Köýtendagda ilat çörek we un tapman, degirmende mekgejöweni ýaryp, un edip iýýär

Lebaplylar ýiti un gytçylygyny başdan geçirýärler. Welaýatyň ençeme obasynda ilat degirmende mekgejöweni ýaryp, un edip iýýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň biri Lebapdan habar berýär.

Degişli maglumat Aşgabatda çöregiň bahasy iki esse gymmatlady. Ilat gijeden azyk nobatyna ýazylýar, polisiýa nobatlara gözegçiligi güýçlendirýär

"Döwlet dükanlarynyň aglabasynda indi ençeme hepde bäri arzan bahadan çörek we un tapdyrmaýar. Ýöne şu günler adamlar Türkmenabat şäherinde we Köýtendag, Dostluk ýaly etraplarda gymmat bahadan satylýan ýerli uny hem tapyp bilmeýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 24-nji aprelde gürrüň berdi.

Habarçy Köýtendag etrabynyň ençeme obasynda adamlaryň çörek tapman, bazardan mekgejöwen satyn alyp başlandygyny hem aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirdi:

"Adamlar mekgejöweni el degirmeninde ýaryp, ondan un edip iýýärler" diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosynda bu obalaryň takyk atlary barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

"Ençeme adamyň ýygnanyşyp edýän şikaýatlary netijesiz bolmagynda galýar. Türkmen nakyllarynda "Garybyň sözi diňlenmez, ýöne ýerde-de ýatmaz" diýenleri gelene meňzeýär" diýip, habarçy aýtdy.

Degişli maglumat Aşgabatda ýag, towuk nobatlary ulalýar, un gytçylygy çörek bişirýänleriň azalmagyna getirýär

Şeýle-de, ol welaýatyň döwlet dükanlarynda un we çörek bilen bir hatarda, raýatlara ýeňillikli bahadan, soňky maglumatlara görä 1litri 7 manat 60 teňňeden, satylan arassalanmadyk pagta ýagynyň ýetmezçiliginiň hem ýitileşendigini belledi.

"Häzirki wagt döwlet dükanlarynda tapdyrmaýan arassalanmadyk pagta ýagynyň 1 litri hususyýetçilerde 50-60 manatdan bahalanýar" diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Bu aralykda, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň käbir bazarlarynda alma, apelsin, şeker we un ýaly daşary ýurtlardan import edilen azyk harytlarynyň peýda bolandygyny aýdyp, olaryň käbiriniň bahalary barada maglumat berdi.

"Şäheriň 'Teke bazarynda' apelsiniň 1 kilogramy 60 manatdan, almanyň 1 kilogramy 55 manatdan, kömelegiň 1 kilogramy 65 manatdan, limonyň 1 sanysy 7-8 manatdan bahalanýar. Şekeriň 50 kilogramy 580 manada, bir sany ördek 50 manada durýar. 'Altyn Asyr' bazarynda 50 kilogram gazak uny 560 manatdan satylýar. 1 kilogram greçka 15 manada we sarymsak 30 manada durýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 24-nji aprelde gürrüň berdi.

Maglumat üçin aýtsak, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurtda iň pes pensiýa 338 manat we iň pes aýlyk haky 870 manat möçberinde kesgitlenildi. Ýurduň orta mekdeplerinde doly stawka görnüşinde işleýän mugallymlaryň ortaça aýlygy 1800 manada barabardyr.

Degişli maglumat Ýurtda azyk üpjünçiligi barha agyrlaşýan mahaly, güýç edaralary arz-şikaýat bildirýän adamlara basyş edýär

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda indi üç ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän azyk, şol sanda un, çörek we ýag gytçylygy soňky aýlarda has-da ýitileşdi.

Munuň bilen bir wagtda, gyt we beýleki azyk harytlarynyň hususyýetçilerdäki bahalary hem gymmatlaýar.

Ýurt ýaşaýjylary döwlet dükanlarynda un, çörek, ýag, şeker we towuk budy ýaly arzan bahadan satylýan azyk harytlaryny satyn almak üçin gijeden nobata ýazylýarlar. Muňa garamazdan, azyk önümleri nobata duran adamlaryň ählisine ýetmeýär we azyk nobatlarynda dawa-jenjeller hem gaýta-gaýta ýüze çykýar.

Bu habarlaryň fonunda türkmen häkimiýetleri döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelýän azyk nobatlaryna gözegçiligi hem güýçlendirýärler. 20-nji aprelde Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy döwlet dükanlaryna ertesi güni üçin nobata ýazylmaga agşamara baran adamlary polisiýa işgärleriniň dargadýandygyny habar berdi.

Şeýle-de, geçen hepdäniň başynda Baýramaly şäheriniň kanun goraýjy edaralarynyň resmileriniň tamdyrda nan bişirip​ satýan adamlary tussag edip, olary soraga çekip başlandygy barada habarlar peýda boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.