Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ewakuasiýa edip başlar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi global koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtlarda galan türkmenistanlylary ýurda getirmek işleriniň ýola goýulýandygyny habar berýär.

Türkiýede, Russiýada, Hindistanda we Hytaýda galan türkmenistanlylary ewakuasiýa etmek işlerini öňümizdäki ýakyn günlerde başlap, 1-nji dekabrda çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Çeşme pandemiýa sebäpli ýoly baglanan Türkiýedäki türkmenistanlylary ewakuasiýa etjek ilkinji uçaryň 26-njy awgustda Türkmenistana barmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

1-nji sentýabra çenli Deliden, Stambuldan we Moskwadan jemi üç gatnawyň amala aşyrylmagyna garaşylýar.

Ähli ewakuasiýa uçarlary Türkmenabadyň halkara aeroportuna gondurylar. Ewakuasiýa edilen adamlar 14 gün karantinde saklanar. “Bu maksat bilen Türkmenabadyň Ýokanç keselleri hassahanasynyň golaýynda wagtlaýyn çadyrlar dikildi” diýip, çeşme aýtdy. Ol häzirki wagtda 400 orunlyk wagtlaýyn çadyryň taýýar edilendigini belledi.

14 gün karantinde galan adamlar goýberilensoň, olaryň ornuna nobatdaky ewakuasiýa uçar gatnawlarynyň ýolagçylary ýerleşdiriler.

“Hemmeler üç aýyň dowamynda ewakuasiýa ediler” diýip, çeşme aýtdy.

Global koronawirus pandemiýasy sebäpli dünýäniň dürli ýurtlarynda hereket çäklendirmeleriniň güýje girizilmegi bilen köp sanly türkmenistanly daşary ýurtlarda saklanyp galdy. Olaryň köpüsi türkmen hökümetiniň ýüzlerçe türkmenistanlyny daşary ýurtlarda öz ykbalyna terk etmegini tankyt etdiler.

2019-njy ýylyň ahyrynda Hytaýyň Wuhan şäherinden uç alan koronawirus keseliniň dünýä ýaýrap başlamagy bilen, Türkmenistan fewralyň başynda Hytaýda galan türkmenistanly studentleri ýurda getirdi. Şonda resmi metbugat “Türkmenhowaýollary” agentliginiň guran bu çarter gatnawlarynda müňlerçe türkmenistanlynyň döwlet hasabyna ýurda getirilendigini, türkmen raýatlaryny Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan getirmek boýunça ýörite uçar ugurlarynyň guralandygyny heniz mart aýynda öňe sürdi.

Ýöne şondan bäri geçen döwrüň dowamynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda saklanyp galan türkmen raýatlaryny goldamagyň möhümdigini aýdyp, çykyş etse-de, “Türkmenhowaýollarynyň” beýleki ýurtlara ewakuasiýa gatnawlaryny amala aşyryp aşyrmandygy we olaryň jikme-jikligi aýdyň bolman galýar. Azatlyk Radiosy Moskwanyň Domodedowa aeroportunda we beýleki ýurtlarda pandemiýa petikelemeleri sebäpli ýoly baglanan türkmenistanlylaryň duçar bolan kynçylyklary we olaryň ýardam sorap, daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalaryna netijesiz ýüz tutuşlary barada mundan ozal birnäçe gezek habar berdi.

Ýatlasak, apreliň başynda halkara uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagy bilen Hindistanda galan 100-den gowrak türkmenistanly ýurda dolanyp bilmän, dürli kösençlikleri başdan geçirmeli boldy. Galyberse-de, pandemiýanyň arasynda Türkiýede işini ýitiren türkmenistanly migrantlaryň birnäçesi agyr ýaşaýyş-durmuş şertlerine döz geldi.

Bu aralykda, petikleme wagtynda Türkmenistanda galan daşary ýurt raýatlaryny öz ýurtlaryna alyp gitmek işleri daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda guramalaşdyryldy. 18-nji iýulda 100 çemesi hindi hünärmeni “Spice Jet” howa ýollarynyň çarter gatnawynda Türkmenistany terk etdi. Ondan 10 gün töweregi ozal, “Turkish Airlines” howa ýollary kompaniýasy Fransiýanyň “Buig” gurluşyk kompaniýasynyň tabşyrygy bilen 150 çemesi daşary ýurtlyny we olaryň maşgalalaryny Türkmenabatdan alyp gitdi. Iýulyň ahyrynda bolsa “Gülhan-Dearsan” bilelikdäki türkmen-türk kompaniýasy öz işçilerini we beýleki kärhanalarda zähmet çekýän türk hünärmenlerini Türkmenistandan çykarmak üçin çarter gatnawlaryny guraýandygyny mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG