Türkmen raýaty, 2015-nji ýylda jenaýat jogapkärçiligine çekilen we ýyl kesilen, häkimiýetler tarapyndan urlup-ýenjilen we kemsidilen zenan, Aşgabadyň Köpetdag etrabynyň ozalky işgäri Orsýetde adam hukuklaryny goraýan "Memorial" merkezi bilen söhbetdeş bolup, Türkmenistandaky kanunçylygyň ýagdaýy, deslapky tussaghana şertleri, türkmen türmelerindäki korrupsiýa hakynda jikme-jik maglumat berdi.
"Memorialyň" Merkezi Aziýa programmasynyň aşgabatly zenan bilen söhbetdeşlik esasynda geçen ýylyň aýagynda we şu ýylyň başynda çap eden maglumatlaryny Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen öňki tussaglar hem tassyk edýär.
Ýyl kesilenden gysga wagt soň günä geçiş arkaly azatlyga çykan zenanyň türme ýatlamalary "Türkmen türmelerinde geçirilen 50 gün" atlandyrylýar.
Degişli maglumat Ozalky häkim Ýazgeldi Gündogdyýew Tejen türmesinde aradan çykdy“Özüm hakynda kän gürrüň berjek däl, megerem bu o diýen gyzykly bolmaz. Men Nýazow döwründe Aşgabadyň Kopetdag etrabynda işledim. Tamamlanan ýokary bilimim ýokdy we üstesine Türkmenistanda ermeni familiýasy bilen wezipe basgançagynda öňe süýşmek mümkin däl. Şol sebäpden ŽET-de, ýaşaýyş jaý ulanyş trestinde bagban, dispetçer hökmünde hasaba alyndym. Aslynda, men Kopetdag etrabynyň häkiminiň ştatdan daşary kömekçisi boldum. 2007-nji ýylda Derýa Nuryýewiç ýokary wezipä çekildi we tiz wagtdan familiýam sebäpli diskriminasiýadan öýkeläp, işden çykdym" diýip, öňki tussag işden çykanyndan soňam käbir işleri başarandygyny we türmä düşendigini gürrüň berýär.
Ady aýdylmaýan türkmen raýaty aýallara sürüjilik şahadatnamasyny bermezlik barada dilden berlen görkezme bilen baglylykda, öňki tanyşlaryndan peýdalanyp, bir aýala sürüjilik şahadatnamasyny almaga kömek etmekde aýyplanypdyr. Has anygy, onuň kömek eden aýaly ozalky etrap häkimine garşy maglumat toplamak maksady bilen ýörite iberilen adam bolup çykýar. Kömek soran aýalyň erkek dogany prokuraturada derňew bölüminiň müdiri bolup işleýän eken diýip, öňki tussag "Memorial" bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Merkezi Aziýa programmasynyň bellemegine görä, öňki tussag 2004-2007-nji ýyllarda Aşgabadyň Köpetdag etrabynyň häkimi bolan Derýageldi Orazowyň kömekçisi bolupdyr. 1962-nji ýylda doglan D.Orazow 2007-nji ýylda Syýahatçylyk we sport boýunça döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenýär we soň 2008-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli aralykda ilki Aşgabat şäheriniň häkimi, soňra Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary bolup işleýär.
Degişli maglumat Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 800-den gowrak tussagy türmeden boşatdyÖňki tussag özünden öňki başlygy barada, hususan-da onuň eden bikanun işleri barada maglumat almaga çalşandyklaryny, sülçiniň hatda, hyzmatdaşlyk etmese, ogullyga alan 9 aýlyk çagasyny yzyna almak haýbatyny hem atandygyny gürrüň berýär.
"Derňewçiniň ady Yslamdy (familiýasy häzir ýadymda däl). Öň Derýa Nuryýewiç bilen işleşendigim üçin, ol häkim nähili ters işleri etdi, ŽET başlygy (işleýär diýip bellige alnan ýerim) nämeleri öwrüp-çöwürdi, ölenleriň kwartiralaryna näme boldy we ş.m. hakda köp sorag berdi. Düşündim: Derýa Nuryýewiçe garşy hapa ýygnaýarlar. Oňa 15 ýyl we ondanam köp berip bilerler, amnistiýa hem düşmez, meni hem jenaýat şärigi ederler, hiç kime hiç zat subut etmersiň. Şu sebäpden hiç zady bilmeýändigimi, diňe kezzapçylyk edendigimi aýtdym" diýip, öňki başlygyny garalamagy üçin basyş edilen, hatda dokuz aýlyk çagasynyň hem elinden alynjakdygy aýdylan ene ýurtda adamlaryň bir-birine garşy görkezme bermäge mejbur edilişiniň köp eşidilýän mysallarynyň birini tassyk edýär.
Öňki tussagyň 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda sud edilişi hem türkmen kazyýetleri barada eşidilen öňki gürrüňleri tassyklaýar.
"Kazy maňa alty ýyl berýär. Rahman atly kazy Büzmeýndendi (häzirki Abadan). Ol meniň aýal doganymyň goňşusy, suddan öň onuň ýanyna bardylar" diýip, öňki tussag kazynyň ýagdaýyny, onuň ýüz ugruna: “Men hiç zat edip bilemok. Maňa eýýäm prokuraturadan jaň etdiler, oňa ýyl kesmelidigimi duýdurdylar, ol köp zat bilýär, onuň bilen suddan soňam köp gidişerler" diýendigini gürrüň berýär.
Degişli maglumat Hukuk goraýjylar aktiwistleri yzarlamagyň, gorkuzmagyň bikanundygyny aýdýarlarŞeýlelikde, "eger alla halasa, birinji günä geçişe düşmegi üçin", Rahman atly kazynyň maslahaty bilen, tussagyň ejesi 3 müň dollar para berýär.
"Hökümden soň meni kazyýetiň aýratyn kamerasyna ýerleşdirdiler. Şol ýerde sagadyna ýüz manat berseň, ejeň ýanyňda oturyp, çagaňy hem görüp bilýärsiň. Diýlen puly töledik, ejem meniň bilen oturdy. Konwoý gelýänçä dört sagat garaşdym" diýip, öňki tussag ýatlaýar.
Soňra ol Aşgabadyň Žitnikow köçesindäki deslapky tussaghanada, eýlesi-beýlesi dört ädimlik kamerada 16 aýal bilen oturan 13 güni hakynda gürrüň berýär.
"Otag inedördül, biz ony ädimläp ölçedik – eýläk dört ädim, beýläk dört ädim, biz köplükdik, on alty töweregi aýal-gyzdyk. Düşek ýa-da ýassyk ýokdy... Sentýabr aýy bolsa-da, heniz yssydy. Hajathana hem şol ýerde, kameranyň içinde, ol diňe poluň deşigi. Suw akmaýar. Nobatçylyk edýän adama pul berseň, ol ýörite açar berer, sen açarsyň we azajyk suw geler" diýip, tussag aýdýar.
Şeýle-de ol öňki ýolbaşçylaryň hatda deslapky tussaghanada hem, suddan soň etapa garaşýan wagtlarynda-da beýleki tussaglardan has gowy şertlerde saklanylýandygyny gürrüň berýär.
Alty ýyl azatlykdan mahrum edilen zenan gysga wagt soň, ejesiniň prosentine alyp beren 3 müň dollary netijesinde, nobatdaky günä geçişe düşýär.
Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolmazyndan öň esasan Gadyr gijesine gabat yglan edilen prezident günä geçişleri soň her uly baýramçylyga gabat geçirilmeli edildi we ýerli ýagdaýdan habarly adamlar amnistiaýalaryň köpeldilmeginiň korrupsiýany hem kän esse köpeldendigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Hukuk goraýjylar 'türmesi tussagdan doly' Türkmenistany halkara ülňülerine çagyrýarlarÖňki tussagyň ýatlamalary türkmen türmelerinde aýallaryň kemsidilişi barada aýdylýan zatlary hem bölekleýin tassyk edýär, ol aýallary hem, ähli ýerine, hatda içki eşiklerine çenli el urup, erkekleriň barlaýandygyny gürrüň berýär. Onuň sözlerinden çen tutulsa, tussag aýallary urmak, depmek hem adaty zat bolup görünýär.
Bir gezek men nobatçydan gije öýjükli telefonyndan ejeme jaň etmäge mümkinçilik bermegini haýyş etdim. Nobatçylaryň hemmesiniň jübi telefonlary bar. Ejem "Altyn Asyr" (mobil telefon aragatnaşygy kompaniýasy) nomerine takmynan 100 dollar iberdi, soň maňa ýuwunmaga rugsat berildi" diýip, ol para bermeseň, etaba garaş diýip, hatda üstüňden suw akytmaga hem mümkinçilik bermeýändiklerini aýtdy.
Öňki tussag Žitnikow köçesindäki tussaghanadan 16 aýal bilen ýene bir topar erkegi, depilip dykylan ýaly edip, bir maşynda demirýol menziline alyp gidişlerini, aralarynda inçekeseliň açyk görnüşi bilen kesellän erkekleriň hem bolandygyny, muny olaryň özleriniň aýdandygyny hem gürrüň berýär.
Aşgabatdan Ýaşlyk şäherçesine otly bilen alnyp gidilen tussaglara otludaky esgerler hem täjirçilik hyzmatlaryny hödürleýärler, jaň etjekmi, 100 manat, 50 manat...
"Men ejeme jaň etdim, ol 20 dollar çemesi pul iberdi, bu pul üçin maňa sowuk suw berdiler" diýip, tussag gürrüň berýär.
Degişli maglumat "Memorial" merkezi azatlykdan mahrum edilen iki türkmen studenti barada täze maglumatlary äşgär etdiElbetde, Žitnikowda saklanan we ol ýerden etap bilen ugradylan ozalky başlyklar Aşgabatdan Ýaşlyga türme işgärleriniň sowadyjyly "gazellerinde" iberildi diýip, ol belleýär.
Dowamy bar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.