Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we özbek liderleri Moskwa garşy birleşýärmi?


Kerimow, Putin we Berdimuhamedow GDA-nyň Duşenbede geçirilen sammitinde, 2007-nji ýylyň 5-nji oktýabry.
Kerimow, Putin we Berdimuhamedow GDA-nyň Duşenbede geçirilen sammitinde, 2007-nji ýylyň 5-nji oktýabry.

Türkmen we özbek prezidentleriniň 18-nji oktbýarda bolan telefon gürrüňinde Orsýetiň öňki SSSR-i ykdysady manyda dikeltmek synanyşygyna garşy maslahat edilen bolmagy mümkinmi?


TDH bu telefon gürrüňiniň GDA hökümetleriniň sekizisiniň ýolbaşlarynyň şol gün Sankt-Peterburgda bolan duşuşygyna baglanyşygy barada hiç zat aýtmaýar. Ýöne synçylar Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň postsowet ýurtlarynyň arasynda SSSR döwründäkä çalymdaş ykdysady hyzmatdaşlygy esaslandyrmak ugrundaky hereketleriniň Merkezi Aziýanyň bu iki ýurdunyň liderlerini biynjalyk etmän bilmejegini aýdýarlar.

Orsýetiň ýolbaşçylygynda erkin söwda zolagy

Wladimir Putin Sankt-Peterburgda “Biz öz harytlarymyz üçin bazarlarymyzy bilelikde giňden açýarys, bu biziň bazarlarymyza harytlaryň has arzan geljegini aňladýar” diýdi. Şeýle-de ol delegasiýa baştutanlarynyň Azerbeýjandan, Özbegistandan we Türkmenistandan ýylyň ahyryna çenli Erkin söwda zolagy baradaky şertnama goşulmak mümkinçiliklerini öwrenmegini haýyş edendigini aýtdy.

Türkmen metbugaty prezidentler Berdimuhamedowyň we Kerimowyň türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri barada maslahat edendiklerini ýazýar. Bu maslahat netijesinde türkmen lideri özbek kärdeşini Türkmenistana sapar etmäge çagyrypdyr we bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edilipdir. Emma TDH iki lideriň GDA ýurtlary tarapyndan döredilýän Erkin söwda zolagy ýa-da iki goňşy ýurduň arasynda şuňa meňzeş gatnaşyklary ýola goýmak hakynda maslahat edendigini ýa etmändigini aýtmaýar.

Türkmen we özbek liderleriniň pozisiýasy

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýer türkmen we özbek prezidentleriniň bu telefon gürrüňinde esasy maslahatyň Moskwa garşy bilelikde nädip durup boljagy barada bolandygyny çaklaýar. Panniýeriň pikiriçe, bu telefon söhbetdeşliginiň iki ýurduň hem GDA ýurtlarynyň köpüsiniň goşulan erkin söwda zolagyna goşulmakdan ýüz öwrenden soň bolmagy tötänlik däl.

“Men olaryň gürrüňi esasan “indi biziň pozisiýamyz nähili bolmaly, biz bir-birimiziň pozisiýamyzy bilelikde we aýry-aýrylykda berkitmek üçin nähili hereket edip bileris?” diýen manyda bolandyr öýdýärin” diýip, Brýus Panniýer aýdýar.

Panniýeriň bellemegine görä, Türkmenistan bilen özbegistanyň bir-birine daýanmagyna doly esasa bar, sebäbi Aşgabat energiýa ýollaryny köpeltmäge gyzyklanýar we bu meselede oňa Günbataryň goldawy gerek. Ozbegistan bolsa, hem Birleşen Ştatlar, hemem Owganystandaky NATO ýaranlygy bilen gatnaşyklary giňeltmäge ýykyn edýär diýip, Panniýer sözüniň üstüne goşdy.

"Meňzeş syýasat"

Bosgunlykda döredilen “Respublika” partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow türkmen we özbek liderleriniň bu söhbetdeşligini öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň gowulaşan goňşuçylyk gatnaşyklarynyň dowamy hasaplaýar. Ýöne ol bu gürrüňde Sankt-Peterburgdaky maslahatyň agzalmandygyna ynanmaýar. Hanamowyň pikiriçe, bu iki lideriň postsowet giňişliginde Putiniň täsiri bilen döreýän täze ýaranlyga taýýar bolmagy gerek.

“Berdimuhamedowyň we Kerimowyň alyp barýan syýasatlary köp babatda meňzeş. Olar geçen ýyldan başlap gazyň bahalary barada ylalaşyp, Hytaý bilen hyzmatdaşlygy giňeldip, biri-biriniň pozisiýasyny belli bir derejede berkitdi” diýip, Hanamow Azatlyk Radiosyna aýtdy. Şeýle-de ol bu iki lideriň birleşip, öz syýasatlaryny goramak barada alada edýändiklerini we Moskwa garanda Günbatar, Birleşen Ştatlar bilen hyzmatdaşlyga köpräk ymtylýandygyny aýdýar.

Oppozision syýasatçynyň pikiriçe, Wladimir Putiniň geljek ýyl Orsýetde boljak prezident saýlawlaryna gatnaşjagy belli bolandan soň, öňki sowet respublikalarynyň arasynda täze bir ýagdaý döreýär. Hanamow Putiniň öňki sowet respubliklary bilen birleşip, Günbatar ýurtlaryna garşy bir ýaranlyk döretmek islegini gizläp hem durmaýandygyny aýdýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny ýöredýär. Hanamow bu syýasatyň Berdimuhamedow tarapyndan hem dowam etdirilýändigini, şol bir wagtda ol ýa beýleki ýaranlyga goşulmagyň türkmen we özbek liderleriniň özbaşdaklyk, hiç kime boýun bolmazlyk ýörelgelerine ters gelýändigini, emma Orsýetiň indi bu ýagdaý bilen ylalaşmazlygynyň mümkindigini öňe sürýär.

Rus metbugaty: Hazardan ganyň ysy gelýär

Synçylaryň pikirine görä, Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň “Transhazar” proýekti barada gürrüň edip, bu meselede hazarýaka döwletleriniň hemmesiniň ylalaşygynyň bolmalydygyny ýatlatmagy, ýagny şeýle ylalaşyk bolmasa hiç bir energiýa geçirijisiniň gurlup bilmejegini, muňa Moskwanyň garşy boljagyny duýdurmagy hem postsowet giňişligindäki täze ýagdaý bilen bagly bolup biler.

Medwedewiň şol beýanatyndan soň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Orsýetiň bu ugurdaky deliliniň görnetin gowşakdygyny we meseläniň goýluşynyň “netijelilige garşydygyny” aýtdy. Resmi Aşgabadyň bu beýanatyna Moskwa tarapdan resmi reaksiýa bildirilmedi. Muňa garamazdan, rus metbugaty bu pursaty gözden sypdyrmady. Sergeý Prawosudow, Alekseý Griwaç ýaly awtorlar “Nezawisimaýa gazeta” we “Moskowskiýe nowosti” gazetlerinde “Hazardan gaz urşunyň ysynyň gelýändigini” ýaňzydyp, Türkmenistana garşy berk çykyş etdiler. Alekseý Griwaçyň bu meselä bagyşlanyp çap edilen iki makalasynyň birinde Orsýetiň Hazar üstünde Ýewropa bilen söweşe taýýarlanýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG