Farapda miras dawasy sebäpli öz ýakyn doganlaryna agyr beden ýarasyny salan adamlar bar, soňky iki ýylda bolsa, miras dawasynda dört adamyň ölümine getiren ýagdaýlar hasaba alyndy diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär.
Türkmenistanda soňky ýyllarda ene-atalaryndan galan miras üstünde oňuşman, öz dogan-garyndaşlary bilen tersleşýän, gatnaşygyny kesýän, hatda 'duşmançylyk' derejesine ýetýän adamlaryň barha köpelýändigi aýdylýar, ýöne Azatlyk ýurduň degişli edaralaryndan bu mesele boýunça hiç bir resmi maglumat alyp bilmedi.
Degişli maglumat Lebaplylar paýlanan melleklerinde bäş ýyl bäri jaý gurup bilenokAdatça, türkmençilik däbine görä, ene-atadan galan miras maşgalanyň körpe çagalasyna geçerdi we ululary bir agyz öz miras paýlaryndan geçendiklerini, ony körpe jigilerine bagyş edendiklerini aýdardylar. Emma indi ýurduň sebitlerinde-de, paýtagtda-da miras üstünde sudlara ýüz tutup, kazyýet işlerini açdyrýanlaryň sany barha köpelýär diýip, Azatlyga gowuşýan maglumatlarda aýdylýar.
Ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy bilen, miras paýlaşmak meselesinde açylýan kazyýet işleri Farap etrabynda we Türkmenabat şäherinde has köpelýäne meňzeýär diýip, habarçy hukuk goraýjylara salgylanyp aýtdy.
Türkmenabadyň şäher kazyýetinde birnäçe işe gatnaşan aklawçy Jora aganyň maglumatlaryna görä, müşderileriň atalaryndan galan jaýy doganlary bilen deň bölüşmek ýa-da paýyny almak üçin suda ýüz tutmagy düýpli ýygjamlaşdy.
"Raýatlaryň käbiri sähelçe bahasy bolan emläkden hem paý aljak bolup, sudda öz peýdasyna karar çykartmak üçin aklawçylara ýüz tutýar, ýogsa olaryň dawa edýän emläkleri süýtdeş doganlarynyň göwnüne degenlerine hem degenok" diýip, Jora aga habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Emma ol häzirki ykdysady kynçylyklardan gorkan adamlaryň bir toparynyň indi mirasdan alan paýy bir aýlyk azygyna ýetse-de, örän 'hoş bolýandygyny', başga zat bilen işiniň ýokdugyny hem sözüne goşdy.
Degişli maglumat Türkmenistan jaý edinmegiň iň çylşyrymly döwründe gurluşyk pudagynyň 'gülläp ösendigini' gaýtalaýarFarap kazyýetinde işleýän bir kätibiň beren maglumatyna görä, häzir bu etrapda geçirilýän kazyýet diňlenişikleriniň tas 80 göterime golaýy miras dawasy bilen bagly.
Türkmenistanyň raýat kodeksiniň 1183-nji maddasyna laýyklykda, miras ýüze çykanyndan soň alty aýyň dowamynda kabul edilmeli we, tejribä görä, miras galdyryjynyň esasy emlägi onuň ýaşaýan jaýy, mellek ýeri, mallary we öz goşlary bolýar.
Kanunyň 1085 maddasyna laýyklykda, miras galdyryjynyň ýaşaýan ýeri miraslyk emläginiň ýüze çykan ýeri diýlip hasaplanýar.
"Kanun maddalaryny, mirasyň doganlaryň arasynda deň bölünmegi baradaky kadalary öz peýdasyna ulanjak bolup, dürli jenaýatlara ýüz urýan adamlar köpeldi, emma häkimiýetler barha ýitileşýän miras dawasyny görmezlige salýarlar" diýip, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly aklawçy Azatlyk radiosyna aýtdy.
Türkmenistanda mellek ýerini almak we jaý salynmak hem hemişe çylşyrymly bolmagynda galdy. Bu ýagdaý, ykdysady şertleriň agyrlaşmagy, işsizligiň aşa ösmegi bilen, kakasynyň jaýynda ýa-da mellek ýerinde kiçiräk jaý salyp oturan adamlaryň köpelmegine alyp geldi.
Mellek ýerini alyp bilmän, Farapda bir howluda üç maşgala bolup ýaşaýan doganlar hem az däl, hatda bir jaýda bäş maşgala bolup ýaşaýan hem bar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
Degişli maglumat ‘Ahalda resmiler 1 mellek ýerini ýa-da 30 ýyllyk ipotekaly 2 etažly jaýy birwagtda 3-4 adama birden satýar’"Köp adamyň işi ýok, pul, para bermeseň, mellek ýerini ýa-da jaý edinmek üçin bank karzyny alyp bolmaýar, ipoteka diňe döwletde işleýänlere berilýär, ýöne olaram uly para bermeli bolýar" diýip, habarçy aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.