Geljek ýylyň ýanwaryndan başlap, Marynyň kanun goraýjy edaralarynda bir maşgaladan birden köp adam ýa-da dogan-garyndaşlar işleýän bolsa, onda bu işgärleriň köpçülikleýin işden boşadylmagy planlaşdyrylýar.
Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy organ işgärleriniň ençemesine salgylanyp, bu barada kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine eýýäm duýduryş berilendigini we munuň bilen bagly ýüzlerçe organ işgäriniň işini ýitirmegine garaşylýandygyny habar berýär.
"Täze ýyldan başlap, garyndaşy organ işinde işleýän raýatlaryň şol ugurdan işlemegi gadagan edilýär. Mysal üçin, bir maşgalada polisiýa işgäri bar bolsa, onda onuň dogan-garyndaşlary şol ugurdan ýa-da Milli howpsuzlyk ministrliginde, prokuraturada, kazyýetde, ýangyn söndüriji edaralarda işlemeli däl" diýip, sebitiň kanun goraýjy edaralarynyň birinde işleýän işgär anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Degişli maglumat Işsizlik gezegi polisiýa ofiserlerine hem ýetdi, ilat parahorlugyň azalmagyna garaşýarOnuň sözlerine görä, dilden aýdylan bu gadagançylykdan soň, şu günler kanun goraýjy edaralarda işleýän işgärleriň ählisiniň üç arkasy barlanyp başlandy. Şeýle-de olara organ işinde işleýän iki garyndaşdan biriniň işini ýitirjekdigi duýduryldy.
Marynyň agzalýan edaralarynyň resmileri bu gadagançylygyň sebäplerini düşündirmeýärler. Şeýle-de, olar haýsy ýakynlykdaky, ýagny garyndaşlykdaky iki raýatyň organ işinde işläp bilmeýändigi barada hem anyk maglumat bermeýärler.
Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Marynyň agzalan edaralaryndan kommentariýa hem alyp bilmedi.
Ýöne bu maglumatlar 2021-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, Lebabyň polisiýa bölümleriniň işgärleriniň köpçülikleýin işden boşadylmagyna, ýüzlerçe polisiýa işgäriniň işini ýitirmegine garaşylýandygy baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.
Azatlygyň lebaply habarçysynyň 23-nji dekabrda beren maglumatyna görä, hususan-da ýol gözegçiligi we gorag bölümleriniň ofiserleri köpçülikleýin işden boşadylar, olaryň arasynda pensiýa ýaşyna ýeten işgär has kän. Adamlar alym-berimiň azalmagyna garaşýar.
Bu aralykda, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, kanun goraýjy edaralarda dogan-garyndaşlary işleýän polisiýa işgärleriniň eýýäm işden boşadylyp başlanandygyny habar berýär.
"Ozalky maglumatlarda ilkinji nobatda pensiýa ýaşyna ýeten polisiýa ofiserleri işden boşadylar öýdülýärdi. Görnüşine görä, güýç gurluşlarynda garyndaşlary bolan işgärler hem, olar biri-birine gönüden-göni tabyn bolmasalar-da we dürli ugurlarda hyzmat etseler-de, ilkinji nobatda işden boşadylýanlaryň hataryna degişli edildi" diýip, neşir 24-nji dekabrda çap eden habarynda aýdýar.
Degişli maglumat Lebapda 1500-e golaý işgäre 'krizis sebäpli' üç aý bäri aýlyk berilmeýärMaglumatda eýýäm birnäçe işgäriň bu ştat kemeltmä sezewar bolandygy hem bellenilýär.
"Oglan dogany prezidentiň garawul polkunda işleýän we özi Daşoguzdaky aýallar koloniýasynda işleýän ofiser işinden boşadyldy. Ýol gözegçiligi gullugynyň işgäri hem işini ýitirdi. Onuň daýysy Içeri işler ministrliginiň ykdysady jenaýatlara garşy göreşýän gullugynda işleýär. Ahal welaýatynyň Ýol gözegçiligi gullugynyň işgäri hem işinden boşadyldy. Onuň ýakyn garyndaşy Türkmenabadyň polisiýa bölüminde işleýär" diýip, neşir ýazýar.
Habarda 1995-nji ýylda kabul edilen "Döwlet we dolandyryş edaralarynda garyndaşlaryň bilelikdäki hyzmatyny çäklendirmek baradaky" kanunyň 2019-njy ýylda ýatyrylandygyny hem ýatladylýar.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň dekabryň başynda, ýanwar-noýabr aralygynda edilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde öňde durýan ştat kemeltme we gürrüňi edilýän gadaganlyk barada hiç zat aýdylmady.
Türkmenistan soňky dört ýyla golaý wagt bari ýakyn taryhdaky iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýär. Türkmem hökümeti bu kynçylyklary boýun almaýan mahaly, ýurt raýatlary maliýe we azyk ýetmezçiligi, şeýle-de iş orunlarynyň köpçülikleýin kemeldilmegi we aýlyklaryň öz wagtynda berilmezligi bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýar.
Azatlygyň habarçysy Marynyň kanun goraýjy edaralarynda garyndaşlaryň işlemegini çäklendirýän gadaganlyk yglan edileni bäri güýç gurluşlarynda işleýän raýatlaryň hem aljyraňňy ýagdaýdadygyny belleýär.
"Indi organ işgäleriniň arasynda hem "ýol açylsa daşary ýurda gitmeli" diýip aýdýanlar bar" diýip, maryly organ işgäri habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.