Berkararlygyň öňki häkimi 22 ýyl aldy. 'Ogry' emeldarlary wezipä bellemegiň 'syry' açylmaýar

Türkmen mediasy prezidentiň adyndan berilýän sowgady kabul edýän "minnetdar" raýatlary görkezýär. Arhiw suraty

Bagtyýar Bäşekow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine 2018-nji ýanwarynda, nobatdaky kadr çalyşmalarynyň çäginde bellenildi. Şonda hökümet başlygynyň kararynda 30-dan gowrak adamyň wezipä bellenendigi ýa wezipeden boşadylandygy aýdylýardy.

Azatlygyň hökümetdäki çeşmesi 27-nji iýunda etrap häkimliginden boşadylan Bagtyýar Bäşekowyň jogapkärçilige çekilendigini we şu aralykda derňelip, sud seljerişliginden soň, birinji gün 22 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini habar berýär. Çeşme onuň aýratyn uly möçberlerde ogurlykda aýyplanyp, günäli tapylandygyny aýtdy.

Iki ýyla hem ýetmän uly ogry bolup “ýetişen” Bäşekow bu wezipä prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary esasynda bellendi we işden aýryldy.

Türkmen mediasy öňki resminiň soňky ykbaly barada häzire çenli hiç bir maglumat bermedi, häkimiýetler, adatça bolşy ýaly, Azatlygyň bu habary tassyklamak ýa-da inkär etdirmek ugrundaky synanyşyklaryna ne telefonda, ne-de hat arkaly düşündiriş berýär.

Bagtyýar Bäşekow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine 2018-nji ýanwarynda, nobatdaky kadr çalyşmalarynyň çäginde bellenildi. Şonda hökümet başlygynyň kararynda 30-dan gowrak adamyň wezipä bellenendigi ýa wezipeden boşadylandygy aýdylýardy.

Degişli maglumat Ýaýlym Berdiýew Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanda jogapkär wezipelere bellemek we wezipeden boşatmak prezidentiň karary esasynda amala aşyrylýar we “wezipe-borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmedik” emeldarlaryň ýerine bellenilýän täze başlyklaryň haýsy hyzmatlary üçin saýlanyp alnandygy ýa-da soňra haýsy anyk günäleri üçin işden boşadylýandygy köplenç jemgyýetçilige doly aýan edilmeýär.

Bäşekowyň wezipesinden boşadylmagyna, prezidentiň gol çeken buýrugynda tassyklanmagyna görä, “işde goýberen düýpli kemçilikleri” sebäp bolupdyr. Bu düýpli kemçilikler ne buýrukda, ne-de TDH-nyň habarlarynda anyklaşdyryldy.

Öňki ýyllaryň tejribesine görä, “düýpli kemçilikleri” üçin wezipesinden boşadylan emeldarlaryň köpüsiniň korrupsiýada aýyplanmak ähtimallygy ýokary bolup durýar, ýöne olaryň ählisi sud jogapkärçiligine çekilmeýär. Synçylar bu ýagdaýy kanunyň hemmeler üçin deň ulanylmazlygy ýa-da dürli ýagdaýlaryň kanunyň hökmürowanlygyna islendik ýagdaýda täsir ýetirmek mümkinçiligi bilen düşündirýärler.

Bäşekow işden boşadylan güni Aşgabat şäheriniň häkimi Ýaztagan Gylyjowa hem käýinç yglan edildi. TDH onuň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça işleriň gidişinde gözegçiligi gowşadandygyny” aýdýar.

Adatça bolşy ýaly, Bäşekowyň wezipesini ýerine ýetirmek onuň orunbasary bolup işlän Toýly Ataýewiň üstüne ýüklenildi.

Degişli maglumat N.Hanamow: Prezident sowgat almagyny bes edip, korrupsiýa garşy göreşde görelde bolmaly

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda sudlaryň garaşsyz däldigini, sud seljermeleriniň açyk we adalatly geçirilmeýändigini, şol bir wagtda polisiýa, prokuratura, howpsuzlyk işgärleriniň adamlary gorkuzmak, gynamak we basyş görkezmek bilen, öz isleýän islendik görkezmelerini alýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanyň Baş kanuny adamyň özüne, ýakynlaryna garşy beren görkezmesiniň kanuny güýjüniň ýokdugyny aýdýar, emma hakykat ýüzünde bu görkezmeler raýatyň azatlykdan mahrum edilmegine sebäp bolýar.


Ozalky tussaglaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda tussag edilen we aýyp bildirilen adamlardan ozaly ýüklenilýän ýa ýöňkelýän günäni ak ýürekden boýun almak we toba etmek talap edilýär, aklawçylaryň öz müşderileriniň işiniň adalatly seljerilmegini gazanmak mümkinçiligi örän çäkli we olar öz işleri boýunça metbugata düşündiriş bermekden saklanýarlar.

Ikinji tarapdan, Türkmenistanda wezipeli adamlaryň işden aýrylmagy we uly möçberlerde ogurlykda aýyplanmagy adaty zat bolup, käte olaryň türmä basylmagy, mediada utandyrylmagy bilen utgaşýar we derrew ýatdan çykarylýar.

Ýerli synçylaryň, ozalky emeldarlaryň birnäçesiniň Azatlyga anonimlik şertinde gürrüň bermeklerine görä, wezipeli adamlaryň ogurlyk etmekleri köplenç olaryň bu wezipä pul berip geçmekleri bilen bagly bolup, olar orunlaryna täze adam tapylanda işden boşadylýar.

Degişli maglumat Türkmenistanyň öňki içeri işler ministri azatlykdan mahrum edildi (WIDEO)

“Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda etrap prokurory bolmak üçin 7-15 müň dollar, etrap häkimi bolmak üçin 35-50 müň dollar möçberinde para soralýardy, bu wezipelere geçen adamlar beren paralaryny alty aýa ýetmän gazanýardy” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme häzir wezipe nyrhlarynyň has gymmatlandygyny aýtdy.

Türkmenistanda otuz ýyl çemesi wagt bäri prezidentiň karary bilen wezipä bellenen we soňra dürli aýyplamalar esasynda wezipeden boşadylan emeldarlaryň anyk sany, olaryň soňky ykballary, kadrlary seçip almakda we wezipä bellemekde, soňra olar bilen işleşmekde goýberilen düýpli ýalňyşlyklar, bu ýalňyşlyklaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetiren zyýany aýdyňlaşdyrylmaýar we geljekde sapak almak üçin öwrenilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär