Türkmenistanda ýene bir gadaganlyk köpeldi, ýol polisiýasy indi düzgün bozan sürüjiniň garyndaşlarynyň plastiki karty arkaly tölenen jerime töleglerini kabul etmeýär.
Mundan öň düzgün bozan sürüjiler jerime töleglerini nagt pul bilen-de, plastiki kart arkaly hem, dostlarynyň, tanyşlarynyň ýa garyndaşlarynyň plastiki kartlary arkaly hem töläp bilýärdiler.
Adatça, başga biriniň plastiki kartyndan jerime tölän adamlar bergilerini kart eýelerine nagt pulda gaýtarýardylar, emma indi bu arkalaşyk hem gadagan edildi diýip, habarçy aýtdy.
Türkmenistanda ýönekeý adamlaryň plastiki kartlaryndaky serişdelerini nagtlaşdyrmak mümkinçilikleri gitdigiçe kynlaşýar we täze girizilen gadaganlyk pul nagtlaşdyrmagyň il arasynda tapylan ýene bir çykalgasyny ýok edýär.
Degişli maglumat Polisiýa ak bolmadyk awtoulaglary saklamagyny bes etdiTürkmenistandaky gadaganlyklar ilaty hemişe ýol, çykalga gözlemäge, bir tarapdan kanunlary bozman, ikinji tarapdan bu işe gatnaşýan adamlaryň razylygyny we bähbidini nazara alyp, ugur tapmaga itekleýär. Şol bir wagtda, bu hili ugurtapyjylyk hökümete salgyt tölemezden amala aşyrylýan telekeçilik işi ýaly bolup görünýär.
"Şu gün tanşym ýol polisiýasyna jerime tölemäge gitdi. Ol tizligi ýokarlandyrandygy sebäpli jerime ýazylan sekiz sürüjiniň her biri üçin 50 manatdan jerime tölemekçi eken. Emma oňa indi jerimäniň diňe jerime ýazylan adamyň öz kartyndan tölenmelidigini aýdypdyrlar" diýip, habarçy aýtdy.
Adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen polisiýa işgäri bu gadaganlygyň sebäbini ýol gözegçiligi polisiýasynyň kassasynyň hakykatda pul nagtlaşdyrylýan ýere öwrülip barýandygy bilen düşündirdi.
Onuň sözlerine görä, kassanyň agzyna öz kartlary bilen gelýän adamlar barha köpelýär we olar, soň nagt pul görnüşinde üzlüşmek üçin, jerime tölemäge gelen sürüjilerden jerimelerini öz kartlaryndan tölemegi haýyş edýärler.
Ýöne ol ofiser adamlaryň tapan pul nagtlaşdyrma usulyndan polisiýanyň ýa-da döwletiň näme zyýan çekýändigini aýdyp bilmedi.
Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanda adamlar aýlyklaryny, pensiýa, kömek pullaryny nagtlaşdyrmak üçin uzyn nobatlara durmaly bolýarlar, regionlarda bu ýagdaýyň has agyrdygy, etrap, oba ýerlerindäki adamlaryň iki-üç günläp sebit merkezinde, bankomatlaryň agzynda ýatyp-turmaly bolýandygy, beýle ýagdaýda adamlaryň ýokanç keselleriň pidasy bolmak ähtimallygynyň ýokarlanýandygy barada sosial ulgamlarda hem alada bildirilýär.
Degişli maglumat Myrat Öwezow: Bize wirus gelen bolsa, halkyň köp bölegi gyrylýarEmma muňa garamazdan, täze gadaganlyk örän berk saklanjaga meňzeýär. Sebäbi indiden beýläk, polisiýa işgäriniň aýtmagyna görä, jerime diňe düzgün bozan sürüjiniň öz kartyndan tölenmeli bolar, hatda onuň ýakyn hossarynyň kartyndan hem jerime tölemäge rugsat edilmez. Eger-de bir sebäp bilen sürüjiniň karty bolmasa, onda ol jerimäni nagt pulda tölemeli bolar.
Bu gadaganlygyň gyzykly ýeri, nagt pulda jerime tölejek raýatlar üçin hiç bir çäklendirme ýok, sürüji ýa başga bir adam, eger nagt pulda tölemek islese, näçe kişiniň jerimesini tölejek diýse, şonça hem töleg edip bilýär diýip, täze düzgüniň sebäplerini öwrenen ýerli synçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, häzirki pursatda döwlet býujetiniň esasy girdejisi polisiýanyň sürüjilere salýan jerimelerinden gelýär.
"Türkmenistandaky ykdysady çökgünlik netijesinde hususy kärhanalaryň, telekeçilik bilen meşgullanýan adamlaryň gaty köpüsi batdy, indi olardan gelýän girdejiler ýok" diýip, anonimlik şertinde gürleşen synçy aýtdy.
Ýurtda dowam edýän we gün-günden agralýan nagtlaşdyrma problemasy bir tarapdan ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň barha ýaramazlaşmagyna sebäp bolsa, ikinji tarapdan emeli kynçylyklar arkaly bikanun baýlyk toplaýan adamlaryň elini güýçlendirýäne çalym edýär. Sebäbi nagt puluň barha ulalýan gytçylygy onuň özboluşly 'gara bazaryny' we bazar hojaýynlaryny emele getirýär.
Degişli maglumat Türkmen banklary ykdysadyýetiň özgerişlige taýýar däldigini görkezýärOzallar bazar üçin plastiki kartlardaky serişdeleri nagtlaşdyrmak 15% tölege düşýärdi, indi bu töleg 20% boldy; mysal üçin, bazar her gün 100 müň manadyň söwdasyny etse, ony nagtlaşdyrmak üçin banka 20 göterimini bermeli bolýar, bu eliňe kartdaky 100 müňe derek nagt pulda 80 müň manat almak bolýar, şu sebäpden bazardaky harytlaryň bahasyna 20% goşmaça nyrh münýär we bu alyjylaryň jübüsinden alynýar diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçy aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.