Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlardaky türkmenistanlylara “Western Union” pul geçirim hyzmatlary arkaly ibermäge rugsat berilýän maliýe serişdeleriniň möçberini artdyrmak baradaky planlaryndan el çekdiler diýip, Azatlygyň çeşmesi ýerli bank işgärine salgylanyp 26-njy maýda gürrüň berdi.
Ýatlatsak, geçen hepde ýurduň daşyndaky türkmen raýatlaryna, şol sanda studentlerine her aýda ugratmaga rugsat berilýän 200 dollar möçberindäki çägiň 500 dollara çenli artdyrmagy göz öňünde tutulýandygy barada maglumatlar gowuşypdy.
Şol pursat, Azatlygyň çeşmesi munuň daşary ýurtlarda karantinde galýan türkmenistanlylary goldamak maksadyndan ugur alnyp edilýän bolmagynyň mümkindigini belläpdi. Emma türkmen häkimiýetleriniň owal başdaky planlaryndan häzir el çekmegine anyk nämäniň sebäp bolandygy belli däl.
Degişli maglumat Türkmenistanyň nagt ýetmezçiligi we maliýe çäklendirmeleri ‘ýitileşýär’
Gepiň gerdişine bellesek, dünýäde koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtlardaky türkmen raýatlary, şol sanda talyplary yzyna – Türkmenistana dolanyp bilmeýändiklerini, degişli türkmen wekilhanalarynyň özlerine ýardam etmeýändigini, şeýle-de maliýe serişdeleriniň gutaryp, bank kartlaryndaky pullary hem nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini aýdyp, Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdiler.
Mundan başga-da, türkmen banklarynda daşary ýurtdaky ýakynlaryna, şol sanda çagalaryna pul ugratjak bolýan raýatlaryň ‘dowamly täzelenýän býurokratik çäklendirmeler’ bilen hem ýüzbe-ýüz bolýandyklary nygtalypdy.
Geçen hepde Azatlygyň çeşmesi türkmen hökümetiniň pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda karantinde galýan raýatlaryna olaryň türkmen banklaryndan berlen halkara bank kartlaryndan 500 dollar möçberinde pul nagtlaşdyrmagyna hem rugsat bermegi planlaşdyrýandygyny habar beripdi. Emma bu ugurdaky planlardan hem el çekilendigini ýa-da olaryň heniz hem öz güýjündedigini häzirlikçe anyklap bolmady.
Türkmen banklaryndan hem bu ugurda hiç hili resmi düşündiriş almak başartmady.
Degişli maglumat Türkmenistan 2021-nji ýylyň döwlet býujetini düzýär, synçylar onuň ýene kagyzda galjagyny çaklaýar
Türkmenistanda indi dört ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurtda walýutanyň resmi bahasy bilen onuň “gara bazardaky” nyrhynyň arasynda uçurym emele geldi.
Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň manada bolan resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklap gelýär, ýöne beýleki tarapdan gara bazarda manadyň hümmeti onuň resmi bahasyndan 5-6 esse pesdir.
Goşa baha ýurt raýatlarynyň durmuşyna, telekeçileriň işine hem oňaýsyz täsir etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.