Türkmenistanda ykdysady kynçylyklar dowam edýän mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýurt içinde we ýurt daşynda türkmen raýatlarynyň pul nagtlaşdyrmak bilen bagly problemalary barada habar berýärler.
Aşgabatly habarçymyz 10-njy martda paýtagtyň bankomatlarynda nagt puluň tapdyrmaýandygyny habar berdi.
“Adamlar heniz hem işleýän pully bankomat gözleýär. Köpler üçin bu gözleg şowsuz tamamlanýar” diýip, habarçy maglumat berdi.
Ol paýtagtyň köp adamly bankomatlaryndaky nagt üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýlary öwrendi:
“Şu gün (10-njy martda) “Jygyllyk” bazaryndaky (“Altyn Asyr” bazary-red.) bankomatlarda uly nobat boldy we nobata garaşýan adamlaryň köpüsi pul nagtlaşdyryp bilmedi. Bu gün hem bankomatlaryň aglabasynda pul bolmady. Hatda Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynyň bankomatlarynda-da pul bolmady” diýip, habarçy aýtdy.
“Ozallar beýleki ýerlerde pul bolmadyk ýagdaýlarynda-da, Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynyň bankomatlarynda pul bolýardy” diýip, ol maglumatynyň üstüni ýetirdi.
Ol bir tanşynyň “Berkarar” Söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän bankomatlardan pul nagtlaşdyrmagy başarandygyny aýtdy.
Habarçynyň anyklan pulsuz bankomatlarynyň sanawyna “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkezinde ýerleşýän bankomatlar hem girýär.
Türkmenistanda ýurduň içinde, hatda paýtagt Aşgabatda nagt ýetmezçiligi dowam edýän mahaly, ýurduň daşynda-da raýatlar türkmen banklaryndan alan Visa kartlarynyň üsti bilen pul nagtlaşdyrmakda kösenýändiklerini aýdýarlar.
7-nji martda Azatlyk Radiosy bilen Türkiýeden habarlaşan bir türkmenistanly öz ýany bilen Türkmenistandan getiren 2 sany Visa karty arkaly pul nagtlaşdyryp bilmeýändigini, bulardan daşgary türkmenistanly bir tanşynyň hem kartynyň işlemegi bes edendigini habar berdi.
Türkiýeden habarlaşan türkmenistanly erkek adamyň maglumatlaryna görä, ol döwlet işinde işleýän ejesiniň hem-de gaýyn enesiniň kartlaryndan walýutada pul nagtlaşdyrmaga synanyşypdyr, ýöne bu netije bermändir.
“5-nji martdan bäri kartlar işlänok” diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.
“Ýene-de bir [türkmenistanly] aýaldan soradym, onuň karty hem ýapylypdyr” diýip, ol sözüne goşdy.
Gürrüňdeşimiziň maglumatlaryna görä, onuň ýanyndaky kartlaryň birinde $1700-den gowrak maliýe serişdesi bar, ýöne muňa garamazdan bu pullary nagtlaşdyryp bilmeýär.
Türkmenistanda hereket edýän walýutanyň gara bazarynda dollaryň nyrhy onuň döwlet tarapyndan 3.5 manat möçberinde kesgitlenen resmi nyrhyndan 5.5 esse gymmatdyr.
Soňky üç ýyla golaý wagt bäri ýurt raýatlary Türkmenistandaky bank kartlaryndan ýerli pul birliginde goýan goýumlaryny daşary ýurtlarda walýuta çalyşmaga ýykgyn edýärler.
Türkiýedäki gürrüňdeşimiz wiza kartlary bilen bagly 5-nji martdan bäri dowam edýän problemanyň daşary ýurtlarda bilim alýan studentlere degişlidigini ýa-da däldigini, şeýle-de bu ýagdaýyň köpçülikleýin häsiýetdedigini ýa-da däldigini özüniň bilmeýändigini habar berdi.
Daşary ýurtlarda bilim alýan studentler okaýan ýokary okuw jaýlaryndan, eger olar döwlet tarapyndan ykrar edilen bolsa, degişli resminamalary görkezen ýagdaýynda olara türkmen banklary tarapyndan kesgitlenen möçberde, bellenen tertipde, resmi kursdan Türkmenistandan walýuta ugradylmagyna rugsat berilýär.
Ýöne Gazagystanda okaýan türkmen studentleri Western Union arkaly Türkmenistandan pul alyp bilmeýändiklerini 9-njy martda Azatlyk Radiosyna habar berdiler.
Mundan ozal, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Western Union arkaly daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly studentlere ugradylmagyna rugsat berilýän $200 dollarlyk limitiň Mary welaýatynda $100 dollara düşürilendigini 6-njy fewralda habar beripdi.
Türkmen resmileri ýurt içindäki nagt ýetmezçiligi, ýurduň daşynda Visa kartlaryň ýapylandygy ýa-da däldigi, şeýle-de Gazagystanda bilim alýan türkmenistanlylaryň Western Union pul geçirim hyzmaty bilen bagly problemalary barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.