TDH-nyň habarlary bilen Türkmenistandaky durmuş hakykatynyň arasyndaky tapawut ulalmasa, kiçelmejege, şol bir wagta-da raýatlaryň ýyl-ýyldan agyrlaşýan maliýe kynçylyklary adamlaryň barha köp bolup nobata durýan ýerleriniň birini, bankomatlary azaltmak bilen çözüljek bolýana meňzeýär.
"Görogly we Berdi Kerbabaýew köçeleriniň bir burçunda "Türkmenistan" bankynyň baş edarasy bar we onuň howlusunda ozal sekiz bankomat oturdylypdy. Emma indi olaryň ählisini söküp aýyrdylar, türkmen häkimiýetleri meseläni indi şu görnüşde çözýärler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy şu gün irden habar berdi.
Bankomat ýa maliýe meseleleri paýtagtda şeýle bolsa, regionlarda nähilikä diýen sorag döreýär. Azatlygyň Balkan sebitindäki habarçysynyň şu gün irden beren maglumatyna görä, Türkmenbaşy şäheriniň ilaty indi esli wagt bäri öz gazanan iş hakyny ýa-da pensiýasyny alyp bilmän kösenýär.
"Bankomatlarda pul ýok, nagt däl söwdanyň çäkliligi ozalam kyn ýagdaýdaky şäheriň ilatynyň durmuşyny has kynlaşdyrýar" diýip, habarçy aýtdy. Onuň sözlerine görä, köp adam şu aýyň başynda hasaplaryna geçirilen pensiýalary we kömek pullaryny henizem nagtlaşdyryp bilmeýär.
Şeýle-de habarçy pul nagtlaşdyrmagyň emeli ýagdaýda, goşmaça kynçylyklar arkaly hem agraldylýandygyny gürrüň berdi.
"Indi bankomatlardan diňe öz plastik kartyňy alan bankyňa degişli bolan ýagdaýynda pul alyp bolýar, mysal üçin, bank kartyňy "Halkbankdan" alan bolsaň, diňe şol banka degişli bankomatdan pul alyp bilýärsiň, beýleki banklaryň bankomatyndan pul alyp bilmeýärsiň" diýip, habarçy aýtdy.
"Banklar, hamala, döwlet içindäki aýry-aýry döwletler ýaly boldy, olar bolsa, öz raýatlaryna pul berýär, beýlekilere bermeýär, ýa-da bolmasa, supermarketlerdäki söwda terminallary hem diňe "Rysgal" banky tarapyndan berlen plastik kartlrda nagt däl söwda edip, beýleki bank kartlarynda söwda etmeýär diýip, Azatlygyň Balkandaky habarçysy aýtdy.
Ozal habar berlişi ýaly, koronawirus aladalary bilen baglylykda, bu ýyl Hazar deňzinde suwa düşmek gadagan edildi we raýatlaryň "Awaza" dynç alyş zolagyna geçmeklerine rugsat berilmeýär. Bu ýagdaý pul nagtlaşdyrmak meselesini has-da kynlaşdyrýar diýip, habarçy aýtdy.
Pul nagtlaşdyrmak meselesinde Mary sebitinde hem ilerleme görünmeýär, habarçymyz etraplaryň ilatynyň bu iş üçin hökman sebit paýtagtyna gelmeli bolýandygyny habar berýär.
"Häzir Mary şäherinde diňe üç bankyň daş ýüzündäki bankomatlara pul salynýar. Olar "Türkmenistan", Türkmenbaşy we "Daýhan" banklary bolup, adamlar pullaryny nagtlaşdyrmak üçin gije sagat 23:00-da gelip, bankomatlaryň gapdalynda ýatýarlar we nobata durýarlar" diýip, Azatlygyň Baýramalydaky habarçysy aýtdy.
"Adamlar günde gije gelip, nobat depderçesine atlaryny ýazdyrýarlar, şu gün nobat belleden ýaşaýjylaryň nobaty 400-njiden soň başlanýar. Nobata duran adam gaty kän, şu gün 430-njy bolup nobata duran adamyň gezegi, gowy bolanda, 3-4 günden ýetmeli, her gün zordan 70-80 adam puluny alýar" diýip habarçy gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, agzalan üç bankyň öňündäki bankomatlarda her gün 100-den gowrak adam nobata ýazylmaga gelýär.
Nobata ýazylyp, öýlerine gidýänler hem bar, ýöne köp adam gatnawy kyn görüp, bankyň töwereginde üýşüp oturýar, käbirleri awtoulaglara girip ýatsa, beýlekileri palas düşenip, ýanaşyk ýatýar, sosial aralyk, arassaçylyk düzgünleri köplenç saklanmaýar diýip, habarçy aýtdy.
"Nobaty yzdaky adamlar özlerine entekler pul ýetmejegini bilýär, emma her gün ertir has köp pul salnar, hemmelere ýeter diýen inçejik umyt bilen, köp adam garaşmagy saýlap alýar, mätäçlik gursun" diýip, nobatda duranlaryň biri habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Emma bankomata salynýan pul köplemeýär, nobata duranlaryň içinde aglap, maşgalasynda ýarawsyz, agyr syrkaw ýatan çaganyň, aýalyň bardygyny aýdýanlar hem bar diýip, habarçy bir ýaşaýjynyň üç gün bäri öýüne gitmän, "bankyň ýanynda öýsüz adama öwrülendigini" gürrüň berdi.
"Pulum gutardy, nobatym 70-den sähel ýokarda, şu gün bir pul ýetse, üç gün bäri ukymy alyp bilemok, öýde çagalarym biynjalyk bolýandyr, telefonymyň zarýady gutardy, biriň öýüme jaň edip, diridigimi aýdyp beriň" diýip, ol adam duranlardan haýyş etdi.
Azatlygyň Baýramalydaky habarçysy bu hili üç-dört gün öýüne gitmän, daşarda ýatyp-turup ýören adamlaryň her bankyň agzynda 70-80 dagy bardygyny aýtdy.
Resmi maglumata görä, şu günki günde Türkmenistanda 4 million 288 müň 600 bank karty ulanylýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, "Bank ulgamy... türkmen ykdysadyýetiniň özgerişliklere taýýardygyny görkezýän aýna bolup durýar".
Bu aýna, TDH-nyň maglumatlaryndan tapawutlylykda, durmuş ýüzünde özgerişlige taýýarlygyň juda pesdigini görkezýär. Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri geçen ýylyň tomsundan bäri güýçlenýän düýpli pul nagtlaşdyrma kynçylygyna hiç bir düşündiriş bermeýär.
Уважаемый читатель, если Вы хотите связаться с Радио Азатлык, самый безопасный способ сделать это, мессенджеры Telegram и WhatsApp. Наши телефоны +420 724 168 989 и +420 773 797 383. В Туркменистане они работают черезVPN. Здесь можно скачать наш бесплатный VPN Psiphon 3дляAndroid телефонов и устройств. Радио Азатлык гарантирует вашу анонимность.