Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara metbugaty 'Berdimuhamedow anekdoty' üçin tankyt edilýär


Nyşana ok atýan G.Berdimuhamedow, türkmen TW-sniň şekili.
Nyşana ok atýan G.Berdimuhamedow, türkmen TW-sniň şekili.

“Türkmenistanyň diktatorynyň söweş lybasynda giňden habar berlen wideoýazgysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň görnetin hokgabazdygyny görkezýän-de bolsa, bu anekdot halkara metbugatynda bolmagyny dowam etdirýär” diýip, “The Diplomat” neşiri ýazýar.

“Serhetsiz şöhratparazlyk: Merkezi Aziýa hökümdarlary nädip halkara metbugatyna kontrollyk edýär” diýen at bilen 10-njy awgustda çap edilen makalanyň awtory Azatlyk radiosynyň öňki interni (praktikanty) Bredli Jardin.

Oltürkmen prezidentiniň “harby edermenliginiň”türkmen-owgan araçägindeençeme ýyl dowam edýän uruş-gowga,Aşgabatda söweş sungaty boýunça geçiriljek Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk we ýurt içindäki yslam ekstremizmi wehimi bilen baglanyşygyna ünsi çekýär.

(Azatlyk radiosy soňky döwürde Türkmenistanda türk ruhanysy Fethulla Güleniň hereketi bilen ilteşiklilikde güman edilip, onlarça adamyň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berdi. Emma resmi Aşgabat bu habarlary ne tassyklady, ne-de ret etdi.)

Prezident Berdimuhamedowyň ýaragly hokgasy, rus prezidenti Wladimir Putiniň Sibirdäki dynç alyş pursatlary ýaly, günbatar mediasynda giňden “şöhlelenme tapdy” we Bredli Jardin olaryň ýene we şeýle ediljekdigini belleýär.

“Hakykatda, Türkmenistanyň şahsyýet kulty günbatar metbugatynda altyn tabaga salnan tagamly lukma ýaly güjeňlenýär” diýip, makalada aýdylýar.

Şol bir wagtda awtor, ozal Saparmyrat Nyýazowyň, indi bolsa prezident Berdimuhamedowyň şahsyna aşa üns berilmegi bilen, Aşgabatdaky syýasy durmuşyň gözden salynýandygyny we halkara metbugatynyň hem bu lideriň yzyna eýermäge ýykgyn edýändigini belleýär.

Mälim bolşy ýaly, Berdimuhwemdowyň harby edermenligi baradaky wideo efire berlenden soň kän wagt geçmänkä Britaniýanyň “The Telegraph” gazeti “Türkmenistanyň diktatory özüni tüpeň atýan, pyçak zyňýan kino gahrymany edip sypatlandyran wideosy üçin ýaňsylandy” atly makalany çap etdi.

Soňra şeýle makalalar dürli neşirlerde we dillerde yz-yzyna peýda boldy. Olarda Berdimuhamedowyň mundan öňki düşen wideolary, atdan ýykylyşy, aýdym aýdyşy, dijeýlik edişi we beýlekiler, onuň Konstitusiýany üýtgedip, özüniň ömürlik prezidentligine ýol açyşy ýatlandy.

Bredli Jardin türkmen prezidenti baradaky makalalaryň tas hemmesiniň diýen ýaly bir hörpden gopýandygyna, bir galypda ýazylandygyna hem ünsi çekýär.

Mysal üçin, olarda Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylda özüne diken altyn çaýylan heýkeli, ondan öňki prezidentiň aý atlaryny öz maşgala agzalarynyň atlary bilen çalşyryşy, häzirki prezidentiň 2013-nji ýylda at çapyşygynda uçran şowsuzlygy we beýlekiler ýatlanýar hem-de soň “Türkmenistanyň ýer ýüzünde iň bir üzňeleşdirilen döwletleriň biri bolup, Demirgazyk Koreýadan soňky orunda durýandygy” bellenilýär.

“Aşgabat elitasy Türkmenistanyň halkyny syýasatdan yzygiderli süpürip aýyrýar we bu strategiýa metbugat habarlarynda hem şöhlelenýär. Şahsyýet kultlary örän mekir we milli serhetleriň çäginden çykyp, özlerini kontrollyk edýän döwletleriniň sinonimine öwrülýärler” diýip, Jardin ýazýar.

“Bu olaryň hut gazanmak isleýän zady. Diktatoryň kredosy şeýle ýönekeý: Döwlet – bu men!” diýip, “The Diplomat” neşiriniň prezident Berdimuhamedow we onuň hereketleriniň halkara metbugatynda beýan edilişi baradaky makalasynda aýdylýar.

Şeýle-de awtor Türkmenistanda syýasy aktiwistleriň tussag edilip gynalyşyndan, giň ýaýran korrupsiýadan, çöl ýerlerdäki türmelerden we adamlaryň aç, urlup-ýenjilip, günüň aşagyna taşlanyşyndan juda az adamyň habarlydygyny belleýär.

“Türkmen hökümetiniň kaşaň binagärlik proýektlerine ýol açmak üçin adamlaryň jaýlaryny ýumruşy, ýa-da giň ýaýran garyplyk, howsalaly ýagdaýdaky azyk ýetmezçiligi, polisiýanyň ýowuzlygy, saglygy saklaýyşdaky agyr ýagdaýyň heläkçilikli netijeleri barada hem kän adam bilmeýär” diýip, awtor ýazýar.

Şeýle-de makalada žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň galp aýyplamalar esasynda 2015-nji ýylyň iýuldan bäri türmede saklanyşy ýatlanýar.

“Bu zatlaryň hemmesi polisiýa döwletiniň ýiti gözegçiligi, berk serhet kontrollygy we informasiýa monopoliýasy astynda amala aşyrylýar” diýip, Bredli Jardin Aşgabatda hatda daşardan habar almaga mümkinçilik berýän hemra antenallarynyň hem “başynyň gowgalydygyny” belleýär.

Onuň pikirine görä, “habarlarda Türkmenistanyň halkyny we olara täsir ýetirýän meseleleri öň hatara çykarmagy başarmazlyk bilen”, žurnalsistler “žurnalizmiň esasy ýörelgesine hötde gelip bilenoklar” ýagny “häkimiýete hakykaty aýtmagy” başarmaýarlar.

XS
SM
MD
LG