Şu günler Maryda howanyň ýylylygy aşaklaýan mahaly, şäheriň 4-nji mekdebiniň ýyladyş ulgamy kadaly işlemeýär. Mugallymlar we okuwçylar synplarda özleriniň üşeýändiklerini aýdýarlar. Ýöne olaryň klasda ýyly eşik geýmeklerine rugsat berilmeýär. Ene-atalar ýagdaýdan şikaýat edip, müdiriň öz kabinetinde tok peç ulanýandygyny aýdýarlar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, şäheriň 4-nji orta mekdebine esasan Baýramhan we Parahatlyk köçeleriniň ugrunda ýaşaýan hojalyklaryň çagalary gatnaýar.
Degişli maglumat Maryda ýyladyş ulgamy abatlanmaýar, ilat tok peç satyn alyp başlady“Her gün çagalarymyz mekdepden öýe üşäp gelýärler” diýip, bir ene-ata Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistanda häkimiýetler okuw ýylynyň başynda koronawirus keseline garşy görülýän çäreleriň çäginde synplaryň okuwçy sanyny 15 okuwçy bilen çäklendirdi. Ýöne Marynyň 4-nji mekdebinde, mekdep okuwçylarynyň ene-atalara aýtmagyna görä, her gün bir klasda 9-10 okuwçy okuwa barýar.
“Galan 5-7 okuwçy keselläp mekdepden galýar” diýip, bir ene-ata gürrüň berdi.
Okuwçylaryň hossarlary öz çagalaryny mekdebe galyň geýindirip ugradýandyklaryny, ýöne täze bir düzgüne görä, olara klasda galyň egin-eşikde oturmaga rugsat berilmeýändigini aýdýarlar.
“Çagalarymyzy galyň geýindirip iberýäris emma mekdebe baranlarynda mekdebiň täze düzgüni olaryň egnindäki kurtkalaryny we žemperlerini çykaryp klaslarda köýnekli we penjekli oturmagyny talap edýär” diýip, beýleki bir maryly ene-ata gürrüň berdi. Olar öz çagalarynyň sowuk klaslar sebäpli kesellemeginden alada galýarlar.
Mugallymlar okuwçylaryň klaslarda ýeňil egin-eşik geýmegini talap edýän düzgüniň “ýokardan girizilendigini” aýdýarlar. Ýöne ene-atalar täze düzgüni girizmezden ozal, klaslaryň ýyladylmagyny talap edýärler.
Sebite sowuk howa aralaşýan mahaly, aladaly ene-atalaryň biri mugallymlaryň biri bilen telefon arkaly gepleşip, sowuk klaslar barada hem-de okuwçylara synplarda galyň egin-eşigi gadagan edýän düzgüniň jikme-jikligi barada maslahat edipdir.
“Mekdep täze düzgüni berjaý edýänçä, klaslary ýylatmagyň aladasyny etmeli ekeni” diýip, ol Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Degişli maglumat Aşgabatda gar ýagdy. Howanyň temperaturasy -14 gradusa ýetýän Darganatada ilat odun we malyň tezegini ýakyp ýylynýar“Mugallymlaryna jaň edip gürleşdim. Olar hem klaslaryň sowukdygyny aýdýarlar” diýip, ol sözüne goşdy.
Mugallymlar sowuk klasda okuwçylary ýeňil egin-eşikde saklamak düzgüniniň “ýokardan” talap edilýändigini aýdýarlar.
“Klaslar sowuk, ýöne bize-de şeýle buýruk geldi. Bu düzgüniň ýerine ýetirilişini haçan barlasalar barlabermeli” diýip, bir ene-ata mugallymyň özüne aýdan sözlerini getirdi. Mugallym klaslarda özleriniň hem üşeýändigini aýdyp, ene-atany köşeşdirmäge synanyşypdyr.
“Bolmasa, çagalaryňyza köýnegiň içinden žemper geýdiräýiň” diýip, mugallym maslahat beripdir.
Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir ene-ata birmeňzeş aladalaryny beýan etdi.
“Çagalarymyz irden üşäp, mekdebe gidýärler. Olar mekdebe barýança sowukda ýöremeli bolýar. Mekdebe baransoň hem, ýylanmaga derek, gaýtam egnindäki žemperlerini we kurtkalaryny hem çykarmaly bolýarlar” diýip, ene-ata aýtdy.
“Mugallymlara düşünýäris. Olar hem buýrugy ýerine ýetirýändirler emma mekdep müdiri nämä seredýär-kä! Ol müdir bolup oturyp, çagalaryň üşeýändigini bilip hem, näme üçin öz ýolbaşçylaryna habar berip, ýyladyşy düzetdirip bilenok” diýip, ol gürrüňe dowam etdi.
Mekdep müdiriniň otagyna girip çykan ene-atalar onuň öz kabinetiniň ýylydygyny aýdýarlar.
“Onuň otagynda tok peç ýanyp dur. Müdiriň kabineti ýyly” diýip, ene-ata gürrüň berdi.
“Ol diňe öz [otagyny] ýyladyp oturman, ilki çagalaryň aladasyny etse bolmaýarmy?” diýip, ol sorag berdi.
Türkmenistanyň ençeme şäherlerinde we obalarynda gyş günleri ýyladyş ulgamlary endemik problemalaryň hatarynda galýar, Azatlyk Radiosy gaýtalanýan ýyladyş meseleleri barada yzygiderli habar berýär.
Şu günler Maryda gündizlerine +10, +14 gradus aralygynda üýtgäp durýan howanyň temperaturasy gijelerine -1 gradusa çenli aşaklaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.