8-nji martda möhüm OPEC+ ýygnagynyň Saud Arabystany bilen Orsýetiň arasyndaky wajyp düşünişmezlik bilen tamamlanmagy, nebitiň bahasynyň pese gaçmagyna getirdi.
Girdedijleri nebit eksportlaryna garaşly beýleki ýurtlaryň nebit bahalarynyň arzanlaýşyna diňe ünjüli syn etmekden başga çäreleri ýokdy.
Bahalar, ahyrsoňy, martyň aýaklarynda kadalaşdy. Ýöne şonda-da bu öňki hepdeler bilen deňeşdireniňde juda pesdi.
Koronawirusyň ýaýramagy sebäpli dünýädäki petiklenmeler we munuň bilen bir hatarda ykdysady işjeňligiň pese gaçmagy nebite bolan talabyň düýpli azalmagyna we üpjünçilikdäki ummasyz artykmaçlyga alyp geldi.
Nebit köp, ýöne alyjy az we ätiýaç nebit saklanýan ammarlaryň dolmagy nebitiň bahasynda ikinji pese gaçyşlyga ýol açyp, 20-nji aprelde onuň “Günbatar Tehas aralyk” (West Texas Intermediate – WTI) bahasy barrel başyna gysga wagtlyk $0-yň aşagyna düşdi.
WTI-däki iň pes baha “Brent Crude” we “Ural” ýaly nebit markalarynyň bahalaryny hem özi bilen aşak çekdi we ýangyç pudagynda iş alyp barýan käbir adamlar üpjünçilikdäki artykmaçlygyň hem-de taryhdaky iň pes bahalaryň birnäçe aýlap dowam edip biljekdigini aýdýarlar.
Hazar deňziniň gündogar tarapynda Gazagystanyň we Türkmenistanyň hökümetleri, hususan-da Aşgabat çykgynsyzlykdan ellerini owkalaýandyr.
Nebitiň bahalary onuň bir barreliniň 20 dollardan biraz arzan bolan döwri bilen, 1998-nji ýyldaky nyrhlar bilen deňeşdirilýär.
Nebitiň 1998-nji ýyldaky bahasy Gazagystan we Türkmenistan üçin nämäni aňladýardy?
Degişli maglumat COVID-19: HRW Merkezi Aziýa hökümetleriniň hukuklara hormat goýmaýandygyny aýdýarSoňky ykdysady betbagtçylyk
Gürrüňe Türkmenistan barada başlasak, bu, ýurduň bäş ýyl töweregi wagt bäri duçar bolýan ykdysady betbagtçylyklar zynjyrynyň iň soňkusydyr.
Türkmenistanyň iň esasy eksporty tebigy gazdyr we türkmen hökümeti ykdysady görkezijileri bermek islemeýändigi üçin döreýän köp çaklamalara görä, gaz eksporty ýurduň girdejisiniň 70-80 göterimini düzýär.
Gynansak-da, Aşgabat üçin gazyň bahasy nebitiň bahasyny yzlaýar.
1998-nji ýylda Türkmenistan Russiýa bilen türkmen gazynyň bahasy baradaky dartgynly gepleşiklerde gulplandy.
Şol döwürde köne sowet infrastrukturasynyň mirasy bolan rus turbageçirijileri arkaly ähli türkmen gazy henizem (Ukraina, Gürjüstana we Ermenistana) eksport edilýärdi.
1997-nji ýylyň ahyrynda Eýrana täze gaz geçiriji açyldy, ýöne iberilýän deslapky mukdar pesdi, şonuň üçin rus turbageçirijileri hakykatdan-da türkmen gaz eksporty üçin ýeke-täk mümkinçilik bolupdy.
Türkmen prezidenti Saparmyrat Nyýazow 1000 kub metr gaz üçin 40 dollar isleýärdi, Russiýa bolsa 32 dollar teklip edýärdi.
Şondan tas 20 ýyl soň, gaz bahalary baradaky jedel Russiýanyň 2016-njy ýylyň başynda Türkmenistandan gaz importyny üzül-kesil togtatmagyna alyp geldi.
Gazprom ahyrsoňy 2019-njy ýylda Türkmenistan bilen 5,5 milliard kub metr ujypsyz türkmen gazyny, bir habarda aýdylmagyna görä “örän pes bahadan, 1000 kub metr gaz üçin 110 dollardan", satyn almak barada şertnama baglaşdy.
Hytaý Russiýa bilen deňeşdireniňde has köp türkmen gazyny satyn alýar, ol 2019 ýylda 35 miliard kub metr töweregi türkmen gazyny satyn aldy.
Aýdylmagyna görä, Hytaý 2016-njy ýyldan bäri her 1000 kub metr gaz üçin Türkmenistana 185 dollar töleýärdi. Ýöne 2017-nji ýylda, Türkmenistanyň şol wagtky belki-de ýeke-täk gaz müşderisi Hytaý gazyň bahasyny arzanlatmak isleýärdi.
Degişli maglumat Türkmenistanyň iň esasy energiýa müşderisi – Hytaý, epidemiýanyň fonunda, gaz importyny azaldýarTäsir güýji
Gazyň bahasy babatyndaky gepleşiklerde Türkmenistanyň ne Orsýete garşy, ne-de Hytaýa garşy hakyky täsir güýji bar we ýakyn wagtlarda olaryň ikisiniň-de türkmen gazyny arzan almak babatyndaky täze teklipler boýunça Aşgabat bilen habarlaşjakdyklary ikuçsyz diýen ýaly.
Türkmenistanyň şol ikisinden başga gaz alyjysy ýok.
Aslynda Orsýet türkmen gazyna mätäç hem däl, Hytaý bolsa mart aýynyň başynda turbageçirijiler arkaly gaz importyny azaldyp, suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) importyna üns berjekdigini aýtdy.
Eger-de 1000 kub metr gaz üçin 110 dollar “gaty arzan baha” hasaplanýan bolsa, onda 1000 kub metr üçin 32 – 40 dollar köpüge deň diýse-de boljak. Ýöne şu ýylyň agramly böleginde türkmen gazy şol nyrha golaý bahadan bahalansa gerek.
Ozal ençeme gezek belläp geçişimiz ýaly, Hytaýa iberilýän türkmen gaz eksportynyň näbelli bölegi Türkmenistanyň Pekine gaz ýataklaryny özleşdirmek we Hytaýa gaz geçirýän turbageçirijiniň gurluşygy üçin bergisini üzmäge gönükdirilýär.
Eger-de 2016-njy ýylda gazyň her 1000 kub metriniň bahasy 185 dollara deň bolsa, Türkmenistana häzirki wagtda Hytaýa bolan bergisiniň galan bölegini yzyna tölemek üçin zerur bolan wagtdan 4 esse has köp wagt gerek, hem-de ol häzirki wagtda Hytaýa satýan tebigy gazynyň 4 ýyl ozalky girdejisiniň 25 prosente golaýyny gazanýar.
Nebit eksport ediji Orsýet barada Eurasianet neşiriniň golaýda çap eden habarynda şeýle diýilýär: “Nebitiň bahasynyň pese gaçmagy bilen, rubl dollaryň garşysynda gowşady, şeýlelik bilen, eksportlaryň rubl boýunça bahasyndaky pese gaçyşlygyň öwezi dolundy hem-de rus nebit öndürijileriniň iş çykdajylary olaryň halkara bäsdeşlerine garanyňda arzanlady”
Habarda “şuňa meňzeş düzedişiň Gazagystanda-da bolup geçendigi” bellenilýär we bu ýagdaý “walýuta hümmetine haýsydyr bir düzediş girizmekden gaça durmagy ymykly ýürege düwene meňzeýän” Azerbaýjan bilen deňeşdirilýär.
Habarda Azerbaýjanyň “öz manadyny goramak üçin milliardlarça dollar harçlaýandygy” aýdylýar.
Türkmenistanda-da ýagdaý şeýleräk.
2015-nji ýylyň başyndan bäri hökümet milli pul birliginiň, manadyň ABŞ dollaryna bolan gatnaşygyna degişli alyş-çalyş bahasyny peseltmedi.
Degişli maglumat 2019: "Türkmenistanda Rowaçlyk ýylynyň" esasy wakalaryAgyr döwür
Türkmenistanda öz pul birligini goramak üçin milliardlarça dollar ýok we hökümet manadyň hümmetini peseltmek barada berilýän maslahatlardan ýüz öwrüp gelýär.
Türkmen häkimiýetleriniň manadyň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýandyklary barada gep-gürrüň boldy, ýöne bu hemme zady gözegçilikde saklaýan hökümetiň şübheli kararlary sebäpli soňky ýyllarda gaty agyr güne duçar bolan türkmen halky üçin has agyr kösençlikleri aňladýar.
Bellenilişi ýaly, Gazagystan mart aýynyň başynda nebitiň bahasynyň aşaklap başlamagy bilen, öz walýutasynyň, tengäniň 15 prosent töweregi hümmetiniň peselmegine rugsat berdi.
Bu aralykda, Türkmenistan ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürmäge dowam edýär, muňa garamazdan welaýatlaryň arasynda hereket çäklendirmeleri girizildi. Şäherleriň ilaty şäher global pandemiýa ýok wagtyndaky ýaly şäher içinde erkin hereket edip.
23-nji aprele çenli Gazagystanda 2,250 adamdan gowrak COVID-19 hassasy hasaba alyndy we bu keselden 20 adam aradan çykdy.
Gazagystanda iri şäherleriň köpüsi karantin astynda alnyp, adamlaryň hereketi çäklendirildi.
Bu çäreler Gazagystanyň ykdysadyýetine agyr zarba urýar.
Hökümet häzirki agyr ykdysady döwürde olara kömek etmek üçin Gazagystanyň iň mätäç adamlaryna 42,500 tenge (takmynan 95 dollar) berýär.
8-nji aprelde Gazagystanyň Milli bankynyň başlygynyň orunbasary Aliýa Moldabekowa ätiýaçlyk milli gaznanyň 57,5 milliard dollara barabardygyny aýtdy, şonuň üçin agyr günde bu gaznanyň belli bir wagta çenli ykdysadyýete we Gazagystanyň raýatlaryna edilýän basyşy ýeňletmäge dowam etdirip biler, ýöne tengäniň gutulgusyz ýaly bolup görünýän nobatdaky hümmetsizlenişi sosial dartgynlylyklary döretmegi mümkin.
Ýöne eger-de nebitiň 1 barreliniň bahasy şu ýyl 20 – 30 dollar aralygynda galsa, petiklenmeler aradan aýrylyp, iri senagat desgalary öz işine başlan ýagdaýynda-da, ýurt uly ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolar.
7-nji martda Gazagystanyň energiýa ministri Nurlan Nogaýew: “Biz nebitiň barrel bahasyny 50-55 dollar aralygynda çaklaýarys. Eger-de bu 40 dollardan aşak düşse, hökümetiň çykdajylary optimizirlemek boýunça plany bar we biz bireýýäm munuň üstünde işläp başladyk” diýdi.
Şu ýylyň dowamynda onuň bahasy bu çaklanýan pes bahadan iki esse az bolmagy mümkin.
Gazagystanyň başga eksporty ýok we nebitiň bahasynyň pese gaçmagy bilen ýangyç girdejileriniň öwezini dolmak üçin ýurduň bugdaý hasylyna täze üns berler.
Ýöne muňa garamazdan, 2020-nji ýylyň galan bölegi Gazagystan üçin agyr, Türkmenistan üçin has agyr geçer.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.