Türkmenistan internet elýeterliligine we VPN ulanyjylaryna basyş etmegini dowam etdirýär. Habarçylaryň aýdyşy ýaly, internete ygtybarly girmekdäki kynçylyklar bir ýarym aý mundan ozal başlandy, emma petiklenmegine we azar berilmegine garamazdan, ulanyjylaryň VPN-e bolan islegi artýar.
Şu günler Türkmenistanda VPN ulanyjylary internete girmek üçin mümkinçilik gözlemäge mejbur bolýarlar.
"Elýeterli bolanda pursatdan peýdalanýarys. VPN-leriň köpüsi petiklenýär. VPN bolmasa internetde tomaşa edip boljak zat ýok" - diýip Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 15-nji sentýabrda aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýurtdaky VPN petiklemeleri hem umumy görnüşde, hem-de belli bir ulanyjylara gönükdirilýär: "VPN-i açanyňyzdan tizlik peselýär we hiç ýere girip bolmaýar. Hatda bir aý ýa-da bir ýarym aý mundan ozal hem bu şertlerde hemme zat kadalydy".
Degişli maglumat Türkmenistanda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär
Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, ýurtda internete girmek bilen baglanyşykly häzirki kynçylyklar, türkmen häkimiýetleriniň bloklardan geçip bilýän VPN serwerlerine garşy alyp barýan göreşiniň güýçlenmegi bilen baglanyşykly.
Awgust aýynyň ortalarynda Azatlyga, Türkmenistanyň ýeke-täk internet üpjünçisi “Türkmentelecom” kompaniýasynyň tehniki binýadyny güýçlendirýändigini, daşary ýurtly hünärmenler tarapyndan oturdylan täze enjamyň yzarlamalary we internete gözegçiligi güýçlendirmäge mümkinçilik berýändigi mälim boldy.
Türkmenistanda internet döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanýar. Köp sanly daşary ýurt habar beriş serişdelerine, şol sanda Azatlyk Radiosynyň web sahypalaryna we sosial ulgamlara gönüden-göni girip bolmaýar. Bloklardan aýlanyp geçmek üçin ilat VPN serwerlerini ulanmaga mejbur bolýar.
VPN hyzmatlarynyň elýeterliliginiň öňündäki tehniki päsgelçilikler bilen birlikde, Türkmenistanda ulanyjylara we gurnaýjylara azar bermek dowam edýär.
Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlardaky protestlere garşy VPN hyzmatyny hödürleýänleri yzarlap göreşýärVPN-i gurup berýän ussalaryň köpçülikleýin tussag edilmegi we soraga çekilmegi bilen baglanyşykly wakalaryň biri awgust aýynda mälim boldy. 2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda mobil telefonlaryny bejerýän 30 töweregi adam tussag edildi. Olar müşderileriniň telefonlaryna VPN gurmakda we tölegli programmalara abuna ýazdyrmakda güman edildi. Azatlygyň çeşmelerine görä, ilkinji gezek tutulanlar 15 gün tussaglykda saklandy ýa-da olara jerime salyndy. Ikinji ýa-da üçünji gezek tutulanlaryň işi elinden alyndy.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň 15-nji sentýabrda gürrüň bermegine görä, soňky hepdelerde koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşiň çäginde bazarlarda we söwda merkezlerinde telefonlaryň satylýan we abatlanylýan hyzmat merkezleriniň karantine ýapylmagyndan soň, VPN-i oturtmak bilen bagly täze tutha-tutluklar barada eşidilmändigini aýtdy. Emma ulanyjylar basyş astynda galýarlar.
"Köpçülikleýin reýdler, prowokasiýalar we tussag edilmeler bir aý mundan ozal tamamlandy, hemme zat karantine ýapylansoň. Indi olar esasan VPN ulanýanlara basyş edýärler" - diýip, habarçymyz aýtdy.
Gadagan edilmegine we azar berilmegine garamazdan, ýurtda internete ygtybarly girmek mümkinçiligine bolan gyzyklanma we isleg artýar.
Azatlygyň habarçylarynyň belleýşi ýaly, häkimiýetleriň düýpli garşylygy şertlerinde-de ulanyjylaryň sany, şol sanda has uly ýaşly nesilleriň arasynda köpelýär.
Degişli maglumat Türkmenistan Internete gözegçiligi has-da güýçlendirýär"Indi, gyzykly tarapy, ozal internet bilen gyzyklanmaýan we ony esasan hat alyşmak we iş üçin ulanýan adamlar hem gyzyklanýar. Ýaşuly nesil. Şeýle hem, işewürleri, intelligensiýany, döwlet işgärleriniň wekillerini bilýärin, bu kategoriýa ýurt bilen baglanyşykly wakalar bilen gyzyklanyp başlady" - diýip, habarçymyz belleýär.
Onuň sözlerine görä, ulanyjylaryň sanynyň köpelmegi sebäpli häkimiýetler hemmeleri yzarlamak mümkinçiliginden mahrum bolup, soraga çekmek we "söhbetdeşlik" geçirmek bilen çäklenýärler: "Hawa, bu hemişe bolup geçýär. Ýöne häkimiýetler ýetişmeýär, adam sany köp. Köpleri çagyrýarlar, ýöne diňe bir polisiýa we MHM-ä däl, olary podýezdleriň girelgesine çykmaga çagyryp, "aýak üstünde" gürleşip gidýärler". Kim bilen näme edýändiklerini, kim bilen aragatnaşyk saklaýandyklaryny soraýarlar, "daşary ýurda" ýüz tutmazlygy, surata düşürmezligi ýa-da hiç zat ibermezligi maslahat berýärler".
Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, VPN ýaşlaryň arasynda hem meşhur, olar esasan, Tik-Tok, YouTube we Instagram ýaly platformalara girmek üçin gurdurýarlar we sosial ulgamlary "öz-özüňi görkezmek" üçin ulanýar, türkmen ýaşlary bütin dünýäde bolşy ýaly öz suratlaryny we wideolaryny paýlaşýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.