Daşary ýurt uçarlarynyň Türkmenabadyň halkara howa meýdanyna barmagy dowam etdirilýär. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň habar bermegine görä, soňky gelen uçaryň ýolagçylary daşary ýurt raýatlarydy, ýük uçarlary hem gelýär. Bu aralykda, häkimiýetler dezinfeksiýa gurallaryny ilata satyn aldyrýar. Türkmenistan COVID-19 keseliniň bardygyny henizem resmi taýdan ykrar etmeýär.
Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, 27-nji awgustda türk awiakompaniýasynyň uçarynda Türkmenabada 67 sany daşary ýurtly barypdyr.
"Düýn Stambuldan uçar boldy, ýöne diňe daşary ýurtlular getirildi. Fransuz "Bouygues" kompaniýasy Stambul-Türkmenabat uçaryny gurady. Sagat 18:00-a gelen uçar Türkiýäniň kompaniýasyna degişlidi. Uçarda 67 ýolagçy bardy - marokkoly, fransiýaly, türkiýeli we bir eýranly. Hemmesi Farapdaky karantine äkidildi we uçar boş yzyna gitdi" diýip, Azatlygyň habarçysy 28-nji awgustda habar berdi.
Türkmenistana daşary ýurtlardan baran adamlar iki hepdelik karantine ýerleşdirilýär. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, daşary ýurtlular Farap etrabyndaky karantin zonasyna ýerleşdirilipdir. Resmi metbugata görä, Bütindünýä saglyk guramasynyň wekilleriniň Türkmenistanda saparda bolan wagtynda iýul aýynda açylan bu täze karantin zonasynda koronawirusly näsaglary saklamak we bejermek üçin ýokary oňaýlyklar döredilipdir.
Habarçylarymyz Türkmenabadyň aeroportunda polisiýa gözegçiliginiň berk üpjün edilýändigini aýdýarlar. Surata almak we surata düşürmek gadagan edilýär.
"Bir ýolagçy uçardan düşüp gelýärkä özüni surata düşürdi, bir polisiýa işgäri ondan selfi suratyny derrew aýyrmaga mejbur etdi" - diýip habarçymyz belleýär.
Soňky aýlarda birnäçe ýurduň hökümetleri we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary COVID-19 keseliniň ýaýramak howpy sebäpli öz raýatlaryny hem işgärlerini Türkmenistandan alyp gidipdi. Awgust aýynyň başyndan bäri käbir gurluşyk kompaniýalarynyň işgärleri Türkmenistana gaýdyp başladylar.
Soňky günlerde Türkmenistan pandemiýa sebäpli ençeme aý bäri daşary ýurtlarda galýan öz raýatlaryny hem ýurtda getirip başlady. Türkmen raýatlary iki hepdelik karantine Türkmenabat şäheriniň ýokanç keseller hassahanasynyň goýalynda dikilen çadyrlarda saklanýar.
Azatlygyň çeşmeleri häzirki wagtda Türkmenistana her gün birnäçe ýük uçarynyň barýandygyny aýdýarlar. Olaryň maglumatlaryna görä, 27-nji we 28-nji awgustda Türkmenabat şäherine baran uçarlar ýurda azyk önümlerini, esasanam doňdurylan eti alyp barypdyr.
"Düýn we şu gün, her gün 2 uçar, ýük uçary Hindistandan et getirýär. Iki günde 4 reýs. Doňdurlan gäwmüş etini getirýärler. Aeroportdan göni doň önümleri daşaýjy ulanlara ýükläp sklada äkidýärler. Bu et harby bölümlere we keselhanalara berilýär" diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy 28-nji awgustda habar berdi.
Bu aralykda ýerli mekdepleriň mugallymlary gyzgyn ölçeýän we dezinfeksiýa edýän enjamlary satyn almaga mejbur bolýarlar.
Habarçymyzyň pikiriçe, hususan-da 1-nji we 5-nji mekdeplerde mugallymlar, arassaçylyk işgärleri we garawullar dezinfeksiýa, temperaturany ölçemek üçin gurallary we dezinfeksiýa suwuklyklaryny satyn almak üçin pul tabşyrmaly edildi. Talap edilýän puly bermekden boýun gaçyranlara işden kowulmak howpy abanýar.
"Hytaýda öndürilen 2,5x1,5 metre deň bolan dezinfeksiýa serişdeleri pürkýän enjam 6 müň manada durýar, Orsýetde öndürlen dezinfeksiýa suwuklygynyň 20 litrlik gaby 2,5 müň manada, Germaniýanyň önümi bolan gyzgyn ölçeýän enjam 2000 manada durýar. Mundan başga-da, her klas üçin 1 müň manatlyk gyzgyn ölçeýji satyn almaly. Satyn almakdan ýüz öwürýänler işden çykarylar "diýip, ýerli habarçylarymyzyň biri gürrüň berdi.
Şu günler mekdep işgärleri, mundan başga, pagta ýygnamak we prezidentiň portretlerini satyn almak üçin köpçülikleýin pul tabşyrýarlar.
Ýurtda COVID-19 alamatly keselçiligiň möwç almagyna, hassahanalaryň näsaglardan hyryn-dykyn bolup, lukmanlaryň keselleýändigine we ölüm ýagdaýlarynyň köpelmegine, garamazdan, Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda keseliň ýokdugyny yglan etmegini dowam etdirýärler.
7-nji awgustda Bütindünýä saglyk guramasy öýken keseliniň ýurtda barha artýandygyna aladalanma bildirdi we Türkmenistanyň prezidentini guramanyň koronawirus üçin garaşsyz synag geçirmegine rugsat bermäge çagyrdy.
Iýul aýynda Bütindünýä saglyk guramasynyň COVID-19 boýunça bilermenleri Türkmenistana baryp gaýtdylar we türkmen häkimiýetlerine koronawirus ýurtda bar ýaly hereket etmegi maslahat berdiler.
Türkmenistan territoriýasynda koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän hem bolsa, bu kesele garşy göreşmek üçin BSG-dan, ABŞ-dan, we Birleşen Arap Emirliklerinden ynsanperwer kömegini aldy, şeýle hem Orsýetden 8 million dollar töweregi derman we medisina enjamlaryny satyn aldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.