Suw joşmasyndan zyýan çeken Niçkanyň ýaşaýjylaryna heniz-de ýardam iberilmeýär
Türkmen häkimiýetleri iýun aýynda Garagum derýasynyň joşmagy netijesinde suw basan Niçka obasynyň ýaşaýjylaryna heniz hem maddy kömek etmeýärler. Suw joşmasy netijesinde zyýan çeken ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsi heniz-de gözgyny ýagdaýda diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu sebitden habar berýär.