, ýurtda dowam edýän derman gytçylygy we gymmatçlygy ilat köpçüligine öýde kadaly bejergi alyp bilmezligine sebäp bolýar.
Mundan başga-da, saglyk işgärleriniň bellemegine görä, medisina edaralarynda arassaçylyk şertleriniň pesligi "hassahana içindäki infeksiýalaryň" ýygy-ýygydan güýçlenmegine we hassalaryň ýagdaýynyň agyrlaşmagyna sebäp bolýar. Ýogsa-da, hassahanalaryň korpuslarynyň "arassaçylyk çäreleri" üçin wagtal-wagtal birnäçe günlük ýapylýandygyny lukmanlar belleýärler.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, koronawirus bilen kesellänleriň ýa-da keseliň bolmagy güman edilýän adamlaryň ýerleşdirilýän karantin zolaklaryndaky ýagdaý has agyr görünýär.
"Polimeks jaýlaryndaky hassahana barada aýdylanda, lukmanlaryň özleri ony bagt synamak diýip atlandyrýarlar. Köplenç koronawirusy tassyklaýan testleri bolan näsaglar ol ýere keseliň ýeňil geçýän görnüşinde alnyp barylýan bolsalar, birnäçe günden soň olaryň ýagdaýy agyrlaşýar" - diýip paýtagtyň saglyk işgärleriniň birnäçesi bilen gürleşen habarçymyz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, karantin zonasynda hassalara olaryň ýagdaýyna görä çemeleşilmeýär, lukmanlaryň we esasanam şepagat uýalarynyň hünär derejesi pes, edilýän sanjymlaryň we berilýän dermanlaryň mukdarynda ýalňyşlyk goýberilýär we bir-birine gabat gelmeýän dermanlar berilýär.
Azatlyk Radiosy bu karantin zonasynyň wekillerinden, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden resmi taýdan maglumat almaga synanyşýar. Häzirlikçe eden tagallalarymyz başa barmady.
Aşgabatda öň “Polimeks” türk kompaniýasyna degişli bolan binalarda ýerleşýän karantin zonasy geçen ýylyň tomus aýlaryndan bäri COVID-19 testleri oňyn netije görkezen hassalary kabul edýär. Ozal habarçylar karantiniň takmynan 1000 adama niýetlenendigini, bu karantin zolagynda aýratyn şertleriň ýokdugyny, lukmançylyk işgärleriniň gaty kyn şertlerde işleýändigini habar berdiler.
Ýurtda häzirki wagtda koronawirusa garşy waksinasiýa edilýär.
Orsýetiň "Sputnik V" waksinasy töwekgelçilik toparyna girýän adamlara edilýär, olaryň arasynda medisina işgärleri, polisiýa işgärleri, jemgyýetçilik ulag sürüjileri we köp sanly adam bilen aragatnaşyk saklaýan döwlet işgärleri bar.
Türkmenistanda koronawirusa garşy waksinasiýa fewral aýynyň başyndan bäri amala aşyrylýar, ýöne paýtagtda-da köp sanly medisina işgärine entek waksina edilmändir, şol sanda koronawirusly näsaglary kabul edýän hassahanalaryň işgärlerine.
18-nji fewralda Aşgabatdaky habarçylarymyz häzirki wagtda 7-nji saglyk öýünde işgärlere koronawirusa garşy waksinasiýanyň doly edilendigini, 8-nji saglyk öýünde bolsa, işgärleriň käbirine waksina edilendigini anykladylar.
Ýurtda COVID-19-yň ýokdugyny resmi taýdan yglan eden Türkmenistan ýanwar aýynda koronawirusa garşy Orsýetde öndürilen iki waksinany hasaba aldy we beýleki öndürijilerden waksinalary satyn almak mümkinçiliklerini öwrenmek isleýändigini mälim etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.