Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýoluna gyzyklanma bildirýär


Owganystan we Türkmenistan arasyndaky täze demirýoldan gelýän otly. Arhiw suraty
Owganystan we Türkmenistan arasyndaky täze demirýoldan gelýän otly. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşkentde özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşanda, energiýa we transport pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ileri tutýandygyny aýtdy diýip, Gyrgyzystanyň AKIpres neşiri TDH-a salgylanyp habar berýär.

“Türkmenistan Özbegistan bilen Merkezi Aziýa-Hytaý (Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan) demir ýoly mümkinçiligine seretmäge taýýar” diýip, prezident Berdimuhamedow aýtdy.

“Baş maksat sebiti Gündogar-Günbatar, Aziýa-Ýewropa ugurlary boýunça ulag-logistika we energetika akymlarynyň aýrylmaz bölegine hem-de has gysga we amatly bölegine öwürmek bolup durýar” diýip, türkmen lideri aýtdy.

Şeýle-de Türkmenistan Özbegistan bilen Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňzi-Günorta Kawkaz transport ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny bildirdi, bu ugur Gürjüstanyň Gara deňiz portlaryna, Türkiýä we Rumyniýa we beýleki döwletlereçykmaga ýol açar.

Türkmenistanyň prezidenti 2017-nji ýylyň martynda Amyderýanyň üstünden geçýän demirýol we awtoulag köprüleriniň ulanmaga berilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Türkmenistan mundan öň hem birnäçe demirýol taslamalaryna goşuldy we synçylar bireýýäm ulanmaga berlen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň tasdan ulanylman ýatandygyny we onuň haçan özüni ödejeginiň belli däldigini aýdýarlar.

Bu demirýol Türkmenistanyň içinde 700 kilometrden hem uzak aralygy öz içine alýar we onuň ugrunda gurlan iş jaýlary köplenç boş ýatyr diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.

Şonuň bilen bir wagtda, Türkmenistan käbir ýurtlara gelýän ýük ulaglaryny serhetde düşündirişsiz aýlap saklamak bilen, bar we mümkin bolan gatnaşyklary hem öz ykdysady bähbitleri üçin ýeterlik derejede ulanyp bilmeýär diýip, synçylar belleýär.

Synçylaryň käbiri Täjigistanyň ýük maşynlarynyň aýlap türkmen serhedinden goýberilmezliginiň bir sebäbini Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol taslamasynyň täjik böleginiň gurluşygynyň gijikmegi bilen baglanyşdyrýar.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary prezident G.Berdimuhamedowyň bir özüniň karar etmeginde işlenip düzülýän taslamalaryň we gurulýan uly desgalaryň köpüsiniň özüni ödemeýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG