Baýramaly etrabynyň oba ýaşaýjylary şäherde ýerleşýän bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak üçin notarial edaralardan ynanç hatyny resmileşdirmeli. Farap we Darganata etraplarynda pensiýalaryny nagt almaga hukugy bolan pensionerler iki aý bäri pensiýa haklaryny alyp bilmeýärler. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.
“[Oba ýaşaýjylary] şäher bankomatlaryndan pul nagtlaşdyrmak üçin şäherde ýaşaýan adamyň adyna notarius üsti bilen ynanç hatyny bermeli” diýip, baýramalyly habarçy 16-njy sentýabrda habar berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, ynanç hatynda oba ýaşaýjysynyň öz bank kartyny şäher ýaşaýjysyna ynanýandygy, oňa her aý bankomatdan öz aýlygyny nagtlaşdyrmaga rugsat berýändigi ýazylýar.
Degişli maglumat Darganatada we Gazojakda ilat üç aý bäri aýlyklaryny, pensiýalaryny nagtlasdyryp bilmeýär“Bu haty almak üçin notariusa 200 manat tölemeli. Ynanç hatynyň möhleti iki ýyl. Käbir adamlar nädip hem bolsa öz aýlyklaryny almak üçin şeýle haty alyp başlady” diýip, habarçy maglumat berdi.
Türkmen banklary ýurtda bankomatlaryň oba ýa-da şäher hukukly ilatly nokatlara görä bölünişigi barada jikme-jik maglumat bermeýär.
Türkmenistanda ilatyň zähmet haklarynyň, pensiýa we döwlet kömek pullarynyň nagt däl görnüşde tölenilmegi soňky alty ýyldan gowrak wagt bäri tapgyrlaýyn durmuşa geçirildi. Ýöne soňky üç ýyl bäri ykdysady problemalaryň ýitileşmegi bilen ýurduň dürli künjeklerinde raýatlar bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak kynçylygy bilen häli-şindi ýüzbe-ýüz bolýar.
Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysynyň habar bermegine görä, welaýatyň käbir regionlarynda 75 ýaşdan geçen pensionerler öz pensiýa haklaryny iki aý bäri nagt görnüşinde alyp bilmeýär. Düzgüne görä, olar öz pensiýalaryny bank şahamçalaryndan nagt görnüşinde almaly.
Habarçy Farap etrabynda, Darganata etrabynda, welaýatyň Halkabat we Üçkersen geňeşliklerinde 75 ýaşdan geçen raýatlaryň iki aý bäri öz pensiýa haklaryny alyp bilmeýändiklerini habar berdi.
Habarçy Darganata etrabynyň sosial üpjünçilik edarasynda hasaba alnan ýaşy 75-den ýokary pensionerleriň umumy sanynyň 60 adamdygyny, 80 ýaşdan geçen pensionerleriň bolsa 20 adamdygyny habar berdi. Olar her aý öz pensiýa haklaryny nagt görnüşinde kabul edip alýarlar.
“Bu uly san däl, etrap üçin. Ýöne döwletiň sanlyja ýaşuly raýata pul ýetirip, berip bilmezligi uly problema” diýip, habarçy anonim şertde habar berdi.
Degişli maglumat Aşgabatda pul nagtlaşdyrmakdaky problemalar ‘ýitileşýär’Ol nagt kynçylygyndan ejir çekýän bir welaýat ýaşaýjysynyň dükanlardan azyk-haryt, dermanhanalardan däri-derman satyn almakda çekýän kynçylygy barada habar berdi. Azatlyk Radiosy habarçynyň gürrüňdeşiniň howpsuzlygyny nazarda tutup, onuň şahsyýetini aýan edýän maglumatlary agzamakdan saklanýar.
Onuň maglumatlaryna görä, oba kassiri etrap bankynda puluň ýokdugyny, bankomatlara pul goýulmaýandygyny aýdýar, adamlardan bolsa garaşmagy soraýar.
Türkmenistanda 2018-nji ýylyň martyna çenli 65 ýaşdan ýokary raýatlar, 2018-nji ýylyň maý aýyndan başlap, 70 ýaşdan ýokary raýatlar öz pensiýa haklaryny nagt görnüşinde alyp bilýärdi. Häzirki wagtda pensiýa haklaryny nagt görnüşinde almaga hukugy bolan raýatlaryň ýaş çägi 75 ýaşdan ýokary raýatlara degişlidir.
Azatlyk Radiosy raýatlaryň pensiýa haklarynyň gijikdirilmegi barada Lebap welaýatynyň sosial üpjünçilik edarasyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.
Türkmenistanda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň üstüne pandemiýa çäklendirmeleriniň we global nebit bahalarynyň aşaklamagynyň goşulmagy bilen, ýurtdaky maliýe ýetmezçiligi has-da ýitileşdi.
Ýurduň bankomatlarynda nagt pul tapdyrmaýar. Olaryň öňünde gijeden nobata durýan adamlar käte hepdeläp, käte-de aýlap zähmet, pensiýa haklaryny we kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler.
Ýöne ýurt resmileri bu kynçylyklary aç-açan agzamaýar. Oňa derek döwlet media we metbugat serişdelerinde gije-gündiz ýurtdaky ösüşler diýilýän sepgitler mahabatlandyrylýar.
Degişli maglumat Baýramalyda ilat aýlyklaryny nagtlaşdyrmak üçin gijesi bilen bankomatlaryň öňünde garaşýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.