Marynyň polisiýasy maska režimini berjaý etmeýän adamlara pagta ýygdyrýar

Illýustrasiýa suraty.

Mary welaýatynyň polisiýasy maska režimini berjaý etmeýän wagty ele salnan we munuň jerimesini töläp bilmeýän adamlary pagta ýygmaga mejbur edýär.

“Şu gün (30-njy awgustda) 30 töweregi adam Baýramaly şäherinden Garagum etrabynyň pagta meýdanlaryna ugradyldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýekşenbe güni habar berdi.

Degişli maglumat Maryda polisiýa gözegçiligi uçdantutma güýçlendirýär

Onuň sözlerine görä, olar polisiýanyň maska režimine eden gözegçiliginde saklanan hem-de jerime tölemäge ýagdaýy bolmadyk adamlardyr; olaryň her birinden bir günüň dowamynda 20 kilogram pagta ýygmak talap edilýär.

Habarçy maskasyz ele salnan adamlary pagta meýdanlaryna mejbury äkitmek “düzgüniniň” 29-njy awgustda girizilendigini habar berýär. Adamlaryň ilkinji tapgyry bu “düzgüniň” işe girizilmeginiň ertesi güni, 30-njy awgustda mejbury pagta ýygmaga äkidildi.

Ýatlasak, geçen anna güni Azatlyk Radiosynyň maryly habarçysy polisiýanyň welaýatda gözegçiligi güýçlendirendigini, polisiýa işgärleriniň ýörite awtobuslarda regionyň çäginde aýlanyp, maskasyz adamlary tutýandygyny, olaryň polisiýa bölümine äkidilýändiklerini habar berdi.

Polisiýa bölümine eltilen adamlara ilki 60 manat möçberinde jerime salyndy, ony tölemäge ýagdaýy bolmadyk adamlar pagta ýygmaga mejbur edilýär.

“[Adamlary pagta meýdanlaryna alyp gidýän awtobus] irden sagat 8:00-de polisiýa bölümine gelýär, adamlara-da ‘sagat 8:00-de polisiýa bölümine gelmeli’ diýip aýdylýar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, maskasyz tutulyp, polisiýanyň belligine düşen adamlar pagta meýdanlaryna gitmek üçin polisiýa bölümine wagtynda barmadyk ýagdaýynda, olaryň dürli jezalara duçar boljakdygy duýdurylýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda ilatdan maska geýmek we sosial aralygy saklamak barada dilhat alynýar

Habarçy adamlaryň polisiýa edarasyna wagtynda gelmedik ýagdaýynda, olaryň Tejen etrabynda ýerleşýän zähmet-düzediş türmesine basylmak ýa-da olara agyr jerime salmak ýaly haýbatlar bilen gorkuzylýandygyny habar berdi. Şeýle-de, pagta äkidilen adamlaryň pasportlary polisiýa bölüminde saklanýar, gündelik pagta tabşyrygyny berjaý eden adamlaryň pasportlary yzyna gaýtarylyp berilýär.

“Birinji gezek bolany üçin, sagat 15:00-e çenli pagta ýygarsyňyz. Her adam 20 kilogram pagta ýygmaly. Kim 20 kilogram pagta ýygsa, onuň pasporty yzyna gaýdyp berler, eger-de kimiň ýygan pagtasy 20 kilograma ýetmese, ol ertir hem pagta ýygmaga gider” diýip, habarçy maskasyz ele salnan adamlara 30-njy awgust güni irden tabşyryk beren bir polisiýa işgäriniň sözlerini getirdi.

Habarçy polisiýa tarapyndan mejbury pagta ýygdyrylýan adamlara hiç hili tölegiň tölenmejekdiginiň duýdurylandygyny habar berdi. Kärende ýer eýeleri, habarçynyň tassyklamagyna görä, adaty ýygymçylaryň ýygan 1 kilogram pagtasyna, hiline görä, 20 ýa 30 teňňe töleg töleýär.

Häkimiýetler maska režimini berjaý etmeýän wagty polisiýa tarapyndan ele salnan we jerime tölegini töläp bilmeýändikleri üçin mejbury pagta ýygdyrylýan adamlaryň “saglyk ýagdaýynyň bardygy ýa-da ýokdugy bilen gyzyklanmaýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

“Jerime töläp bilmeýän bolsaň, maska dakynmaly ekeniň diýýärler” diýip, habarçy polisiýanyň sözlerini getirdi.

Degişli maglumat Saglyk ministrligi ahyrsoňy ilata ýüz maskalaryny geýmegi we sosial aralygy saklamagy maslahat berýär

Maska režimi Türkmenistanda iýulyň ortalarynda girizildi. 12-nji we 13-nji iýulda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi iki aýrybaşga maglumat ýaýradyp, raýatlara “howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň artmagy sebäpli” maska geýmegi maslahat berdi. Koronawirus pandemiýasy dowam edýän wagty, dünýä ýurtlarynyň aglabasy onuň ýaýramagyny haýallatmak üçin mejbury maska düzgünini girizdi, ýöne Türkmenistan bu düzgüni “howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň” artmagy bilen ilteşdirip, durmuşa geçirdi.

Azatlyk Radiosy maska düzgünini berjaý etmeýändigi sebäpli ele salnyp, pagta ýygmaga mejbur edilýän raýatlar barada Mary welaýatynyň polisiýa bölüminden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Maglumat üçin aýdylsa, şu günler Türkmenistanda pagta möwsümi dowam edýär. Mundan ozalky ýyllarda hukuk goraýjy toparlar ençeme gezek türkmen häkimiýetleriniň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmagyny tankyt etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.