Ýurtda azyk harytlarynyň döwlet dükanlaryndaky üpjünçiligi bilen bagly problemalar dowam edýän mahaly, Lebap welaýatynda häkimiýetler raýatlaryň döwlet dükanlaryndan paýok almak işine täze düzgün girizdi. Onuň üçin ýaşaýjylar täzeden kepilnama düzetmeli. Munuň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji oktýabrda habar berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, paýok almak üçin Ýaşaýyş jaý dolandyryş müdirlikleri her hojalyga kepilnama berýär. Üç aý möhleti bolan şol kepilnamany almak üçin indi täze talap girizidi.
Degişli maglumat "Döwlet dükanlary boş". Türkmenistan ilatynyň iýmit hukugyny berjaý etmeýärBu kepilnamany almak üçin raýatlar öz ýaşaýan ýerleriniň polisiýa bölümlerine öý kitaplaryny we pasportlaryny eltip, hasaba durmaly; şeýle-de, polisiýa bölüminde maşgalanyň 18 ýaşdan ýokary her bir agzasynyň suraty talap edilýär. “Polisiýa bölüminde suratçy surata düşürýär hem-de raýatyň pasport maglumatlary elektroniki ulgama geçirilýär” diýip, habarçy aýtdy.
“Polisiýa raýatyň pasport maglumatlaryny hasaba alyp, onuň suratyny alandan soň, raýata bir kagyz berýär. Şol kagyzy alyp, Jaý dolandyryş müdirligine barmaly” diýip, habarçy prosesi düşündirdi.
Onuň maglumatlaryna görä, soňra Jaý dolandyryş müdirligi polisiýanyň beren resmi kagyzynyň esasynda raýata üç aý möhleti bolan kepilnama gowşurýar; şol kepilnama bilen raýat döwlet dükanlarynda paýok üçin hasaba durmaly. Maglumatdan mälim bolşuna görä, kepilnama paýok almak isleýän raýatyň öýünde ýaşaýan maşgala agzalarynyň sanyna kepil geçýär.
Habarçy häzirki wagtda paýok almak üçin adamlardan talap edilýän kepilnamanyň esasynda olara döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan satylýan azyk önümleri we olaryň möçberi barada habar berdi.
“Aýda 1 litrlik 1 sany günebakar ýagy, 2 sany towuk budy, 1 kilogram şeker, 5 kilogram un berilýär. Şony almak üçin bir topar ýere maskaly gatnap, surata düşüp kepilnama almaly. Kepilnama almak bir azap, soňra nobata ýazylyp, azyk paýogyňy almak başga bir azap” diýip, habarçy habar berdi. 1 kilogram unuň döwlet dükanlaryndaky bahasy 1 manat.
Habarçy paýok üçin zerur bolan kepilnamany almagyň täze prosesini mundan ozal ýurtda sürüjilik şahadatnamasyny ýa-da awto ulaga guratlyk hatyny almakda girizilen düzgünlere meňzetdi.
Degişli maglumat Nobatdaky adamlaryň ýüz-gözünde 'agyr lapykeçlik, ýadawlyk, gahar-gazap bar'“Ýatlasak, öň sürüjilik şahadatnama alnanda, ýa-da awto ulaglara guratlyk haty alnanda, polisiýa bölüminde el yzyny soraýardylar. Polisiýa baryp, el yzyny tabşyrandan soň, olar bir gol çekilen kagyz berýärdi. Şony eltip berensoň, sürüjilik şahadatnamasy ýa-da guratlyk haty berilýärdi” diýip, habarçy aýtdy.
Döwlet azyk dükanlarynda ýeňillikli bahadan berilýän azyk önümlerini almak üçin zerur bolan kepilnamany almak prosesine girizilen täze düzgün, ýurtda häkimiýetleriň sanly ulgamlary kämilleşdirýändiklerini gaýtalaýan wagtlaryna hem-de ýurtda azyk üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň dowam edýän mahalyna gabat gelýär.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň döwlet dükanlarynda towuk ýumurtgasynyň üpjünçiligi barada habar berýär.
“Häzirki wagtda paýtagtda ýerleşýän döwlete degişli dükanlarda çäkli mukdarda köpden bäri satuwdan ýiten towuk ýumurtgasy peýda bolýar” diýip, habarçy aýtdy.
Habarçy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan bir dükan satyjysy soňky bir hepdäniň dowamynda döwlet dükanlaryna ýumurtganyň gelýändigini ýöne olaryň dessine gutarýandygyny gürrüň berdi.
“Şu gün öýländen soň, dükana çörek almak üçin baranymda men hem gabat geldim we 10 sany towuk ýumurtgasyny almak bize-de miýesser etdi” diýip, habarçy aýtdy.
Degişli maglumat Halk Maslahatynda aýdylan sözlere adamlaryň ‘içi ýanýar’, häkimiýetleriň maska we kaska talaby ‘zeýrendirýär’“Ýöne 10 towuk ýumurtgasynyň dawa-jenjeli uludan boldy. Towuk ýumurtgasynyň satylýandygyny eşiden ýaşaýjylar ylgaşyp geldi. Emma ýumurtganyň satylmagy 5 minutdan uzaga çekmedi. Takmynan 10 töweregi adama ýumurtga satyn almak miýesser etdi. Galan alyjylar dükan satyjysy bilen dawalaşyp, özleriniň şäher häkimliginiň söwda bölümine arz etjekdikleri bilen haýbat atyp gitdiler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Habarçy dükan satyjysynyň ýagdaýy düşündirmek üçin eden synanyşygy barada habar berdi.
“Satyjy zenan maşgala özünde günäniň ýokdugyny aýtdy” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, paýtagtyň döwlet dükanlarynda ýumurtganyň satyljak wagty barada ýaşaýjylara öňünden bildiriş berilmeýär.
“Towuk ýumurtgasynyň satyljak wagty aýdylanok, gizlinlikde saklanýar” diýip, habarçy aýtdy.
“Irden sagat 7-de hem, öýlän hem, giçlik hem satylmagy mümkin. Ýöne günüň dowamynda bir sapar satylýar” diýip, habarçy aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.