Pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryň Türkmenistana dolanmagy dowam edýär. Türkmenistanyň ençeme raýaty watanyna dolanmak mümkinçiliginden şu ýylyň mart aýynda halkara gatnawlaryň doly ýatyrylmagy sebäpli mahrum bolupdy. Türkmenistanyň öz raýatlaryny watanyna gaýtarmak prosesi awgustyň ikinji ýarymynda başlandy.
Azatlygyň habarçylarynyň soňky maglumatlaryna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurduň gündogarynda ýerleşýän Türkmenabadyň aeroportuna Belarusdan we Moskwadan birnäçe ýüz türkmen raýaty barypdyr.
"Minskden 285 adam geldi, Moskwadan başga bir uçarda sagat 23:00 270 adam gelmeli. Minskden gelen uçarda ýolagçylara 15 adamlyk ekipaž hyzmat etdi" - diýip, Türkmenabatdaky habarçymyz 8-nji sentýabrda agşam habar berdi.
Degişli maglumat Türkmenistan pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ewakuasiýa edip başlar
Onuň sözlerine görä, Belarusdan gelenleriň arasynda ABŞ-da okaýan talyplar hem bolupdyr.
"Belarusdan gelenleriň arasynda ABŞ-dan 21 adam boldy. Bular 11-nji synpy gutaryp, ABŞ 1 ýyl 2 aýlyk kurslarda okamak üçin giden ýaşlar. Olar ABŞ-dan Germaniýa, Germaniýadan Belarusa barypdyr, soň bolsa Türkmenistana getirilipdir" diýip habarçymyz aýtdy we Belarusdan indiki uçaryň 24-nji sentýabrda garaşylýandygyny belledi.
Habarçymyzyň sözlerine görä, Belarusdan Türkmenistana getirilenler bilet üçin 3685 manat töläpdir
Dünýäniň dürli ýurtlarynda galan türkmen raýatlarynyň sany barada resmi statistika ýok. Ýurduň häkimiýetleri bu maglumatlary çap etmeýärler. Ondan öň birnäçe müň türkmen raýatynyň Orsýetiň, Türkiýäniň we Hindistanyň aeroportlarynda galýandygyny mälim bolupdy.
Türkmen häkimiýetleri raýatlaryny ýurduna getirmek planlaryny awgustyň ortalarynda yglan etdiler. 22-nji we 23-nji awgustda ilkinji uçuşlarda Türkmenistana Hindistandan we Belarusdan türkmen raýatlary getirildi.
Türkmenabadyň howa meýdanyna ýük uçarlar, şeýle hem daşary ýurtlulary getirýän uçarlar gonýar. Soňky aýlarda COVID-19-yň ýaýramagy howpy sebäpli birnäçe daşary ýurt hökümetleri hem daşary ýurt kompaniýalary öz işgärlerini Türkmenistandan äkitdiler.Awgust aýynda käbir gurluşyk kompaniýalarynyň işgärleri Türkmenistana gaýdyp başladylar.
Türkmenistana barýanlar iki hepdelik karantine salynýar.
Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, daşary ýurtlular Farapdaky täze karantin zonasyna ýerleşdirilýär. Resmi maglumatlara görä, iýulyň ortalarynda BSG-niň wekilleriniň Türkmenistanda saparda bolan wagtynda açylan bu desgada koronawirusly näsaglary bejermek we saklamak üçin häzirki zaman şertleriň ählisi bar. Türkmenistana barýan uçarlaryň ekipažlary Türkmenabatda bir-iki ýyllykda gurlan köpugurly keselhanada saklanýar. Daşary ýurtlardan getirilýän türkmen raýatlary bolsa ýokanç keseller hassahanasynyň golaýynda çölde dikilen çadyr karantin zolagynda ýerleşdirilýär.
Şäheriň eteginde çölde ýerleşýän bu karantin lageri awgustyň ortalarynda, daşary ýurtlardan türkmen raýatlarynyň getirilip başlanmagynyň öňüsyrasynda giňeldildi. Bu ýerde 1000 adamlyk ýer taýýarlandy.
Çadyr lagerindäki şertler barada resmi maglumat ýok. Saglygy saklaýyş resmileri we milli media bu barada habar bermeýär.
Ol ýerde saklanýan adamlar we olaryň hossarlary şertleriň örän erbetdigini aýdýarlar.
Adamlar iki hepdelik karantini harby çadyrlaryň içinde dar ýerde hatar edilip goýlan iki gatly krowatlaryň üsünde geçirmeli bolýarlar.
Olar daşarda bir hatara goýlan agaçdan ýasalan içi çukurly hajathanalardan peýdalanmaly bolýarlar.
Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, karantinde saklanýanlar we olaryň hossarlary bu karantindäki şertlerden birnäçe gezek şikaýat edipdir.
Azatlygyň çeşmeleriniň habar bermegine görä, Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasynyň golaýyndaky bu çadyr karantinde adamlaryň saklanýan şertlerini gowulandyrmak talaby bilen Saglygy saklaýyş ministrligine raýatlardan birnäçe ýüzlenme edilipdir.
Türkmenistanyň raýatlary öz ýurduna "Türkmenhowaýollary" kompaniýasynyň uçarlary bilen eltilýär.
Türkmen raýatlaryny watanyna eltmek prosesi barada maglumat bermeýän döwlet habar beriş serişdeleri milli awiakompaniýanyň ýolbaşçysynyň berk käýinç alandygyny habar berdi.
8-nji sentýabrda ýurduň döwlet habar gullugy "Türkmenhowaýollarynyň" başlygy Saburow Döwran Reimbaewiçe gysga wagtda kemçilikleri düzetmek üçin soňky duýduryş edilendigini habar berdi. Resmi maglumatda onuň öz wezipelerini talaba laýyk berjaý etmändigi we işindäki kemçilikleri üçin prezidentiň käýinjine sezewar bolandygy aýdylýar. Takyk kemçilik görkezilmeýär.
Degişli maglumat Türkiýedäki türkmenistanlylar protest çykyşlary üçin, jeza hökmünde öz ýurduna iň soňunda çykarylar
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär