Azyk ýetmezçiligi: Aşgabatda adamlar iki gün oňünden nobat belleýär​

Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň biriniň golaýynda ösümlik ýagyny satyn almak üçin nobata duran adamlar.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda azyk ýetmezçiligi günsaýyn ýitileşýär. Käbir dükanlarda adamlar iki gün oňünden nobat belleýär. Dükanlaryň käbirinde bolsa, gyt azyk önümleri giçlik sagat 7-den soň satylyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz birnäçe habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

Degişli maglumat Lebapda MHM bugdaý garawullaýar

"Şu gün bazardaky döwlete degişli söwda nokatlarynyň dördüsiniň öňünde adamlar irden sagat 7-de üýşüp başladylar. Şeker, ýag ýaly gyt harytlar satuwa çykarylanda, bular nobata duran adamlaryň diňe 20%-ne ýetdi. 8:30-da bir nokatda harytlar gutaran bolsa, 5 minut aratapawut bilen beýleki nokatlarda hem gutardy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 20-nji maýda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda gürrüňi edilýän bazar we ondaky döwlet dükanlary barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Aýdylmagyna görä, çörek üpjünçiligi bilen bagly ýagdaý has-da gözgyny bolup, bazardaky çörek dükanynyň öňunde adamlar gije sagat 2-3-de nobata durup başlaýarlar.

"Irden sagat 8 töweregi çöregiň ýene 2 sagatdan satylyp başlanjakdygyny aýtdylar. Adamlar gitmän, nobata durup garaşdylar. Soňra her adama 2 sany çörek satdylar. 50 töweregi adam nobata durdy" diýip, habarçymyz belledi.

Azatlygyň paýtagtly beýleki bir habarçysy bolsa, dükanlaryň her biriniň öňünde duran adamlaryň sanynyň 100-den aşýandygyny belläp, şu günler towuk budunyň ýetmezçiliginiň has-da ýitileşendigini aýdýar.

"Her gün nobata duran adamlaryň 7-8 sanysyna ýerli towuk budy ýetýär. Galan adamlaryň her birine daşary döwletlerden import edilen towuk budy iki sanydan satylýar. Ýöne bu önümler-de nobata duran adamlaryň takmynan dörtden bir bölegine hem ýetmeýär" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 20-nji maýda gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, dükanlaryň käbirinde adamlar iki gün öňünden nobata durýar. Şolaryň biri Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän "Desse" dükany bolup, bu ýerde bir gün oňünden nobata duran adamlara haryt ýetmese, olaryň nobaty ertirki güne geçýär.

"Ýöne bu ýagdaý şol güni nobat bellän adamlar bilen iki gün öň nobat bellän adamlaryň arasynda düşünişmezligiň döremegine sebäp bolýar. Köplenç dawa-jenjeller hem döreýär" diýip, habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Maryda pulsuzlykdan kösenýän ilat emläklerini ‘deger-degmeze’ satyp başlady

Azatlygyň habarçylary käbir dükanlarda bolsa, gyt azyk harytlarynyň giçlik sagat 7-de satylyp başlanandygyny we munuň üçin adamlaryň daňdan ir sagatlarda nobat belleýändigini aýdýarlar.

Dükan satyjylary we ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeş bolan habarçylarymyzyň käbiri munuň sebäplerini işleýän raýatlaryň irden nobata durup, azyk satyn alyp bilmeýändigi barada ýazan arzalaryndan soň ýola goýlandygyny aýdýarlar.

Käbir habarçylarymyz bolsa, täze düzgüniň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji maýda dikuçarda Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyranda nobatlary görüp, olara nägilelik bildirmegi bilen baglanyşyklydygyny belleýärler.

"Döwlet emeldarlary uzyn nobatlary "Arkadag" dikuçardan aýlananda görer diýip howatyr edýärler, emma nobata duran käbir raýatlar "Arkadagyň" wideo gözegçilik üsti bilen hemme bolýan dawa-jenjenlerden habarynyň bardygyny we görýändigini aýdýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Habarçylarymyzyň sözüne görä, dükan müdirleri nobatlardaky adamlaryň sanyny kemeltmek maksady bilen, adamlara ýag, şeker, towuk budy ýaly gyt harytlaryň ýany bilen geçmeýän ýa-da ulanyş möhleti geçen harytlary satmak çärelerini hem güýçlendirdiler.

Degişli maglumat Berdimuhamedow ýeralma talabyny gaýtalaýar, synçylar ýagdaýyň agyrlaşýandygyny duýdurýarlar

"Sebäbi adamlaryň käbirinde unuň, şekeriň, ýagyň bahasyny tölemäge maddy mümkinçilik bolsa, onuň ýanyndan başga haryt satyn almaga ýagdaýy bolmaýar. Mysal üçin, dükan satyjylary nohut, möhleti geçen kisel, 0,33 ml çüýşe gapda şireli gazlandyrylan içgileri satyn almaga mejbur edýärler. Diňe bu içginiň bahasy 6 manat" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri dowam edip gelýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, döwlet dükanlarynda azyk we bankomatlarda nagt ýetmezçiligi dowam edýär. Ýöne koronawirus pandemiýasy bilen bagly çäklendirmeleriň hem-de energiýa bahalarynyň aşaklamagynyň yzýany, soňky aýlarda maliýe kynçylyklary, azyk gytçylygy we gymmatçylygy has-da ýitileşdi.

19-njy maýda Azatlygyň Marydaky habarçysy welaýatda adamlaryň, azyk we maliýe krizisiniň arasynda, gapysyndaky mallaryny, şahsy ulaglaryny we gyzyl şaý-seplerini “deger-degmez” bahadan satmaga başlandygyny habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ykdysady kynçylyklar we munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada hiç zat aýtman gelýärler. Muňa derek, 8-nji maýda türkmen hökümeti ýylyň ilkinji dört aýynda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3% artandygyny yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.