Türkmenistanda prezidentiň doglan gününiň öňünden guralýan medeniýet hepdeliginiň aýdym-sazly ýapylyş dabaralary guraldy, Gurbanguly Berdimuhamedow 63 ýaşynyň dolmagynyň öňüsyrasynda paýtagta iş saparyny edip, şäheriň abadançylygyna dahylly işlere gözegçiligi gowşadanlygy üçin, şäher häkimi Ýaztagan Gylyjowa käýinç yglan etdi, paýtagtyň Berkararlyk etrabynyň häkimi Bagtyýar Bäşekowy wezipesinden boşatdy.
Hökümet mejlisinde adaty zada öwrülen käýinçden, wezipeden boşatmakdan başga, Medeniýet we sungat işgärleriniň, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik işgärleri, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileri babatynda adat bolan gutlaglar hem çap edildi.
Prezidenti we onuň syýasatyny öwmekde öňe saýlanýanlaryň sylaglanmagy barha kän azyk, ýeralma we beýleki önümler baradaky "maslahatlar" bilen utgaşýar.
Degişli maglumat Daýhanlaryň 'alkyşyny' alyp gelen prezident gaýragoýulmasyz meseleleri 'bilmek isleýär'26-njy iýunda geçirilen mejlisde prezidente “ýerlerde önümçiligi mümkinçiliklerini giňeltmek” bilen bagly taslamalar hödürlendi. Aýdylmagyna görä, döwlet içindäki döwletdigi aýdylýan Senagatçylar we telekeçiler birleşigi täze ýerleri açmagy, bir topar senagat desgasyny gurmagy we täze iş orunlaryny döretmegi planlaşdyrýar.
Mundan öň hem bu birleşige milliardlarça dollar möçberinde serişde goýberildi, azyk howpsuzlygynyň döredilendigi, daşary ýurtlara iberilýän ýerli önümleriň möçberiniň artýandygy habar berildi.
Şol bir wagtda, ýurduň bazarlary daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümlerine garaşly bolmagyny dowam etdirýär. Bu garaşlylyk, azyk bahalarynyň aşa gymmatlamagy bilen, koronowius aladalary sebäpli serhetler ýapylanda has görnetin boldy. Ýurtda esasy azyk önümleri ýiti ýetmezçilik edýär, hatda ýeralma hem daşardan import edilýär, regionlardaky adamlar döwlet bahasyndan berilýän uny aýlap alyp bilmeýärler.
TDH ýurduň demirgazygyndaky Daşoguz sebitiniň dolandyryş merkezinde uly baýramçylyk konsertiniň guralandygyny we munuň ýurt boýunça bellenilýän Medeniýet we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan çäreleriň jemlenmesi bolandygyny, gelýän ýyl şeýle uly dabaranyň Lebap sebitinde gurnaljakdygyny habar berýär.
Degişli maglumat Berdimuhamedow harbylary gök, miwe öndürmekde, mürepbe gaýnatmakda ulanmak planyny yglan etdiGurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlislerinde köpçülik çäreleriniň we baýramçylyk dabaralarynyň hemişe uly türkmen toýlary görnüşinde, ýokary guramaçylykda geçirilmegini talap edýär. Bu dabaralarda adatça onuň şahsyýet kulty dabaralandyrylýar, türkmen ykdysadyýetiniň “bedew bady bilen öňe barýandygy” barada döwlet habar serişdelerinde gündelik tekrarlanýan wagyzlar gaýtalanýar.
Emma synçylar, şol sanda hökümet tankytçylary türkmen hökümetiniň öz işini oňarmaýandygyny, Türkmenistandaky nädogry dolandyryşyň we başyna goýberilen hökümet korrupsiýasynyň ýurdy we halky koronawirus pandemiýasyndan we energiýa bahalarynyň global aşak gaçmasyndan has öň batyrandygyny aýdýarlar.
Dünýäde uly energiýa baýlyklary bilen tapawutlanýan ýurtlaryň biri, şol bir wagtda ilat sany sebitdäki ýurtlar bilen deňeşdirilende hem iň az ýurt bolan Türkmenistan, hökümetden syzyp çykýan, emma resmi taýdan tassyklanmadyk maglumatlara görä, soňky on ýylda işsizligiň, garyp düşen maşgalalaryň sanynyň iň ösýän ýerine aýlandy.
Bu ýagdaý Türkmenistanda hatda 1930-njy ýyllardaky "basmaçylyk" döwründäkiden hem beter hasaplanylýan migrasiýa meýillerine alyp geldi. Emma muňa garamazdan, diňe soňky aýlarda agzalan “çökgünlik” sözüni hasap etmeseň, türkmen häkimiýetleri we metbugaty ýurtdaky kynçylyklary agzamaýar.
Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Berdimuhamedowyň “uly türkmen toýlary görnüşinde”, ýokary guramaçylyk bilen geçirilmegini talap edýän köpçülik çäreleri, habar serişdelerindäki esassyz öwgüler ýurtda toplanan uly problemalary ýaşyryp bilmeýär.
Şu aralykda, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleri we migrantlary türkmen hökümetiniň alyp baýran syýasatyna garşy protest çärelerini güýçlendirýärler we 28-nji iýunda planlaşdyrylan ptotest aksiýalarynyň öňkülere garanda hem guramaçylykly boljakdygyny aýtdylar.
“Turkmen.news” ýurt içinde hem nägilelikleriň ösýändigini, paýtagtda we beýleki şäherlerde prezidentiň suratlarynyň ýüzüne "Güm bol!", “Ogry!” sözleri ýazylan plakatlaryň ýaýardylýandygyny habar berdi.
Prezident kanun esasynda biziň konstitusion hukuklarymyzyň garantiýasy bolup bilenok, tersine, ol polisiýa, MHM ýaly hökümet edaralaryna uly hukuklary berip, biziň hukuklarymyzy aldy.M.Gurbanow
Ýurduň esasy problemasy näme?
Eýsem, ýurduň esasy problemasy näme? Azatlyk radiosy bu soragy daşary ýurtlarda täzelikde döredilen halk hereketiniň, “Türkmenistanyň demokratik saýlawynyň” ýolbaşçylarynyň biri Myrat Gurbanowa berdi.
“Esasy problema Türkmenistanyň raýatlarynyň raýat hukuklarynyň bozulmagy, prezident tarapyndan kepillendirilmezligi” diýip, M.Gurbanow aýtdy.
“Prezident kanun esasynda biziň konstitusion hukuklarymyzyň garantiýasy bolup bilenok, tersine, ol polisiýa, MHM ýaly hökümet edaralaryna uly hukuklary berip, biziň hukuklarymyzy aldy, biz öz diýjek zadymyzy diýip bilemizok, biz öz gitjek ýerimize gidip bilemizok, çykjak ýerimize çykyp bilemzok” diýip, oppozisiýadaky syýasatçy telefon söhbetdeşliginde aýtdy.
Degişli maglumat Daşary ýurtlarda türkmenistanlylaryň geçirýän soňky mitingleri we sosial media“Türkmenistanyň raýatlary öz konstitusion hukuklaryny ellerine almaly, muňa prezident päsgel berýär” diýip, Gurbanow öz pikirdeşleriniň geljekde ýurtdaky prezident wezipesini ýatyryp, parlament dolandyryşyna geçilmegine gol ýapýandyklaryny hem gürrüň berdi.
Halk hereketiniň lideriniň sözlerine görä, Berdimuhamedowyň prezident wezipesinde şu wagta çenli “eden işi ugruna barmady”, “olar diňe nebit önümlerini satyp, korrupsiýa edip, şol pullaryň ýigrimi prosentini özi ogurlap... türkmen halkyny alada eden adamlar däl” diýip, Radionyň söhbetdeşi aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri Azatlyk radiosynyň ýurt içinde we daşynda Türkmenistanyň raýatlary bilen bagly wakalar we olara resmi Aşgabadyň garaýyşlary baradaky sowallaryna jogap bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.