Berdimuhamedow Putine ‘pygamber ýaşy’ we koronawirus sebäpli Moskwadaky Ýeňiş dabaralaryna gatnaşmajagyny aýtdy

Türkmen prezidenti rus kärdeşine 'wepaly' alabaý güjügini sowgat berýär. Soçi, 11-nji oktýabr, 2017.

Türkmen prezidentiniň Moskwadaky dabaralara gatnaşmazlyk barada gelen karary Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklar bilen bagly metbugatda peýda bolan kiçiräk galmagalyň, Moskwanyň türkmen wepadarlygyny satyn almak synanyşyklary baradaky aýyplamalaryň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy iýunda rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefonda gürleşip, Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyp bilmeýändigini aýtdy.

Prezident munuň sebäbini 29-njy iýunda 63 ýaşynyň dolmagy, pygamber ýaşyna ýetmegi bilen düşündirdi.

“Milli däplere laýyklykda, bu sene maşgalaň, dogan-garyndaşlaryň we ýakynlaryň hem-de tutuş halk bilen bilelikde bellenilýär” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen lideri ozal Moskwada 24-nji iýunda geçiriljek dabaralara gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edipdi we onuň şol wagt özüniň iýun aýynyň aýagynda belleýän doglan güni hakynda hiç bir pikir etmezligi synçylarda sorag döretdi.

Putin Ýeňiş dabarlarynyň 24-nji iýunda tutuljakdygyny 26-njy maýda yglan etdi.

Bu habar daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleriniň we zähmet migrantlarynyň Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat öz ýaşaýan ýerlerinde, şol sanda Moskwada 28-nji iýunda türkmen hökümetiniň alyp barýan syýasatyna garşy ptotest aksiýalaryny geçirmäge taýýarlanýan wagtyna gabat geldi.

Şeýle-de ol häzir koronawirus ýokaşmalarynyň dowam edýändigini, oňa garşy täze karantin çäreleriniň ýola goýlandygyny we, düzgünine laýyklykda, daşary ýurtlardan gelen her bir adamyň iki hepdeläp karantin ýagdaýynda bolmalydygyny sözüne goşdy.

“Bu bolsa daşary ýurtlara sapara gitmegiň mümkin däldigini alamatlandyrýar” diýip, döwlet eýeçiligindäki neşir Berdimuhamedowyň Moskwadaky dabaralara gatnamazlygynyň ikinji sebäbini görkezýär.

Degişli maglumat COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýan Türkmenistan býujet işgärlerini barlagdan geçirýär. Aşgabatda sauna, howuz we spa hyzmatlary açyldy

Azatlygyň çeşmeleri ýurtda koranowirus alamatlary bilen näsaglaýan, ýogalýan adamlaryň köpelýändigini, saglyk edaralarynyň aljyraňňy hala düşendigini habar berýärler, resmi Aşgabat bu habarlara açyk reaksiýa bildirmeýär.

Emma muňa garamazdan, Berdimuhamedow Putine 24-nji iýunda Moskwada guraljak dabalara Türkmenistanyň goranmak ministri, general-maýor Begenç Gündogdyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen delegasiýasynyň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Özünde hiç bir koranawirus hadysasynyň tassyklanmandygyny aýdýan Türkmenistan mundan öňki ýyllarda 9-njy maýda bellenen Ýeňiş gününi, koronawirus aladalary sebäpli Moskwada we beýleki ýerlerde soňa goýlandygyna gamazdan, Aşgabatda birinji gezek uly harby parad bilen belledi. Bu dabaralara Russiýanyň goranmak ministriniň orunbasary general-polkownik Aleksandr Fominiň ýolbaşçylygynda rus delegasiýasy hem gatnaşdy.

Azatlyga anonimlik şertinde pikirini aýdan ýerli synylar şonda Ýeňiş gününiň prezidentiň atasyny şöhratlandyrmak çäresine öwrülendigini aýtdylar.

Bu bellikler rus tarapynyň Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 2-nji Ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny hemişelik saklamak üçin Türkmenistana ibermegi bilen bagly.

Degişli maglumat Darganata: Uruş döwründe tylda zähmet çeken weteranlara gowşurylan medal üçin olaryň özlerinden pul tutuldy

Şu aralykda, 19-njy iýunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň wideoşekilli maslahaty geçirildi.

“Häzirki pandemiýa ýagdaýyny nazara alyp, taraplar saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak we göreşmek ýaly meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini nygtadylar” diýip, Türkmen DIM-niň websaýtynda çap edilen habarda bellenýär.

Türkmen prezidentiniň Moskwadaky dabaralara gatnaşmazlyk barada gelen karary Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklar bilen bagly metbugatda peýda bolan kiçiräk galmagalyň, Moskwanyň türkmen wepadarlygyny satyn almak synanyşyklary baradaky aýyplamalaryň yz ýanyna gabat geldi.

Orsýetde çykýan “Nezawisimaýa gazeta” 15-nji iýunda çap eden makalasyny “Russiýa Türkmenistanyň ‘wepadarlygy üçin’ tölemäge taýýar” diýip atlandyrdy we Aşgabatdaky rus ilçisi Aleksandr Blohin neşiriň aýyplamlaryny, Moskwanyň beýle niýetiniň bardygyny ret etdi.

“Fergana” neşiri ilçiniň “Nezawisimaýa gazetanyň” baş redaktoryna iberen hatynyň 18-nji iýunda gazetiň web-saýtynda çap edilendigini habar berýär.

Rus gazetinde çap edilen makalada Orsýetiň “türkmen wepadarlygyny satyn almaga taýýardygyndan” başga, ilçi Blohiniň Türkmenistanda COVID-19-yň ýokdugy barada türkmen häkimiýetleriniň aýdýanlaryna goşulýandygy, garaşsyz habar serişdelerinde Türkmenistanda dowam edýän “açlyk” barada berilýän habarlaryň hakykata gabat gelmeýändigi hem-de ýurtda söwda tekjeleriniň azyk harytlaryndan püre-pür doludygy barada eden açyk beýanatlary hakynda gürrüň edilýär.

Emma muňa garamazdan, Blohin öz hatynda “türkmen wepadarlygynyň söwdasy” baradaky gürrüňleri ret etdi we rus-türkmen gatnaşyklarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýandygyny ynandyrmaga çalyşdy.

Berdimuhamedowyň soňky ýyllarda Orsýete edýän saparlaryny ýygjamlatmagy, rus ýolbaşçylaryna “wepaly” alabaý güjüklerini sowgat bermegi we bu ýurtda öndürilen awtoulaglaryň söwdasyna gaýtadan ýol açmagy, netijede Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda gaz söwdasynyň belli bir derejede dikelmegi... türkmen hökümetiniň öz düşen ykdysady çökgünliginde öňki sowet merkezinden haraý gözleýändigi baradaky pikirleri güýçlendirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.