Türkmenistan: “Western Union” arkaly iberilýän puluň çägini ‘artdyrmak planyndan el çekildi’
Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlardaky türkmenistanlylara “Western Union” pul geçirim hyzmatlary arkaly ibermäge rugsat berilýän maliýe serişdeleriniň möçberini artdyrmak baradaky planlaryndan el çekdiler diýip, Azatlygyň çeşmesi ýerli bank işgärine salgylanyp 26-njy maýda gürrüň berdi.