Türkmenistanyň paýtagtynda ilatyň esasy ulanýan azyk önümleriniň gytçylygy barha ýitileşýär, alada galan adamlar daňdan gelip, bazarlarda nobata durýar.
Şu gün, 11-nji aprelde irden Aşgabadyň Teke bazarynda ösümlik ýagy, towuk budy we towuk satuwa çykaryldy, emma derrew gutardy diýip, Azatlygyň habarçysy Aşgabatdan habar berdi.
Adatça bolşy ýaly, ösümlik ýagynyň we towuk etiniň satuwa çykarylmagy uzyn nobatlaryň döremegine sebäp boldy.
“Adamlar ir sagat 5-de gelip, ýag we towuk satyljak nokatlarda nobata durdylar, harytlary sagat 9-da satyp başladylar” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu önümler bazaryň içinde bäş nokatda satyldy, emma muňa garamazdan, her nokatda ýüzläp adam nobata durdy.
Ilki satuwa ösümlik ýagyny we towuk butlaryny çykardylar, soňundan bolsa, her söwda nokadyna iki halta towuk getirildi.
Ösümlik ýagy ilki gutardy, soňra towuk aýaklary gutardy, iň soňunda olary her adama ýekeden satdylar diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, satuwa çykan ýag we towuk eti sagat 9:15-de doly satylyp gutaryldy. Şondan soň adamlar dargady.
Şeýle-de habarçy hususy adamlaryň satýan çöreklerine edilýän gözegçiligiň örän berkidilendigi, üstesine "un gytçylyghynyň hem barha beter ýakasyny tanadýandygyny" aýtdy.
“Teke bazarynda bary-ýogy iki ýerde çörek satylýar, ozallar hususy çörekçiler ir sagat 5-den başlap çörek getirerdiler” diýip, çörek satýan aýal Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
“Emma häzir diňe bir çörekçi çörek getirýär, galanlary, un bolmansoň, çörek bişirmelerini bes etdiler” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.
Türkmenistanyň ilaty tamdyrda bişirilip, hususy adamlar tarapyndan satylýan çöregi gowy görýär.
Türkmenistan ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigini, her ýyl ýokary derejede bugdaý hasylynyň alynýandygyny, daşary ýurtlara eksport edilýän azyk önümleriniň möçberleriniň artdyrylýandygyny aýdýar.
Emma muňa garamazdan, koronawirus aladalar sebäpli girizilen hereket çäklendirmeleri, goňşy ýurtlar bilen aradaky serhetleriň ýapylmagy Türkmenistanda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň içerki bazarlary üpjün etmek üçin ýeterlik däldigini görnetin aýan etdi diýip, anonimlik şertinde gürleşen söwda işgäri Azatlyk radiosyna aýtdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleli bäri iki oba hojalyk reformasyny yglan etdi we daýhanlaryň önüm öndürmekleri üçin ähli şertleriň döredilendigini tekrarlaýar. Ýöne ýerli synçylar döwletiň daýhanlaryň "el-aýagyny boşatmalydygyny", olara ýer-suw hem-de erkinlik berilmese, ýurtdaky azyk gytçylygynyň soňunyň gelmejekdigini öňe sürýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.