‘Mekdepde klaslar sowuk, okuwçylar we mugallymlar üşeýär, müdir öz otagyny tok peç bilen ýyladýar’
Şu günler Maryda howanyň ýylylygy aşaklaýan mahaly, şäheriň 4-nji mekdebiniň ýyladyş ulgamy kadaly işlemeýär. Mugallymlar we okuwçylar synplarda özleriniň üşeýändiklerini aýdýarlar. Ýöne olaryň klasda ýyly eşik geýmeklerine rugsat berilmeýär. Ene-atalar ýagdaýdan şikaýat edip, müdiriň öz kabinetinde tok peç ulanýandygyny aýdýarlar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi.