Türkmenistanda düýn, 28-nji awgustda “Türkmengurluşyk - 2018” atly halkara sergisi we “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat açyldy, şol bir wagtda metbugatda ýurduň gurluşyk pudagynda ýol berlen ýalňyşlyklar, bu ugurda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa, jaý edinmek üçin uly bergä batýan hojalyklar barada gürrüň edilmeýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäre mynasybetli çap etdiren gutlagynda ýene bir gezek ýurtda alnyp barylýan gurluşyklary ýerli gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek talabyny ýatladýar. Bu talap döwlet baştutanynyň importuň öwezini tutýan, daşary ýurtlara eksport edip boljak öünmleri köpeltmek syýasaty bilen bagly.
Emma türkmen hökümetiniň tankytçylary daşary ýurt firmalary bilen ýüzlerçe million dollarlyk çişirilen gurluşyk şertnamalaryna gol çekmegiň dowam etdirilýän wagtynda ýerli gurluşyk senagatyny ösdürmegiň kyn boljakdygyny, şol bir wagtda daşardan getirilýän gurluşyk materiallaryna tölenýän altyn puluň arkasynda ýokary derejeli resmileriň şahsy bäbitleriniň gizlenýändigini öňe sürýärler.
Azatlygyň 9-njy awgustda döwlet eýeçiligindäki media salgylanyp habar berşi ýaly, daşary ýurt gurluşyk firmalarynyň türkmen bazaryndaky täsirini Türkiýäniň “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kärhanasy bilen baglaşylan ýüzlerçe million dollarlyk şertnama hem gytaklaýyn tassyk edýär.
Bu şertnama ýurtda aýlyklaryň, pensiýa tölegleriniň gijikdirilýän, azyk önümleriniň bahalarynyň gymmatlaýan, manadyň dollaryň garşylygyndaky hümmetiniň barha aşak gaçýan wagtynda, prezident Berdimuhamedowyň özi tarapyndan gol çekildi.
Bellemeli ýeri, bu türkmen bazarynyň daşary ýurt gurluşyk senagatyna köp derejede garaşly ýagdaýa düşmeginiň, daşary ýurt firmalary bilen gol çekilenýüzlerçe million dollarlyk gurluşyk şertnamalarynyň diňe soňky mysaly bolup durýar.
Ondan öň, mysal üçin Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň 2014-nji ýylyň noýabrynda Aşgabada türkmen kärdeşi bilen geçiren gepleşiklerinden soň aýdan sözlerine laýyklykda, “türk firmalarynyň Türkmenistanda durmuşa geçirýän ýa boýun alan taslamalarynyň bahasynyň 42 milliard dollardan geçendigi” belli boldy.
Şol wagt Türkmenistanda 600-e golaý türk kompaniýasy we firmasy işleýärdi we olaryň gurýan binalarynyň gurluşyk materiallarynyň agramly bölegi, mermer daşlaryndan başlap, Türkmenistanda öndürip boljak semente çenli daşardan, altyn pula getirilýärdi diýip, ozal şu pudakda terjimeçi bolup işlän türkmenistanly Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.
Türkmenistan garaşsyzlygyň başky ýyllarynda daşary ýurtlara, hususan-da kawkaz ýurtlarynyň telekeçilerine Aşgabadyň aýna kombinatynda öndürilýän aýnalaryň bir bölegini altyn pula satýardy diýip, bu pudakdaky problemalara belet aşgabatly synçy adynyň aýdylmazlyk şerti bilen gürrüň berdi.
“Türkmenistanyň gurluşyk materiallary senagatyny ýykmak 1990-njy ýyllaryň başynda Gurluşyk materiallary senagaty ministrligini ýapmakdan başlandy” diýip, synçy aýdýar.
Onuň sözlerine görä, garaşsyzlygyň başky ýyllarynda mellek ýeri berlen we hususy jaý salynjak adamlara Gurluşyk senagaty ministrliginiň öndürýän gurluşyk materaillaryndan 200 şifer, 10 müň kerpiç, 15 tonna sement arzan bahadan berilýärdi, bu adamlara uly kömek bolýardy.
“Emma soňra gurluşyk pudagy, gurluşyk materiallarynyň söwdasy döwlet emeldarlarynyň bikanun baýlyk toplaýan ýerine öwrüldi, adamlaryň jaý gurunmagy, jaý satyn almagy Türkmenistanyň taryhynda görülmedik derejede çylşyrymlaşdy, maşgalalar jaý üçin ummasyz uly bergi-borja girýärler, ýöne muňa ösüş diýip bolmasa gerek” diýip, 70 ýaşyndaky ýerli synçy Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.