Suw joşmasyndan zyýan çeken Niçkanyň ýaşaýjylaryna heniz-de ýardam iberilmeýär

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda ýerleşýän “Zähmet” daýhan birleşigine degişli Niçka obasyndan Ersuw pasýologyna gatnayan parom.

Türkmen häkimiýetleri iýun aýynda Garagum kanalynyň joşmagy netijesinde suw basan Niçka obasynyň ýaşaýjylaryna heniz hem maddy kömek etmeýärler. Suw joşmasy netijesinde zyýan çeken ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsi heniz-de gözgyny ýagdaýda diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu sebitden habar berýär.

"Niçkada suw joşanyndan soň, köp öýleri tasa getirip bolmady. Jaýlaryň köpüsi heniz-de naýynjar ýagdaýda. Gyşyň golaýlamagy bilen, adamlar sowuk, aýazly aýlary nädip geçireris diýip alada edýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 19-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Suw joşmasyndan zyýan çeken Niçka obasynyň ýaşaýjylary wagtlaýyn çatmalarda ýaşaýar

Oba ýaşaýjylarynyň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, aradan dört aýdan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, olara döwlet tarapyndan heniz hem hiç hili maddy kömek edilmedi. Häzirki wagtda olar suw joşmasyndan zyýan çeken jaýlaryny öz hasaplaryna dikeldip, gyşa özleriçe taýýarlyk görmäge çalyşýarlar.

"Şu günler adamlar bazarlardan metrläp paket satyn alýarlar. Bu paketlary jaýlarynyň üstüne ýagyş suwy geçmez ýaly ýapýarlar, hatda penjireleriniň aýnasyna derek hem paket ýapyp ulanýarlar" diýip, habarçy belledi.

Şol bir wagtda, habarçy Niçka obasy bilen etrap merkeziniň arasynda kadaly transport gatnawynyň hem ýola goýulmandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, ýerli ýaşaýjylar hepdede bir gezek köne paromda Marynyň Türkmengala etrabyndaky “Zähmet” daýhan birleşiginde ýerleşýän Ersuw pasýologyna gelip, bu ýerden beýleki etraplara we şäherlere gidip bilýärler.

"Niçkada takmynan 70-80 hojalyk ýaşaýar. Bu ýeriň ýaşaýjylary gara zähmet bilen günlerini görýärler. Olar aw etlerini, balyk ýaly harytlary paromda getirip, ýakyndaky dükanlara ýa-da bazarlara satýarlar we özlerine gerek harytlary alyp gidýärler. Oba ýaşaýjylary lukmanlara diňe agyr ýagdaýda ýüz tutýarlar, galan wagty tebipler we gadymdan galan emleri edip, öz saglyklaryny bejerýärler. Oba ilatynyň maddy ýagdaýy gaty kyn" diýip, habarçy sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Mary welaýat we Türkmengala etrap häkimliklerinden, şeýle-de "Zähmet" daýhan birleşiginden kommentariý alyp bilmedi.

14-nji ýunda Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy Garagum kanalynyň joşandygyny we Niçka obasynda 60-a golaý hojalygyň ýaşaýyş jaýyny suw basyp, bir topar zaýaçylyga sebäp bolandygyny habar berdi.

Azatlygyň çemesi suw basan obanyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda ýerleşýän “Zähmet” daýhan birleşigine degişlidigini, bu ýeriň üstünden geçip, Lebaba gidilýändigini, ýagny onuň iki sebitiň araçägi bolup durýandygyny gürrüň berdi.

11-nji iýunda sosial mediada paýlaşylan gysgajyk wideoda suw basan obadaky ýykgynçylyk, ýeten zyýan gowy görnüp, oba ýaşaýjylarynyň aljyraňňy sesleri eşidilýärdi. Wideonyň aşagyndaky ýazgyda bu wakanyň Garametnyýaz we Niçka obalarynda bolandygy mälim edilipdi.

Degişli maglumat Harasatdan bir aý geçdi: Garagum etrabynda tok heniz-de dikeldilmedi

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ençeme sebitine sil suwlary geldi. Munuň netijesinde müňlerçe ýaşaýyş jaýyna we durmuş maksatly desgalara zeper ýetip, müňlerçe adam maddy zyýan çekdi.

Şu ýylyň 27-nji aprelinde ýurduň Lebap we Mary welaýatlaryna gelen apy-tupandan soň, sebitiň ençeme etrabyna sil suwlary geldi we jaýlary suw basdy. Ýüzlerçe ýaşaýjynyyň jaýyna we durmuş maksatly desgalara zeper ýeten bu tebigy betbagtçylyklarda azyndan 37 adam öldi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda bolýan tebigy hadysalar, adam we maddy ýitgiler hakynda adatça dymyp, bu barada maglumat bermeýärler.

adyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.