Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow gurluşyklary haýalladyp, iş orunlaryny köpeltmek, ilaty goldamak wadasyny berýär


Ahalyň täze merkeziniň gurluşygy üçin azyndan 1,5 milliard dollar harçlanjakdygy aýdylýar.
Ahalyň täze merkeziniň gurluşygy üçin azyndan 1,5 milliard dollar harçlanjakdygy aýdylýar.

Berdimuhamedow bäşinji gün geçiren mejlisinde ýurtdaky önümçiligiň möçberlerini artdyrmak, eksporty köpeltmek barada öňden aýdyp gelýän sözlerini tekrarlamak bilen bir hatarda, uly gurluşyk taslamalary meselesinde ozal mümkin bolup görünmedik öwrüm etdi. 

Türkmenistanyň hökümeti 3-nji aprelde ilkinji gezek ýurduň ykdysadyýetini koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz täsirlerinden goramak boýunça görülmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşdy.

Mundan öň türkmen TW-si ilaty ady aýdylmaýan kesele garşy hüşgärlige çagyrypdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, wideoşekilli aragatnaşyk arkaly geçirilen giňişleýin mejlisde wise-premýer Şamuhammet Durdylyýewe bu ýyl, global ykdysady krizis sebäpli, gurluşyk programmasyna gaýtadan seretmegi tabşyrdy.


Ýaňy-ýakynda hem koronawirus sözüni agzamakdan gaça duran hökümetiň planlaşdyrylan köpçülik çärelerine görülýän taýýarlyklary we gymmatbaha gurluşyklary öz wagtynda gurmak talaplaryny öz güýjünde saklap galýandygy habar berlipdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, döwlet baştutany bäşinji gün geçiren mejlisinde ýurtdaky önümçiligiň möçberlerini artdyrmak, eksporty köpeltmek barada öňden aýdyp gelýän sözlerini tekrarlamak bilen bir hatarda, uly gurluşyk taslamalary meselesinde ozal mümkin bolup görünmedik öwrüm etdi.

Ykdysady deňagramlylygy goldamak üçin görüljek çäreleriň çäginde, döwlet býujetine we degişli harçlamalara hem täzeden serediler: hökümet telekeçilere karz bermek programmalaryny giňelder we hususy kärhanalara goşmaça ýeňillikleri, salgyt we bergi töleglerini tölemekde wagt eglişiklerini teklip eder.

Habarlardan mälim bolşy ýaly, uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagy netijesinde, anyk sanlar habar berilmese-de, “Türkmenhowaýollary” hem uly ykdysady zyýana galdy. Hökümetiň görjek ykdysady kömek çäreleriniň çäginde howa gatnawy transportyna hem ýeňillikleriň beriljekdigi aýdylýar.

Şeýle-de, ýurtda dowam edýän azyk gytçylygynyň fonunda we baýramçylyklaryň öňünde adat bolşy ýaly, prezident ýene bir gezek bazarlary ilkinji nobatda zerur bolan harytlaryň ýeterlik möçberi bilen üpjün etmegi tabşyrdy. Emma ýurtda, oba hojalygynyň çöken we köp adamyň daşary ýurtlara iş gözläp giden şertlerinde, önümçiligiň nähili giňeldijekdigi anyklaşdyrylmady.


Synçylar daýhanlaryň we işçileriň dürli emeli çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolmagy, döwlet derejesindäki korrupsiýanyň ýyl-ýyldan güýçlenmegi, hususylaşdyrmagyň, ýerleri hususy eýeçilige bermegiň, kärendeçilere erkinlik bermegiň gijikdirilmegi netijesinde, ilatyň önüm öndürmek başlangyçlarynyň tas otuz ýyllap öňüniň alnandygyny, bu ýagdaýyň ýurt ykdysadyýetine bäri-bärlerde yzyndan ýetip bolmajak zyýan ýetirendigini aýdýarlar.

Emma muňa garamazdan, mundan birnäçe gün öň geçiren maslahatlarynda oba hojalygyndaky we we beýleki pudaklardaky problemalary gytaklaýyn boýun alsa-da, Berdimuhamedow ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigini, bu ugurda uly işleriň edilendigini tekrarlamagy bes etmedi.


Ýöne indi, hökümet mejlisinde aýdylmagyna görä, degişli kärhanalara hökümet nazarda tutulýan işleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etjek maliýe kömegini berer.

Özgertmeleriň zähmet pudagyny hem öz içine aljakdygy aýdylýar, ýagny anyklaşdyrmazdan, ýurtda raýatlar üçin goşmaça iş orunlarynyň dörediljekdigi wada berilýär.

Bu wada mart aýynda, koronowirus aladalarynyň fonunda, Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň onlarçasynyň dowla düşüp, özlerine elýeterli bolan, türkmen migrantlary tarapyndan öndürilýän we köçede satylýan arzan arakdan içip, endamlaryna çalyp, zäherlenip ölmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Soňky maglumata görä, Stambulda zäherli arakdan ölen türkmen zähmet migrantlarynyň sany 55-e ýetdi.

Türkmenistanda koronowirus krizisinden öňki işsizlik derejesi hem açyk çap edilmeýär, raýatlaryň işsizlik üçin durmuş kömegini almak umytlary köplenç puja çykarylýar diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.

Koronowirus bilen bagly soňky maglumatlara görä, Türkmenistanda bu ýagdaý eýýäm ýüzlerçe, belki-de müňlerçe adamyň işini ýitirmegine sebäp bolýar. Sebäbi gurluşyklaryň azalmagy ozaly işçileriň köpüsiniň işsiz galmagyna getirýär.


Berdimuhamedow maslahatda ýurduň territoriýasynda gurluşyk işleriniň hem dowam etdirilýändigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek, ýurt içindäki uly we döwrebap ýollary, köprüleri gurmak, demirýol ulgamyny ösdürmek, Aşgabdyň içinde we Ahal welaýatynda täze şäher bina etmek üçin milliardlarça dollar serişde harçlaýar.

TDH adatça bu gurluşyklary ýurduň ykdysadyýetiniň “bedew bady bilen ösmeginiň” mysaly hökmünde görkezýär.

Emma indi, golaýda Aşgabatda alyp baran uly gurluşyk işlerinden soň wise-premýerlige geçirilen Şamuhammedowa berlen tabşyrykdan görnüşine görä, şu ýylda ulanmaga berilmegi planlaşdyrylan gurluşyklaryň depgini haýallaşdyrylar.

Ýogsa mundan bir hepde ozalam ol gurluşyklary wagtynda tamamlamak talap edilipdi. Aýdylmagyna görä, olara goýberilmeli zerur serişdeleriň belli bir möçberi 3-nji aprelden soň sosial ähmiýetli meselelere gönükdiriler.

Şol bir wagtda, mejlisde eli ýuka maşgalalara, işsizlere häzirki kyn ýagdaýda berilmegi göz öňünde tutulýan maliýe kömegi anyklaşdyrylamýar.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli ykdysady işjeňligiň gowşamagyna garamazdan, ýurduň içinde energiýa halkasynyň gurluşygyny, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Päkistan marşrutynda elektrik liniýalarynyň we süýüm-optiki aragatnaşyk liniýalarynyň gurluşygyny dowam etdirmek zerur diýip, Berdimuhamedow aýtdy.


Synçylar türkmen hökümetiniň iri gurluşyk taslamalarynyň, şol sanda Türkmenbaşy porty, Hazardaky emeli ada, “Altyn asyr” türkmen köli ýaly desgalarynyň, Aşgabatda Aziada geçirmek üçin gurlan Olimpiýa şäherçesiniň, halkara sport ýaryşlaryna niýetlenen beýleki binalaryň, şol sanda Aşgabatdaky aşa uly we gymmat uçar menzilleriniň, gatnawsyz demirýol şahalarynyň we beýlekileriň, hatda garlykda gurlan dökün kärhanasynyň hem entekler özüni ödäp bilmejekdigini aýdýarlar.

Ýurtda häzire çenli hiç bir COVID-19 näsagynyň resmi taýdan hasaba alynmadygyna garamazdan, koronowirus pandemiýasy Türkmenistandaky gurluşyklaryň bolmanda biraz haýýaladylmagyna täsir ýetiren ilkinji krizis bolup görünýär.

Gurluşyk programmasyna täzeden seredilmegi baradaky karar dünýäniň köp ýurdunda, şol sanda Türkiýede we goňşy Özbegistanda habar serişdeleri Türkmenistanyň “koronowirus” sözüni ulanmagy gadan edendigi barada habar bereninden soň kabul edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG