“Beren sadakaň kabul bolsun, ýöne adam üýşürmeli däldigini eşitmediňmi? Bilmedik bolsaň, indi bilersiň!” şu haýbatly sözler bilen Marynyň polisiýasy Ilamanyň öýüne geldi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli ady Ilaman diýlip üýtgedilen Marynyň Baýramaly etrabynyň ýaşaýjysy mundan birnäçe gün öň öýüne 10 töweregi adam ýygnap, merhum kakasynyň ýylyna gabatlap sadaka beripdi.
Şonuň ertesi güni Ilamanyň öýüne polisiýa we ýerli häkimligiň işgärleri gelip, öý eýesinden ilki adamlara näz-nygmat eden azyk harytlarynyň gelip çykyşy bilen gyzyklandylar.
“Polisiýa ilki uny, ýagy kimden we näçeden satyn alandygymy sorady. Men azyklary hususy söwdegärlerden alandygymy, 1 halta un üçin 340 manat we 2 guty ýag üçin 46 manat töländigimi aýtdym” diýip, Ilamanan Azatlygyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.
Mundan soň, polisiýa we häkimligiň işgärleri Ilamanyň öz sözleri bilen aýdylanda, onuň üstüne ‘dyzap’, näme sebäpden öýüne adam üýşürendigi barada düşündiriş soradylar.
“Men merhum kakamyň ruhuna aýat-doga edeýin diýip, diňe ýakyn garyndaşlarymy çagyrandygymy, uly sadaka etmändigimi, umumy adam sanynyň hem 10-dan geçmändigini düşündirjek boldum. Resmiler kinaýa bilen ‘kabul bolsun!’ diýip, 2 müň manat möçberinde jerime tölemeli etdiler” diýip, Ilaman gürrüň berdi.
Ol 2 müň manat jerime tölär ýaly maliýe ýagdaýynyň ýokdugyny aýdyp, ilatdan sosial aralygy saklamak, adam üýşmeleňlerini gurnamazlyk talaplaryna gözegçiligiň ‘birtaraplaýyn, kä halatlarda logikasyz häsiýetde alnyp barylýandygyny’ aýtdy.
“Eger-de resmiler kimdir biriniň beren sadakasy bilen aladalanýan bolsalar, onda näme sebäpden bankomatlaryň, dükanlaryň öňündäki ýüzlerçe adamlyk nobatlar olaryň gözlerine ilmeýärkä?! Bu ikiýüzlülik bolýar” diýip, Ilamanan Azatlygyň habarçysyna öz nägileligini bildirdi.
Azatlyk Radiosyna Baýramalynyň häkimliginden we polisiýa edarasyndan ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça kommentariýa almak başartmady.
Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri toý çäreleriniň başlamagynyň öňýany gelip, dabaralaryň çäkli ýagdaýda geçirilmegini hem talap edip başladylar.
“Baýramalyda bir hojalyk toý etjek bolup durka, üstüne ýerli resmiler gelip, toýa çagyrylan märekäniň az bolmalydygyny, şeýle-de gelnalja 2-den artyk ulagyň gatnaşmaly däldigini aýtdylar. Resmiler uly jerimäniň salynjakdygy bilen haýbat atdylar” diýip, Baýramalydaky habarçymyz gürrüň berdi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda ýeke hadysasy hem resmi hasaba alynmadyk COVID-19 aladalary bilen baglylykda, koronawirusyň pandemiýa diýlip ykrar edilmeginden tas 6 aý çemesi soň, ýüz maskalaryny dakynmak, sosial aralygy saklamak ýaly çäreleri girizdiler.
Emma türkmen resmileri bulary gönüden-göni COVID-19 howpy bilen baglanyşdyrman, munuň “ynsan saglygyna zyýan beriji tozan bölejikleriniň kadadan artmagy” sebäpli girizilendigini öňe sürdüler.
Galyberse-de, bir tarapdan türkmen häkimiýetleri bu talaplary berjaý etmeýän ýaşaýjylara garşy ulanylýan jerime çärelerini güýçlendirseler, beýleki tarapdan ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda bankomatlaryň, dükanlaryň öňündäki uly nobatlar saklanyp galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.