Türkmen hökümetiniň 11-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde ýene bir emeldara, bu gezek Baýramgeldi Öwezowa käýinç yglan edildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken kararynda onuň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy” aýdylýar.
Wise-premýer Öwezowa bu käýinç Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň “doly kuwwatyna çykarylmagynyň” gijikdirilmegi bilen baglylykda berlene meňzeýär. Prezidentiň pikiriçe, bu port “Merkezi Aziýa we Hazar sebiti üçin strategik ähmiýete eýe” bolup, “yklymara ýük gatnawlarynyň logistika ulgamynda düýpli özgertmelere getirmeli” we Türkmenistanyň ýük düşürilýän-ýüklenilýän terminallary has gysga we bähbitli gatnawlar üçin iň amatly merkeze öwrülmeli.
2018-nji ýylyň maý aýynda açylan, umumy bahasy 1.5 milliard dollara barabar bolan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ulanylyşy, ondan gelýän girdeji barada anyk we doly maglumat berilmeýär. Ýogsa döwlet mediasy onuň ýylda 25 million tonnadan gowrak ýük geçirmäge niýetlenendigini habar beripdi.
Berdimuhamedow 8-nji sentýabrda, “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowa berk käýinç we soňky duýduryş yglan etdi.
Onuň pikiriçe, döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn, şol sanda maliýe goldawynyň berilýändigine, salgyt tölemekde ýeňillikleriň döredilýändigine garamazdan, ýurduň howa ýollary ulgamynda alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyk gelmeýär. Şol bir wagtda, döwlet habar gullugy “Türkmenhowaýollarynyň” pandemiýa çäklendirmeleri bilen baglylykda çeken zyýanlaryny aýdyňlaşdyrmaýar.
Degişli maglumat Berdimuhamedow gurluşyklary haýalladyp, iş orunlaryny köpeltmek, ilaty goldamak wadasyny berýär
Bu käýinçleriň ikisi-de milliardlarça dollar serişde harçlanan pudaklardan garaşylan girdejileriň gelmezligi bilen bagly bolup görünýär.
Synçylar Türkmenistanda döwlet baştutanynyň bir özüniň karar bermeginde gurulýan gymmatbaha desgalaryň, ulanylmaga berlende berilýän wadalara garamazdan, real girdeji getirmek mümkinçiliginiň öňünden dorgy-dürs hasaplanylmaýandygyny, mümkin bolan problemalaryň nazara alynmaýandygyny aýdýarlar. Bu aýdylýanlar diňe deňiz we uçar menzillerine däl, ummasyz serişde harçlanyp gurulýan demirýol ulgamlaryna hem dahylly bolup görünýär.
Şu aralykda 2014-nji ýylda işe girizilen demirýol arkaly Türkmenistana Hytaýdan iň uzyn ýük otlusynyň gelendigi habar berildi.
Hökümetçi “Türkmenportal” neşiriniň maglumatyna görä, Hytaýdan Türkmenistana 40 futluk 48 konteýner ýük alyp gelen otly Gazagystanyň üstünden geçip, 11-nji sentýabrda Aşgabadyň alkymyndaky Änew stansiýasyna gelipdir. Bu otlynyň iki hepde öň Hytaýyň Kindau diýen ýerinden ugrandygy, onuň umumylykda 8,789 km aralygy geçendigi habar berilýär.
Degişli maglumat Algyly kompaniýalar Aşgabady suda bermek üçin nobata durýar, synçylar hökümeti gurluşyklary togtatmaga çagyrýar
Türkmenistan soňky onýyllykda ençeme demirýol liniýalaryny gurdy we synçylar bu ýollara çykarylan çykdajylaryň entek-entekler özüni ödemejegini, sebäbi bu işleriň köplenç gyssanmaç we oýlanyşyksyz edilýändigini öňe sürýärler.
Gazagystanly deputat Aýkyn Konurow mundan iki ýyl öň, 2018-nji ýylyň 19-nji dekabrynda gazak parlamentinde eden çykyşynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň häzirki wagtda özünden garaşylan tamalary ödäp bilmeýändigini aýtdy.
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly işe girizilende, onuň üsti bilen Gazagystanyň harytlarynyň göni pars aýlagyna çykarylmagyna we tranzitden goşmaça girdeji alynmagyna garaşylýardy.
Resmi maglumatlara görä, 2022-nji ýyla çenli bu taslamanyň üsti bilen daşaljak ýüküň göwrümi ýylda 15 million tonna baryp ýetmeli.
“Biziň hasaplarymyza görä, ýylyň 10 aýynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýol ugry arkaly 1 million tonnadan sähel gowrak ýük daşaldy. Şol bir wagtda, tranzitiň göwrümi 2 ýüz müň tonna-da ýetmedi” diýip, gazagystanly deputat bu demirýoluň garaşylan tamany ödemändigini aýtdy.
“Bar bolan maglumatlara görä, halkara ulag geçelgesi diýip görkezilýän bu demirýol, aslynda, işlemeýär” diýip, Konurow sözüniň üstüni ýetirdi. Ol bu ýoluň biznes perspektiwalarynyň gümürtikdigine hem ünsi çekdi.
Emma muňa garamazdan, türkmen döwlet telewideniýesi Türkmenistanyň dünýäde üstaşyr ýük gatnadylýan merkeze öwrülýändigini tekrarlap, ýurduň çäginden çekilýän halkara demir ýollaryny, garaýollary we gurulýan howa hem-de deňiz portlaryny mysal getirýär.
Uzynlygy 925 kilometr bolan halkara demirýoly Balkan sebitindäki Akýaýlada işe girizilende, Türkmenistanyň döwlet metbugaty onuň ýylda 10-12 million tonna çenli ýük geçirmäge ukyplydygyny habar berdi.
Degişli maglumat Türkmenistan Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýoluna gyzyklanma bildirýär
Şondan birnäçe ýyl soň, Azatlyk radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda ýurduň demirýol ulgamyndaky ynamdar çeşmä salgylanyp, bu ýol arkaly daşalýan ýüküň ýylda ýarym million tonna-da ýetmeýändigini habar berdi.
Gürrüňi edilýän demir ýoluň gurluşygyna 2009-njy ýylda girişildi. Emma oňa näçe million dollar harç edilendigi aýdyňlaşdyrylmady. “Roýters” habar gullugynyň ýagdaýdan habarly çeşmä salgynayp beren maglumatyna görä, bu taslama edilen çykdajylaryň 2 milliard dollar çemesi bolandygy çak edilýär.
Türkmen döwlet mediasy Türkmenbaşy şäherinde gurlan Halkara porty, Türkmenabatda gurlup ulanylmaga berlen Halkara aeroporty, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda çekilen demir ýoluny, üstünde işlenýän Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýol taslamasyny amala aşyrylan we amala aşyryljak uly işler hökmünde wagyz edýär.
Türkmenistanda diňe uly harajat çykarylan ýollar, köprüler, portlar we uçar menzilleri däl, eýsem, ulanylmaga berlende Hindistana we Hytaýa dökün eksport etmek mümkinçiligini berjekdigi aýdylan kärhana hem doly kuwwatynda işlemeýär.
Belarus kompanaiýasynyň potratçylygynda gurlan Garlyk dag-magdan kombinaty hem Türkmenistana 1,1 milliard dollardan gowrak serişdä düşdi we soňky döwürde onuň iş-önümçilik ýagdaýy, berýän önümi hakynda tasdan hiç bir maglumat berilmeýär.
Elbetde, pandemiýa çäklendirmeleri bilen baglylykda, Türkmenistanda soňky ýyllarda milliardlarça dollar harçlanyp gurlan uçar menzilleri hem tas işlemän dur we olary saklamak bir topar çykdajy talap edýär diýip, hökümetdäki çeşme aýdýar.
Şol bir wagtda, türkmen prezidenti hökümet tankytçylary tarapyndan gümürtik diýlip atlandyrylýan, ykdysady manysy aýdyň bolmadyk gurluşyk taslamalaryny tassyklamagyny dowam etdirýär. Aýdaly, TDH “Garagum” myhmanhanasynyň, döredijilik merkeziniň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylýandygyny habar berýär.
Degişli maglumat Berdimuhamedow gymmatbaha gurluşyklary 'doly güýjünde' dowam etdirýär
Berdimuhamedowa A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň çatrygynda guruljak ýerasty geçelgäniň ýerleşiş çyzgysy we içki görnüşi, seýilgähiň şekil taslamasy, söwda we dynç alyş merkeziniň, döredijilik merkeziniň, edara ediş we söwda maksatly binalaryň taslamalary hödürlenildi.
Aşgabat şäheriniň bu böleginde guruljak "10 müň orunlyk köpugurly döredijilik we sungat merkeziniň taslamasy we onuň ýerleşjek ýeriniň çyzgysy taýýarlanyldy", prezident “gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan döredijilik merkeziniň gurulýan ýerine geldi" diýip, habarda aýdylýar.
“Jahan” döredijilik merkezi diýlip atlandyrlan, emma bahasy we nähili zerurlyk esasynda gurulýandygy aýdylmaýan merkezde “döredijilik üçin niýetlenen, şeýle hem sport zallary” bolar.
Gurbanguly Berdimuhamedow biraz öň dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda gurulmagy planlaşdyrylan täze binalaryň taslamalaryna gaýtadan seretmegi we sosial ähmiýetli desgalary ileri tutmagy tabşyrypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär